Geliň, saglymyzy goralyň!

    Adamyň hemmetaraplaýyn ukyply hem-de kämil beden saglygynyň, on iki süňňüniň abat bolmagy üçin ruhy sagdynlyk zerurdyr. Saglygy gorap saklamak we pugtalandyrmak her bir adamyň jemgyýetiň öňündäki borjudyr. Saglyk öz-özünden saklanylmaýar. Ol adamyň bütin ömrüniň dowamynda örän ünsli alada edilmegine mätäçdir.
    Her bir ynsanyň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy hem beden saglygyny goramak üçin terbiýe ulgamynyň ylmy esasda ýola goýulmagy zerurdyr. Beden sagdynlygy üçin ilkinji nobatda synalaryň tämiz bolmagy möhümdir. Munuň üçin çagalyk döwründen başlap wagtly wagtynda ýuwunmagyň hususan-da çagalara el-ýüzüni sabynlap ýuwmagy endik etdirmegiň ähmiýeti uludyr. Hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmekde, ruhy hem-de beden saglygyny kemala getirmekde ýurdumyzda tutumly işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýşyň milli ulgamy raýatlaryň ruhy-paýhas sagdynlygynyň, beden berkliginiň goragly bolmagynda uly jogapkärçilik çekýär.
    Ilatyň saglygyny goramak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak baradaky alada döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan işleriniň esasynda goýulýar.
    Ilatyň ruhy hem beden saglygyny goramak, saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, ynsanyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitleýän resminamalaryň biri hem «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamadyr».
    Bu resminamada ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ilata edilýän psihiatrik kömegi guramagyň we mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ýörelgeleri bellenildi. Onuň esasy ýörelgesi ýurduň her bir raýatynyň psihiki saglygyny goramakdyr we oňa hemaýat etmekdir. Ilatyň psihiki saglygyny maksatlaýyn berkitmek, keselçiligiň derejesini birsyhly azaltmak, berilýän saglygy goraýyş kömeginiň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak biziň baş wezipämizdir.
    Dünýä derejesinde psihiki keselleriň döremegine getirýän howplaryň garşysyna göreşmek döwletleriň baş wezipelerinden birine öwrüldi. Bilermenleriň gelen netijelerine görä, adamyň ýaşaýyş-durmuşynyň, onuň özüni alyp barşynyň, saglygyna garaýşynyň medeniýetini ýokarlandyrmak, zyýanly endiklerden saplamak we sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça ylmy bejergini, anyklaýyş ulgamynyň düýbünden täze görnüşini döretmeli.
    Ýurdumyzda ýaşlaryň ruhy sagdynlygyny goramakda orta, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, harby bölümlerde wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Edara-kärhanalarda pudagara meýilnama esasynda, ýörite lukmanlaryň (psihiatr) gatnaşmagynda wagyz-nesihat edilýär. 2012-nji ýyldan bäri Saglygy goraýşyň habarlar merkezinde, paýtagtymyzdaky 4-nji, 9-njy saglyk öýlerinde hem-de welaýatlarda neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezlerinde «Ynam» merkezi we «Ynam» telefony hereket edýär.
    Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň hünärmenleriniň, Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmanlarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleriniň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda 2018-nji ýylda paýtagtymyzdaky 28-nji we 84-nji mekdeplerde «Sagdyn, berk maşgala» okuw sapagy guraldy. Geçen ýylyň ahyrynda bolsa, Aşgabat şäheriniň 84-nji, 85-nji, 89-njy we 90-njy orta mekdeplerinde «Sagdyn, berk maşgala» maksatnamasy boýunça ene-atalaryň we 10-14-ýaşly çagalaryň arasynda 7 hepdelik okuwlar guraldy. Okuwlaryň dowamynda ýaşlara beden we ruhy sagdynlygy, sussupeslik ýagdaýlary, maşgala gymmatlyklary, zyýanly endikleriň ýetginjekleriň bedenine oňaýsyz täsiri barada wideoşekilli materiallaryň hem-de dürli oýunlaryň üsti bilen giňişleýin habar berildi, şeýle-de ýaşlaryň esasy güýmenjeleri bolan smartfonlara we kompýutere köp wagtyny sarp etmegi netijesinde uky ýetmezçiligine sezewar bolýandyklary düşündirildi. Uky ýetmezçiligi ýetginjekleriň bedeniniň fiziki we ruhy ösüşini peseldýär, gylyk-häsiýetini üýtgedýär, pikirlenişini bozýar, sapaklaryna ýetişigini gowşadýar, ata-eneleri we mugallymlary, deň-duşlary bilen gödeksi gürleşmegine getirýär.
    Döwletimizde ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakda, şeýle-de Watanymyzda sporty goldamakda, ilatyň saglygyny berkitmekde, türkmen sportuny dünýä derejesinde ýokary götermekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Adamlar tutuş ömrüni geljegiň ýagşy umytlary, nesliniň bagtyýar bolmagy üçin çekýän zähmetiniň netijesi, yhlasy bilen ýaşaýarlar. Her bir adam ömrüniň dowamynda uly işleri bitirip, özünden ýagşy at galdyrmaga jan edýär.