Mekgejöweniň peýdasyny bilýärsiňizmi?!

    Gadymy döwürde mekgejöwen Meksikanyň ýerli ilatynyň esasy iýmiti bolupdyr.
     Mekgejöwende Mendeleýewiň himiki elementleriniň 26-sy jemlenýär. Ol duzlanan ýagdaýynda hem öz durkuny ýitirmeýär. Aşgazanda bolsa çalt siňýär. Şol sebäpli hem bu ösümlik bilen iýmitlenýän adamlar özlerini gowy duýýarlar.
     Meksikalylar häzirki wagtda bir ýylda adam başyna ortaça 90 kilograma golaý mekgejöwen iýýärler.
     Häzirki wagtda Ýer ýüzünde mekgejöweniň 1000-den gowrak görnüşi bar.
     Biz mekgejöweniň dänesiniň sary, agymtyl reňkli görnüşleriniň bardygyny bilýäris. Bulardan başga onuň gyzyl, syýa reňk ýaly görnüşleri hem bar. Onuň düzümi kaliý, magniý, kalsiý we demir maddasyna hem baý. Galyberse-de, ol uly ýaşdaky adamlar üçin hem peýdalydyr. Bu ösümlik uly ýaşdaky adamlaryň bedenine gerekli witaminleri bermek bilen çäklenmän, gandaky holesteriniň derejesini kadaly ýagdaýda saklap bilýär.
     Mekgejöwen adam bedeniniň garrama alamatlaryny haýalladýar.
     Mekgejöweniň gulpagy hem örän köp mukdarda witaminlere eýedir.
    Senagatda mekgejöwenden derman, plastik ýaly zerur harytlary işläp taýýarlaýarlar.
    Eger täze bişip ýetişen mekgejöwen 5-6 sagadyň dowamynda ulanylmasa, onda onuň düzümindäki şekeriň ýarysy ýitip ýok bolýar.