Arkadagly döwrüň Gahryman şahyry

    Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň şygryýeti hakda söhbet
    Şeýle bir şahyrlar bolýar. Olar özleriniň ajaýyp eserleri bilen diňe bir okyjylaryň kalbynda orun almak bilen çäklenmän, tutuş bir döwrüň waspçysy derejesine göterilýär gidiberýärler. Beýle uly ykbal her bir ýazyja-şahyra nesip edenok. Ol diňe ýanyp ýazyp, ýazyp ýanyp, bu eziz Watanyň, külli halkyň ykbaly bilen ykbaldaş bolýan seýrek adamlara miýesser edýär. Bu ýazgylary okamak bilen, gürrüňiň kim hakynda gitjekdigini mähriban okyjylar eýýäm aňlan bolsalar gerek. 
    Hawa, gürrüň Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Arkadagly döwrüň halypa şahyry derejesine göterilen şahyr Gözel Şagulyýewa hakynda barýar. Elbetde, şeýle uly şahsyýet hakynda söhbet etmegiň, ol hakda waspnama äheňli makalany ýazmagyň ýeňil wezipe däldigini boýun almagymyz gerek. 
    Maňa Gözel halypa bilen Mary welaýatynyň «Maru-şahu-jahan» (öňki «Lenin baýdagy») gazetiniň redaksiýasynda telim ýyllap bile işleşmek miýesser etdi. 1974-nji ýylda redaksiýa işe gelenimde, Gözel Şagulyýewa eýýäm adygyp ugran şahyrdy. Onuň inçe lirizme, zenan näzikligine ýugrulan goşgulary welaýatda we paýtagtda neşir edilýän gazet-žurnallarda yzygiderli çap edilýärdi. Onuň goşgulary eýýämden okyjylaryň kalplaryny eýeläp ugrapdy. Özümem goşgy ýazmak pişesine ulaşamsoň, Gözel Şagulyýewanyň şygyrlary ýüregime has ýakyndy. Gazetiň şol wagtky baş redaktory, şahyr Tagan Söhbedow, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň welaýat boýunça şol wagtky jogapkär kätibi, şahyr Ata Abdyrahmanow we Gözel Şagulyýewa üçüsi üç ýerden maňa halypaçylyk edýärdiler. 
    Aýratyn-da Gözel halypanyň kömegi uludy. Gazetiň medeniýet bölüminiň müdiri bolansoň, ähli goşgy-gazala onuň özi serenjam berýärdi. Maňa bolsa goşgy ýazmagyň ýeňil pişe däldigi barada häli-şindi sargar ýörerdi. 
    — Senden bir zat çykjak. Sen arkaýynçylyk etme-de, basa oturyp, köpräk işle, köprägem oka! «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýipdirler diýerdi. 
    Gözel Şagulyýewanyň şahyr hökmünde il içinde ir adygandygyny şeýle bir ýatlamanyň üsti bilen beýan edip biljek. 1977-nji ýylda maňa Gözel bilen bir toparda Tagtabazar etrabynda döredijilik saparynda bolmak nesip etdi. Biz etrap ýolbaşçylarynyň hemaýat bermegi bilen, obalara, mekdeplere baryp, uly märekäniň öňünde gürrüň bilen, goşgy-gazal bilen çykyş edýärdik. Duşuşygy alyp baryjy biziň toparymyzdakylary gezekli-gezegine ilat bilen tanyşdyrýardy. Şonda Gözel halypanyň eýýäm meşhurlyga eýe bolanyna göz ýetirip galdym. 
    — Indi bolsa şahyr Gözel... diýlip, onuň familiýasy agzalmanka, millet el çarpyp başlaýardy. Elbetde, beýle meşhurlyk ýaşlyk ýyllarynda her kime ýetdirip duran zat däldi. Gözel bolsa bu ýagdaý hakynda pikirem etmän, mylaýymlyk, şonuň bilen birlikde kalbyňa ornaýjylyk bilen goşgy okaýardy, adamlaram el çarpýardy. Ol şeýdip, uly şahyr hökmünde öňe çykypdy. Onuň goşgulary söýgä ýugrulan mukam ýaly kalplary eýeleýärdi. Bu ýagdaý hakynda ol «Söýgi mukamy» atly irki goşgusynda şeýle diýýär: 
    Gözel diýlen durşy bilen mukamdyr, 
    Habar kylar şu gününden, düýnünden. 
    Söýgüsi sil — akaryna gurbandyr, 
    Ýitse tapyň, şol derýanyň düýbünden. 
    Hawa, şahyr mamla. Onuň goşgulary, onuň kalby durşy bilen owaz-mukam. Şol owaza kökerilen okyjy bolsa Gözeliň şygryýetine lükgeligi bilen berilýär. Soňra şol söýgi mukamy şahyryň bütin dünýäsini gaplap alyp, ony uly dünýä bilen müdimilik dahylly etdi oturyberdi: 
    Ýoly agyr, aglamaly, 
    Düwmeler gerekdir saňa. 
    Entek-entek ýaşamaly, 
    Dünýäler gerekdir saňa... 
    Şeýdip, dünýä bilen garylyp-gatylyp, poeziýa muşdaklarynyň köňlüni eýeläp, Gözel Şagulyýewa özüniň uly şahyrlaryň öňbaşçysydygyny ykrar etdirdi we şondan soňky döwrüň içinde munuň hakykatdan hem şeýledigini edebiýat äleminde subut etdi. Öndümli we hyjuwly işlemegiň netijesinde onuň çuňňur duýga ýugrulan goşgulary diňe bir döwürleýin neşirlerde däl-de, yzly-yzyna özbaşdak kitap edilip çykarylmak bilen, okyjylaryň söýüp okaýan şygryýet bossanyna öwrüldi. «Elbukjam», «Men — garagumly», «Altyn gupba», «Bu ýyllar», «Söýgi mukamy» ýaly goşgular kitaplary yzly-yzyna çap bolup, şahyryň şygryýet äleminiň belent binýadyny tutdy. 
    Mukaddes Garaşsyzlyk şahyra uçar ganat berdi. Şahyryň şygyr akabalary lummurdap akýan tereň derýa öwrüldi. Onuň şu topraga, şu Watana bolan söýgi bady egsilmejek çyrpynýan sillere çalym edýär. Aýratynam, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri şahyryň çyrpynyp duran zehinini möwçli sillere atardy. 

    Galkandyryn, gala bolup galaryn, 
    Dagyňy-düzüňi bagra basaryn. 
    Saňa, 
             Arkadaga, 
        şudur kasamym, 
    Sen meniň Watanym, 
    meniň Watanym! 
    
    diýýän şahyr özüni şu Watanyň, şu topragyň perzendi hasaplaýar. Şahyr bu beýik Watany Gahryman Arkadagymyz bilen ýeten belent bagtynda görýär. Hut şonuň üçinem onuň Watan hakyndaky goşgusy Gahryman Arkadagymyz hakynda, Gahryman Arkadagymyz hakyndaky goşgusy bolsa Watan barada bolup, ýaňlanyp dur. 

    Kuwwatly Diýaryň gurbata berýä, 
    Joş urýan, gursagym derýadyr, derýa, 
    Beýgelmegi belentlikler göterýä, 
    Zemin Saňa, 
    asman Saňa, Arkadag! 
    
    Şahyryň Watan bilen Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüsi, sylag-sarpasy, hormaty egsilmezdir. 
    Bu sonarly sähralardan, 
    Özüň seleň, Arkadag! 
    Däli silli derýalardan, 
    Özüň tereň, Arkadag! 
    
    Bu maýsaly bossanlardan, 
    Özüň erem, Arkadag! 
    Geriş-geriş bu daglardan, 
    Özüň kerem, Arkadag! 
    diýýän şahyr Gahryman Arkadagymyzy şu sonarly seleň sähralardan, möwçli derýalardan, ol keremli daglardan üzňe göz öňüne getirmeýär. Onuňam ýekeje, hem uly sebäbi bar. Şu gülleýişleriň, şu ajaýyp durmuşyň sakasynda parasatly Prezidentimiz dur. 
    Gözel Şagulyýewanyň döredijiliginden ajaýyp döwrümiziň sesi, ruhy bolup ýaňlanýan şygyrlary näçe mysal getirseň getiribermeli. Ol öz Watanyna, şu topraga örki baky baglanan şahyr. Bu günki günde onuň her bir eseri, her bir setiri ata Watanyň, mähriban Arkadagymyzyň belent waspy bolup ýaňlanýar. Durmuşa, iň mähriban adamlaryna bolan möwçli söýgi bolsa şygyr bolup gursagyny joşdurýar. 
    Şahyryň «Göwün otyr Aý içinde» atly saýlanan eserlerinde ýerleşdirilen ajaýyp goşgularyny «Ynam» atly kiçijek goşgy jemleýär: 
    Men hiç wagt gidip bilmen, 
    gitmek üçin gelmedim, 
    Men hiç wagt ýitip bilmen, 
    ýitmek üçin gelmedim, 
    Bu dünýäge gelenleriň, 
    biridirin çyny bilen, 
    Münen atym agdarmasa, 
    durar gyljym gyny bilen. 

    Başym silkip batly barýan, 
    bolmaz meniň soňky demim, 
    Dünýälermi durlar gider, 
    şygyrlarma siňen heňim. 
    Asman ýyldyzlary dogup, 
    munda gara ýer ýaşasa, 
    Eşiderler, 
                eştdirerin, 
                   geler durar meniň sesim... 
    Ynha, şahyr ömrüň manysyna, dünýäniň agyp-dönmesine, şu Zeminde gadam urup ýören ynsan ähliniň mukaddes borjuna şeýle garaýar, diňe garanogam-da, ony bütin şahyr kalby bilen kabul edýär. 
    Meniň elimde şahyryň öz eli bilen ýazan setirleriniň ýazgysy bar: «Şygryýet älemine düýpsiz söýgim bilen berildimmikäm, geldimmikäm diýýän, onsoňam muny meniň özüm kesgitlänimden, okyjylar kesgitlese gowy». 
    Elbetde, okyjylar ony aňryýany bilen kesgitlediler. Olar Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewany bu günki günde şahyrlaryň halypasy hökmünde görýärler. Çünki okyjylar bütin ömrüni şygryýet ýaly gudratly güýje, Watana, Gahryman Arkadagymyza, il-halkymyza bolan belent söýgä bagyş edýän meşhur şahyry arzylap söýýärler. 
    Bizem döredijilik dünýäsi ýaz ýaly ýakymly ajaýyp şahyra mundan beýläk-de gülleýişleri köňle getirmek bilen, oňa ynsan ömründe mukaddes gowulyklary arzuw edip, Gurbannazar şahyryň dili bilen «Ýollaryň ak bolsun, uzaga gitsin» diýýäris.