Türkmenistanyň hemişelik BITARAPLYGY: Ählumumy parahatçylygyň we agzybirligiň hatyrasyna

    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Türkmen Bitaraplygy, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmek, ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmek, ähli halklaryň arasynda özara düşünişmegi ýola goýmak üçin ygtybarly kepildir.
    Türkmenistan sanlyja ýyllaryň içinde dünýä ýüzüne öz saýlap alan ýolunyň ösüşe ýetirýändigini görkezmegi başardy. Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerini — özygtyýarlylygy, parahatçylyksöýüjiligi, agzybirlik döredijiligi, özara ynanyşmagy hem belent maksatlary nazarlamagy özünde jemleýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň ýoludyr. Döwletimiziň Garaşsyzlyk hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň aýratyn oňyn häsiýeti olardan gelip çykýan wezipeleriňdir maksatlaryň milli ýörelgelerimize laýyklygyndadyr. Bu günki gün halkymyzyň milli ýörelgelerine laýyk gelýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmaty dünýä ýüzünde ykrar edilýär.
    Üstümizdäki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 25 ýyl dolýar. Bu çärýek asyryň dowamynda ýurdumyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä ýüzünde agzybirligi pugtalandyrmaga, parahatçylygy berkitmäge, ynanyşmagy ösdürmäge ýokary derejede goşant goşýandygyny görkezýän giň gerimli işleri durmuşa geçirdi. Şol işleriň özeninde dünýä döwletleri, hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygynyň Ýer ýüzündäki ýurtlaryň her bir ýaşaýjysyna parahatçylyk hem bagt getirýändigine göz ýetirdiler. Şonuň üçin-de 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa iki gezek kabul edildi. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde, 73 döwletiň awtordaşlyk etmeginde, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek başlangyjy biragyzdan goldanyldy.
    2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir ýola tassyklaýan waka boldy. Bu resminamada ýurdumyzyň geçen ýyllaryň dowamynda bu ugurda toplan tejribesiniň möhümdigi görkezilýär. Şol ýyllaryň içinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda, netijeli gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde ähmiýetini äşgär etdi. Şonuň bilen birlikde, bu halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan     Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen ýokary bahadyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk bähbitleri utgaşdyryjy, howpsuzlygy üpjün ediji, hoşniýetli gatnaşyklara we ösüşlere bolan islegleri jebisleşdiriji halkara-hukuk guraly bolup, adamzat bähbitlerine, täze başlangyçlara giň ýol açýar.
    Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hiç bir ýurduň içerki işlerine gatyşmazlygy, dünýäde ýüze çykýan meseleleri diňe diplomatik ýollar bilen çözmegi, harby we syýasy toparlanyşyklara ýa-da guramalara agza bolup girmezligi we beýlekileri göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda Bitaraplyk we parahatçylyk düşünjeleriniň özboluşly arabaglanyşygy açylyp gözkezilýär. Onda türkmen Bitaraplygynyň many-mazmuny şeýle beýan edilýär: «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň esas goýujy düzgünleri şulardyr: parahatçylygy söýüjilik, beýleki döwletleriň işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlyk». Türkmenistan şu ýörelgelere pugta eýerip, ýurtda, sebitde hem-de dünýäde asudalygyň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.
    Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Garaşsyz döwletimiziň hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döwletimiz özüniň geosyýasy, ykdysady, serişde we adam kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanyp, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda yzygiderli tagallalary edip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär.
    Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan güni — Bitaraplyk baýramy halkymyzyň milli baýramlarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Bu sene halkymyz üçin mukaddeslik derejesine eýedir. Ol halkymyzyň mizemez gymmatlygy, Garaşsyz döwletimiziň gülläp ösüşiniň binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygyň düýp manysy hem möhüm ähmiýeti barada garaýyşlaryny Bitaraplyk baýramynyň 20 ýyllygy mynasybetli halkymyza sowgat beren «Bitarap Türkmenistan» atly ajaýyp eserinde beýan edýär. Kitapda Bitaraplygyň ýurdumyzyň ösüşiniň esasy hereketlendirijisidigi hakynda şeýle bellenilýär: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär». Bu mukaddes baýram ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mynasyp baýramçylyk dabaralary bilen garşylanyp, ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýär.
    Bitaraplyk ýurdumyza dünýäde parahatçylykdörediji merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Bu hukuk ýagdaýy häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli orna eýedir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyz: «Biz Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň Bitaraplygymyza buýsanjyny artdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Bitaraplyk sözüniň aňyrsynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürýän, özara ynanyşmagy pugtalandyrýan, parahatçylygy söýýän halkymyzyň dünýä nusgalyk derejedäki diplomatiýasy, hukuk medeniýeti we ynsanperwer düşünjeleri durýar» diýip belleýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
    Hususan-da, Bitaraplygyň türkmen nusgasy BMG-niň belent maksatlaryna laýyk gelip, sebitde halkara parahatçylykdöredijilik tagallalaryny utgaşdyrmakda netijeli gurala öwrülýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň dürli ýyllarda BMG-niň abraýly edaralaryna we düzümlerine — ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça komitetiniň Býurosynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine saýlanylmagy aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň möhüm iki düzümine: 2021 — 2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna we 2021 — 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasyna, 2020 — 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna, 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň ýerine ýetiriji geňeşine, 2020 — 2023-nji ýyllar üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasyna, 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň içeri ulag boýunça Komitetiniň edarasyna agzalyk edýär. Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna alty gezek saýlanyldy.
    Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň belent münberinden öňe süren oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylmagy esasynda «Energetika serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly, «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly, «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly, «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýalar, «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakynda» bilelikdäki Beýannama we beýleki resminamalar kabul edildi. Ýakyn ýyllarda paýtagtymyzda durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça ilkinji Bütindünýä maslahatynyň geçirilmegi,     Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy we beýlekiler Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatymyzyň barha dabaralanýandygyny görkezdi.
    Hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň kemala gelmeginiň hem-de kämilleşmeginiň müňýyllyklara uzaýan taryhy çeşmesiniň ajaýyp miwesidir. Ol türkmen halkynyň milli aýratynlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň, ýagşy niýet-päliniň, beýleki halklara hoşniýetli garaýşynyň, päkýürekliliginiň bir ýere jemlenmesidir. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň milli ýörelgeleriniň we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ajaýyp sazlaşygy her bir ynsana parahatçylyk hem bagt getirijilik häsiýetine eýe bolýar.