Kadaly iýmitlenmek — saglygyň girewi

    Berkarar Diýarymyzda ynsan saglygy ähli zatdan ýokarda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan, ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça kabul edilen maksatnamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini pugta berjaý etmekden, ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, iýmit bilen bagly keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup durýar. Maksatnamada ilatyň arasynda sagdyn iýmitlenmegiň saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýandygy barada düşündiriş işlerini geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny we beden taýdan işjeňligiň möhümdigini wagyz etmek boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylmagy esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işlerde maglumatlar we guramaçylyk- usuly taýdan goldaw bermek, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçiligi üpjün etmek, şeýle hem her bir raýatda sagdyn iýmitlenmegiň endiklerini terbiýelemek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň görkezmelerini we halkara kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini işläp taýýarlamak we keselleriň öňüni almak, ekologiýa we arassaçylyk talaplary pugta berjaý etmek, ýurdumyzda azyk önümçiliginiň, tebigy howa şertlerinde sagdyn iýmitlenmegiň görnüşlerini we usullaryny ylmy taýdan öwrenmek babatda gysga döwürde uly işler amala aşyryldy. Pasyllaryň çalyşmagy bilen adam bedeninde belli bir derejede täsirler duýulýar. Häzirki wagtda howanyň ýagdaýyna seljerme geçirilmäniň netijesinde, howada tozanyň agdyklyk edýändigi sebäpli adamyň saglygy üçin, aýratyn- da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyz ýagdaýlaryň döreýändigi hemmämize mälimdir. Howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek we howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynda, bazarlarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we beýleki ilata hyzmat edýän edaralarda raýatlarymyz dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdelerini, ýagny agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar. Şeýle- de, allergiýa we dowamly keselleri bolan adamlara hem öňüni alyş serişdeleri ulanmaklyk maslahat berilýär. Tomus paslynyň ortaky aýynda howanyň çakdan aşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam, ylaýta- da, çagalar şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidirler. Ýygy- ýygydan elleriňizi sabynlap ýuwmaly, howpsuz aralygy saklamaly we agyz-burun örtüklerini dakynmaly. Ilatyň saglygyny kesgitleýän esasy faktorlarynyň biri hem iýmit bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda «Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda » Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen daşary ýurtlardan getirilýän iýmit önümlerini döwlet tarapyndan bellige almakda, güwänamalandyrmakda we bazarlardaky barlaghanalardan geçirileninden soňra arassaçylyk, gözegçilik barlaglarynyň netijesinde ilata satmaga rugsat berilýär. Şeýle- de, diňe bir daşardan gelýän iýmit önümleri däl, eýsem, öz ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri hem howanyň gyzmagy bilen zaýalanan ýa-da döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda bellenilen tertipde ýok edilýär. Adam üçin saglykdan gymmatly zat ýok. Ýaşaýşyň ähli üstünlikleriniň sakasynda saglyk dur. Türkmenler gadymy döwürlerden bäri ruhubelent we sagdyn durmuş ýörelgesine eýeren halk hökmünde bellidir. Olar çaga terbiýesine, şol sanda naharlanmak edebine- de uly üns beripdirler. Sagdynlygyň esasy girewi — adamyň iýmitine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine bagly bolup durýar. Biz her hili zyýanly endiklere hem ýol bermeli däldiris. Sagdyn durmuş ýörelgesine her bir adam ýaşlygyndan başlap, ony yzygiderli dowam etdirmelidir. Beden hem-de ruhy arassalygyny hemişe berjaý edip, ýeterlik hereketde bolmaly we kadaly iýmitlenmeli. Halkymyzyň saglygyny berkitmäge, dürli keselleriň öňüni almaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilen beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Goý, mähriban halkymyzyň saglygyny üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!