Ýaş zehinler

    Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi zehinli çagalaryň jemlenen ýeridir. Bu ýere gatnaýan çagalar bilen tejribeli tälimçileriň işlemegi bolsa olaryň kämilleşmegine uly mümkinçilik döredýär. Tälimçileriň köpüsi halkara ýaryşlarynyň ýeňijileridir. Ýakynda küşt, şaşka we düzzüm boýunça bu mekdebiň Kubogyny almak ugrunda geçirilen bäsleşikde zehinli çagalaryň birnäçesi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi. Şolaryň biri-de Merjen Batyrowadyr.
    Dogrusy, Merjeniň adyny öňem eşidýärdik. Ol ýurdumyzyň hem-de halkara ýaryşlarynyň birnäçe gezek ýeňijisi bolmagy başaran türgenleriň biri. Merjen küşt tagtasynyň öňüne ilkinji gezek alty ýaşynda geçendigini aýdýar. Oňa atasy tälimçilik edipdir. Merjen häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki 36-njy orta mekdepde okaýar. Ol bu mekdepde küşt boýunça Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewden tälim alýar. Merjen 2015-nji ýylda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempionatynda 12 ýaşly gyzlaryň arasynda birinji orna mynasyp bolýar. Şeýle ýeňşi 2017-nji, 2019-njy, 2020-nji ýyllarda hem gazanýar. Ýurdumyzda eýe bolan üstünlikleri onuň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna-da ýol açýar. Ol 2018-nji ýylda Moskwa şäherinde görnükli küştçi Mihail Botwinnigiň hatyrasyna geçirilen Kubok ýaryşynda 3-nji orny eýelän toparymyzyň düzüminde çykyş edýär. 2019-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Aziýanyň çempionatynda 15 ýaşly gyzlaryň arasynda küştüň çalt oýnamak görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde kümüş medala mynasyp bolýar. – Okuwdan boş wagtlarymy küşt bilen meşgullanmaga sarp edýän. Atamyň aýdyşy ýaly, küşt sapaklaryňa ýetişmegiňe, ýüze çykýan sowallardan baş alyp çykmagyňa hem ýardam edýär. Mähriban Arkadagymyzyň atalyk aladasy bilen ýurdumyzda biz ýaşlar üçin ylym-bilim almaga, saýlap alan sport görnüşlerimiz bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Bize diňe okamak, sport bilen meşgullanaýmak galýar. Döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin Mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys – diýip, Merjen Batyrowa buýsanç bilen aýtdy. 
                                        * * * 
    Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebine gatnaýan şeýle zehinli çagalaryň ýene biri Ahmet Köşiliýewdir. Ol bizi ilkibaşda çepiksizje göwresi bilen özüne çeken bolsa-da, soňlugy bilen gazanan üstünlikleri bilen haýran galdyrdy. – Ahmet 2019-njy ýylda şaşka boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda birinji orny eýeledi – diýip, onuň tälimçisi Akmyrat Hemraýew belleýär. – Şonda 2010-njy ýylda doglan türgen 12 ýaşly oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşa goşuldy. Onuň garşydaşlarynyň arasynda özünden üç ýaş uly oglanlar hem bardy. Ýöne ol geçirilen on oýnuň ählisini hem ýeňiş bilen tamamlady. Ahmet atasy Işanberdi aganyň göreldesine eýerip, şaşka oýnuna imrigýär. Dogany Dawut bilen bäsleşýär. Atasy ony alty ýaşynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebine getirýär. Akmyrat mugallym Ahmediň eýýäm mekdebe geleninde şaşkadan köp zatlary bilýändigini gürrüň berdi. Ahmet Köşiliýew Aşgabat şäheriniň 48-nji orta mekdebinde okaýar. Okuwyndan boş wagtlaryny türgenleşiklere sarp edýär. Ol birnäçe gezek Aşgabat şäheriniň birinjiliklerinde öňdeligi eýeledi. – Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen mekdebimizde çagalar üçin aň-paýhas oýunlarynyň birnäçe görnüşinden tälim almaga mümkinçilik döredilendir. Çagalaryň ählisi-de bu ýere gelenlerinde wagtyň nähili geçendigini hem duýmaýandyklaryny aýdýarlar. Şaşka boýunça guralýan okuw sapaklarymyz, bäsleşiklerimiz hem uly şatlyk-şowhuna, gyzyklanma eýe bolýar. Gürrüňini edýän ýaş türgenimiz Ahmet bolsa ähli ýaryşlarda hem öz ezberligini görkezýär. Nesip bolsa, Ahmet Köşiliýewiň diňe bir ýurdumyzda däl, halkara ýaryşlarynda hem netijeli çykyş etjekdigine ynanýarys – diýip, Akmyrat mugallym öz ýürek buýsanjyny biz bilen paýlaşdy. Hawa, türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyz sport ýurduna öwrüldi. Ýaşlaryň köpçülikleýin sporty saýlamagy bolsa durmuşa geçirilýän sport syýasatynyň oňyn netijesidir.