Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri — jemgyýetçilik ösüşiniň aýnasy

    Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň täzeden-täze döwürlerini başdan geçirip, mazmun taýdan baýlaşdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zehinli we ukyply ýaşlary goldamaga gönükdirilen köp sanly çäreler amala aşyrylyp, olaryň hukuk ýagdaýy pugtalandyrylýar. Türkmen jemgyýetinde we onuň ýaşlar gurşawynda durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesillerde, hususan-da, jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň kemala gelmeginde maglumat tehnologiýalary uly täsir edýär.
Türkmenistanyň ähli künjeginde ilat üçin 7 teleýaýlym, 4 radioýaýlym elýeterlidir. Döwürleýin neşirleriň sany artyp, häzirki wagtda görnüşleriniň sany 30-a golaý bolan gazet, 30-a golaý hem žurnal ýokary çap ediliş usulynda, şeýle-de elektron görnüşinde okyjylara ýetirilýär.
    Ýaşlaryň işjeňliginiň täze döwrüň öňe çykarýan maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň möçberine we çylşyrymlylygyna laýyk gelmegi derwaýys. Olaryň aňyna jemgyýet tarapyndan guýulýan gymmatlyklaryň we taglymlaryň, bilimleriň we ahlak häsiýetleriniň ulgamy ýaş nesliň geljekki ösüşlere goşýan goşandynyň göwrümini kesgitleýär.
    Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de ýaşlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin maglumat giňişligini döretmek bilen baglydyr. Şu wezipäni amal etmekde hem-de ýaşlaryň maglumat almaga bolan hukuklaryny üpjün etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wajyp ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Habarlaryň beýan ediliş aýratynlygy ýaşlarda ahlak kadalarynyň, gymmatlyk taglymlarynyň we özüni alyp baryş medeniýetiniň ösüşine binýat goýýar.
    Häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Internet ulgamynyň peýda bolmagy bilen, maglumat giňişliginiň çägi has-da giňedi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we žurnalistika döwlet dolandyryşynyň esasy wezipeleriniň amal edilmegini, hususan-da, jemgyýetçilik bähbitlerini beýan etmegi we durmuşa geçirmegi, şahsyýetiň sossiallaşmagyny şertlendirýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi arkaly döwlet we ýerli häkimiýet edaralarynyň ilat bilen aragatnaşygy ýola goýulýar, şeýle hem jemgyýetçilik aňyny kemala getirmek, adamlary habarly etmek wezipeleri amala aşyrylýar.
    Häzirki döwürde jemgyýet we döwlet durmuşy üçin wajyp maksatlara we wezipelere akyl ýetirýän, ruhy-ahlak gymmatlyklary, milli däp-dessurlary aýawly saklamaga, ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ukyply watançy raýaty terbiýelemek aýratyn ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda milli medeni mirasymyzy, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmekde hem-de türkmenistanlylary ahlak we ruhy taýdan terbiýelemekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigini belleýär.
    Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri oňyn bitaraplyk syýasatynyň ugurlarynyň, durnukly syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşiň jemlenen beýany hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde mynasyp ornuny eýelemegine öz täsirini ýetirýär. Olar türkmenistanlylaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna hem-de olara ýetmekdäki ornuna düşünmäge, ylmy gözýetiminiň giňelmegine, şeýle-de adamlarda demokratik, hukuk we dünýewi döwlete laýyk gelýän täze garaýyşlary, durmuş gymmatlyklaryny we özüni alyp barmagyň kadalaryny berkitmäge ýardam edýär.
    Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurdumyzyň dürli ugurlarda ýeten derejesini giňden beýan edýärler. Amala aşyrylýan özgertmeleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek bilen birlikde, halkara maglumat ulgamynda ýurdumyzyň mynasyp keşbini döretmek, iň täze tehnologiýalary özleşdirmek olaryň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.Döwlet pikir aňlatmakda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine erkinligi kepillendirýär. Neşir sahypalarynyň, teleýaýlymlaryň we radiogepleşikleriň mümkinçiliklerinden peýdalanyp çykyş etmek ýurdumyzyň raýatlarynyň möhüm islegleriniň birine öwrüldi diýsek hem ýalňyşmarys. Olar uly buýsanç bilen ýurdumyzda gazanylýan zähmet üstünlikleri hakynda habar berýärler, sebitlerde bolup geçýän wakalaryň özlerinde galdyran täsirlerini paýlaşýarlar. Şu günki günlerde, aýratyn hem, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan beýik işlerdir gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler giňden hem-de hemmetaraplaýyn beýan edilýär.
    Häzirki wagtda döwletimiziň goldawy esasynda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kuwwatly düzümler hereket edýär. Türkmenistanyň ähli künjeginde ilat üçin 7 teleýaýlym, 4 radioýaýlym elýeterlidir. Döwürleýin neşirleriň sany artyp, häzirki wagtda görnüşleriniň sany 30-a golaý bolan gazet, 30-a golaý hem žurnal ýokary çap ediliş usulynda, şeýle-de elektron görnüşinde okyjylara ýetirilýär.     Olaryň aglaba bölegi pudaklaýyn häsiýetli bolup, daşary ýurt dillerinde neşir edilýär. Gazet-žurnallarda döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezýän, berkarar Watanymyzy kuwwatly, abadan, ösen, bäsdeşlige ukyply döwlete öwürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, milli Liderimiziň durnukly hem-de howpsuz ösüşi gazanmaga gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini, kabul edilýän hukuk namalarynyň kadalaryny düşündirmäge gönükdirilen we ýurdumyzdaky şanly wakalary wasp edýän dürli žanrlarda ýazylan eserler yzygiderli çap edilýär. Şunda ussatlary ýüze çykarmak we höweslendirmek üçin dürli bäsleşikler hem guralýar.
    Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan häzirki zaman maglumat syýasatynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Internet torundaky işi ýola goýuldy. Hakyky wagt düzgüninde hereket edýän saýtlar aýdylanlary doly tassyklaýar. Olar ulanyjylaryň çäksiz köplüginiň ýurdumyzdaky täzelikler bilen tanyşmagyna, wideomaglumatlary we fotosuratlary synlamagyna mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, gazet-žurnallaryň we kitaplaryň okyjylara elektron görnüşinde-de elýeterli edilendigini bellemek gerek. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi internet saýtynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanly eýýamyň döredýän täze şertlerine uýgunlaşmagynyň ýolunda möhüm ädimlerdir.
    Maglumat internet serişdeleriniň ösmegine güýçli itergi beren wakalaryň biri-de milli aragatnaşyk emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy bilen baglydyr. Ony Ýer üstünden dolandyrmak üçin Ahal we Daşoguz welaýatlarynda hemrany Ýer üstünden dolandyryş merkezleri guruldy. Ýakyn wagtda ikinji emeli hemrany hem işe girizmek meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi ilatyň köpçülikleýin maglumat ulgamyna işjeň goşulmagyny üpjün edýär.
    Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda elektron we çap edilýän neşirlere, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine iň täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ýakyn geljekde öňde durýan esasy we möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy gazanylanlary peýdalanmak bilen, «Halkara maglumat merkezini» döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bu ugurda kämilleşmek, işgärleriň hünär taýýarlygyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen bagly geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň toplumy göz öňünde tutulan.
    Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we žurnalistleriň elmydama hereketde, döredijilik gözleginde, jemgyýetçilik ösüşiniň öňünde bolmagy zerurdyr. Munuň üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Şeýle hem Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda žurnalistleriň hukuk ýagdaýy boýunça göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda,     ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dürli görnüşleriniň işini ösdürmäge, žurnalistik bilimi guramaga, işgärleriň hünär derejesini has-da ýokarlandyrmaga bagyşlanan okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär.
    Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegi maksat edinýän halkara möçberindäki çäreleriň hatarynda Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan işleri hem aýratyn bellemek gerek.
2018-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen ABU-nyň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi munuň aýdyň mysalydyr. Şol wekilçilikli forumyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimize sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmekde bitiren ägirt uly hyzmatlarynyň ykrarnamasy hökmünde ýörite güwänama, baýrak we ýadygärlik nyşany gowşuryldy.
    Ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda baglaşylýan şertnamalaýyn resminamalar habarlary alyşmagyň, netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.
    Umuman alnanda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we žurnalistika döwrüň aýnasy hökmünde demokratik ýörelgeleriň hem-de zamanabap talaplaryň iş ýüzünde amal edilmegini dürli görnüşlerde beýan etmekde we giň köpçülige ýetirmekde möhüm orny eýeleýär. Olar halkyň hyzmatynda bolup, özboluşly işi arkaly adamlaryň ýürek sözüni, isleg-arzuwlaryny şöhlelendirýärler hem-de halkyň we häkimiýetiň arasyndaky köpri hyzmatyny ýerine ýetirýärler.