Garagum sährasynyň Tümi

    Birki ýyl mundan ozal ýaz günleriniň birinde gezelenç bolsun diýip çöle gitdik. Irgözinden irkilip gözümiň awusyny alanymdanmy, nämemi, baran günümiziň birinji güni gijagşamdan soň oňly ukym tutmady. Çalmaryň içinde ýatan ýerimden kellämi galdyrsam, ýoldaşlarymyň hemmesi ýatypdyr. Ortarada ýakylan ot bireýýäm öçüp köze durupdyr. Men az-owlak odun alaýyn diýip daşaryk çykdym. Yns-jyns ýok. Iniňi düýrükdiriji sessizlik. Çölüň bu ümsümligini diňe közüň üstüne oklanan ojar odunlarynyň şytyrdysy bozýardy. Şu zeýilli sessizlikde pikir öwürmegiň özi ýakymlydy. Men şol wagt ertir gidip görjek ýerimiz bolan Tüm hakynda pikir öwürýärdim. Çarwalar Tüme «Çaganam» diýýärler.
    Ertesi ir bilen ýola düşdük. Maşynly bir sagadrakdan gowrak ýol geçendiris. Ahyry bir beýik depäniň üstüne çykyp togtan maşyndan ýolbeledimiz Gyşşanyň sesi eşidildi: «Ine, şu ýerden Tüm başlanýar. Mundan aňyrlygyna gider otyr» diýenden, men maşynyň nowasyndan böküp düşüp, iküç ädimlikde ösüp oturan ot-çöpleriň adyny sorap ýetişdim: sarysolmaz, garaýapban, gyzyldüýp... Biz şeýdip kä ýerde durup, daş-töweregimizi synladyk. Bu ýeriniň beýikli-pesli depeleri daglary ýatladýardy. Şeýle täsin görnüşi synlap durşuma: «Wah, bu ýerlerde gezen ýaşuly çopanlaryň gürrüňini diňlesek başgaça bolardy» diýip, göwün ýüwürtdim... Indiki gezek gelsem hökman...
    Indiki gezek diýen günümden bäri iki ýyl geçdi. Özboluşly tebigaty bilen meni gozgalaňa salan Tüme ýene bir ýola gitmeklik heniz-ä başa baranok. Ýöne Tümüň özümde goýan şojagaz täsirini ýazmak pikiri welin «günüme» goýmady. Bu täsin ýer hakynda özüm gürrüň bersem-ä, bärden gaýtjak. Şeýle bolansoň ahyry goja dostum Eýeberdi aganyň ýanyna geldim. Ol hemişekisi ýaly, paýhasly, giňgöwrümlidi. Göwnüme bolmasa, öňki gelip-gidenimden azajyk garran ýaly. Zol-zol gelip, hernä ýüregine düşýän däldirin-dä diýen içki pikirimi ýaňzydamda ol:
    — Wah, jan ogul, siz şeýdip idäp gelýäňiz welin, men-ä begenýän. Soralyp durulsaň, oňa ýetesi zat ýok. Onsoňam üýtgeşik bilýän zadymyz bardyram öýdemok. Şu zatlar barada aýdanymda, özümem şo-ol geçen günlerime dolanaýýan — diýip, gürrüňini dowam etdi:
    — Indi seredip otursam, çopan-çoluk bolup Garagumda ýarym asyra golaý wagt gezipdiris. Eslije ýerini paý-u-pyýada geçdik. Garagumuň özi bir aýratyn dünýe-le. Öz düzgüni, öz kada-kanuny bar. Isle goýun bakyp gez, isle ýaşa, tapawudy ýok. Şo düzgüne hem boýun bolup, dilini tapsaň bolany. Dilini tapman çala gyşarsaň, ol saňa dözäýer. Şu ýerde bir zatjagaz aýdaýyn. Ýaldyrak ýyldyzy awgustda dogýar-da. Şondan soň gijelerine howa hasam sowap ugraýar. «Aý, tomus-la, zat bolasy ýok» diýmeli däl. Tomsam bolsa Ýaldyrakdan soň, çölüň tebigatyndan hemme zada garaşybermelidir. Ýa bolmasa, azaşdyň diýeli. Näme kän, uly-uly sazakdyr ojar kän. Gowuja syn etseň, şolaryň yk tarapyna gumjagaş üýşýändir. Kebelejikdir beýleki mör-möjeklerem görersiň. Ýele tarapyna geçseň welin şordur. Gatydyr. Şondan ugur alaýmaly. Men bu zatlary dilini tapmaly diýen sözlerimi delillendirmek üçin aýdaýdym.
    Indi seň Tüm diýýän ýeriňe geleli. Bu ýerlerini çoluk wagtymyz görüpdik. Indi Tümde goýun bakyp gezen çopanlaram galmady. Ýöne häzirem-ä birlän-ikilän şol ýerde goýun bakyp gezýänler bar diýýärler. Tümüň özüne barsak, saňa gürrüň-ä tapylar welin. Ýöne men saňa bolanjasyndan ikagyz gürrüň edip bereýin. Bu ýeriniň ady biz özümizi bilelimiz bäri şeýledi. Adynyň nämeden galanyny biljek däl. Ýöne munda bir inçe hasap bolmaly öz-ä. Bolmasa Garagum diýip, Tüm diýip tapawutlandyrmazdylar.
    Tüm diýilýän ýer Harjagazdan başlap, tä Akmolla çenli barýar. Bu ikisiniň aralygam hanhajykga diýer ýaly däl. Tümüň gutaran ýerinden Üňüz başlaýar. Gadymy Uzboýuň akan ugry. Üňüz gutararam welin, ondan aňryk tutuşlygyna gyr bolup gider.
    Tüme baryp gören bolsaň, sap gazan düňderilen ýaly depeler bolup durandyr. Ine, Tümüň esasy täsinligi şundadyr. Depe-oý bolup duransoň, ir bilen erkek düýeli ugran adam Gün ýaşyp barýanam bolsa «hanha» barýandyr. Bärde goýun bakmagam gaty kyn. Garagum ýa-da gum diýýän ýerimiz endigan tekiz bolýar. Ýaýrap gezip ýören goýunlaryň gözüň alnynda.Şonuň üçinem gumda goýun bakyp gezmek çopan üçin aňsat. Goýun janawar depäňi-düzüňi bilýärmi?! Eňip barýar. Tümde bolsaň goýunlar depelerden aşak inensoň, olary görjek gümanyň barmy?! Ana, onsoň «şu ýerdedir-dä» diýip, yz çalyp, beýleki edip bakylýar. «Tüm hakyky çopany saýlaýar» diýlen gep ýöne ýerden döränok. Ýene bir täsin zady bu ýeriniň çägesi haşdaň — boş bolýar. Ojak gazynyp, nahar-şor edineýin diýseň, tüýs görgiň bar. Ýeňil çäge bolansoň, goýunlaryň aýaklary gidip durandyr. Bu ýerlerde aýaklary uzyn, berdaşly türkmen goýunlary gezip bilýär. Garaköli goýunlar gezip bilmez. Şu bir ýeli bardyr welin, ýatmaz. Arasynda ýatan ýaly eder, ýene başlar. Mydama ýel-şemal bolup duransoň, iri çöpleri oňly ösübem bilenok.
    Tomsuna bijaý yssy bolýar. Gyşyna-da gaty sowuk. Bu ýere Garaguma garanyňda ygal köp düşýär. Ýaz aýlary-ha Garagumda gezýäň. Owlak-guzular bilen Tümde gezmek agyr. Ýazky guzular tokly-toram çykansoň, güýz aýlary Tüme bararsyň. Bardy-geldi ýyl guragrak gelip, gumuň oty ýukarak bolsa, Tümüň samany diýlip gidilýär. Gyraw düşüp ugraram welin, Tümden gaýdarsyň. Bir gezek kakamyň ýanynda — Tümdedik. Duýdansyz gelen sirgek gara «tutulaýdyk». Goýun süriňi nädip saklamaly? Kakam şonda: «Ýanyp duran oduňy söndürme, gitjek ýeri bolmaz» diýdi. Menem ody güýçlendirip, söndürmän sakladym. Kakamam taýagy bilen süriniň arkasynda. Şeýdip sirgekden aman galan gezegimiz boldy.
    Tüme barsaň agaç-çöplerem üýtgeýär. Sazagy gumuňky ýaly gaty ýogyn bolanok. Ýöne gyrymsyrak bolýar-da, içem boş bolýar. Portdur, gowşakdyr. Towşany hem gyzylymtyl öwsüp durandyr. Gum towşanynyň reňki ondan açygrakdyr. Biz çolukkak gara towuga-da gabat gelerdik. Gözleseň häli-häzirem bardyr.
    Tümüň deridaş diýip bir daşy bar. Muňa başga ýerde gabat gelmersiň. Deri eýlenensoň ady şondan galan bolmaly. Oňa başgaça kepez diýýänlerem kän. Tümde kepezli gollar gaty köpdür. Özüňem görensiň ony. Hawa, hawa. Uzakdan seretseň depeleriň ýüzünde aksowult bolup durandyr. Şony közüň üstünde ýakyp, soňam suwly gabyňa oklarsyň welin, durnaň gözi ýaly eder. Ony biz hemişeler kakyň bulanyk suwuny durlamak üçin ulanardyk. Indi ulanýarlarmy, biljek däl. Diňe bir kak suwy däl, islendik bulanyk suwa...
    Tümli gürrüňimiziň şu ýerine gelenimizde, gürrüňdeşim birsalym dymaýdy. Men gojany ýadadaýdymmykam müýni bilen onuň ýüzüne seretdim. «Şu günlükçe bolar» diýlen manyny aldym. Mundan soň sowal bilen azara goýmak gerekmi?! Elbetde ýok. Megerem, ol häzir geçen günlerindäki ýatlamalaryna gümradyr. Belki-de, başga zat... Näme bolanda-da oňa häzir ýekelik tapylgysyz em bolaýjak ýalydy...