Şüdügär sürümi soňky atyzlarda

    Ýurdumyzyň iri gallaçylyk etraplarynyň biri bolan Görogly etrabynyň gallaçy kärendeçileri «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ak ekiniň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Etrap boýunça güýzlük bugdaýdan boşan 15000 gektar meýdanyň aralyk ekin ekilen ýerlerinden galan atyzlaryň agramly böleginde şüdügär sürümi geçirildi. Bu ugurda etrap boýunça dürli kysymly traktorlaryň 29-sy öndürijilikli işledilýär. Şüdügär sürümi geçirilen ýerlerde ýeňil tekizleme, çil çekmek işleri gyzgalaňly dowam edýär.
    Etrap boýunça güýzlük bugdaýdan boşan ýerleriň 470 gektary mäş, noýba, künji, käşir ýaly aralyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanyldy.
    Şu günler etrabyň ähli ýerlerinde bugdaýdan boşan atyzlarda gyzgalaňly zähmet möwç urýar. Kärendeçiler soňky atyzlary arassalamak, şüdügär sürümini geçirmek, ýeňil tekizleme, çil çekmek işlerini aralyk ekinleriň işleri bilen utgaşykly alyp barýarlar.