TÜRKMENISTANYŇ KANUNY 

    Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi » diýen hormatly adyny döretmek hakynda 
    1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi » diýen hormatly adyny döretmeli. 
    2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi » diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar). 
    3-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 
                                    Türkmenistanyň Prezidenti 
                                    Gurbanguly Berdimuhamedow.

                                    Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 24-nji iýuly.