Rahat ukynyň we özüňi ýeňil duýmagyň syry nämede?

    Irden oýanmak agyr düşýär. Uzak wagtlap ukudan açylyp bilmän, düşeginde oturýanlar hem bar. Eýsem, näme üçin käbir adamlar ir bilen ýeňillik bilen turýarkalar?! Munuň syry nämedekä?! Lukmanlar adamyň ukudan oýanmak ýagdaýyny bedeniniň madda alyş-çalşygynyň, ýagny metabolizminiň işjeňligi bilen düşündirýärler. Eger metabolizm kadaly ýagdaýda bolup, iýmit siňdiriş çalt amala aşýan bolsa, bu diňe uka däl, eýsem, bedeniň beýleki hadysalaryna-da oňyn täsirini ýetirýär. Ýagny irden oýanylanda ysgynsyzlygy we gaýtadan uklamaga bolan islegi aradan aýyrmak üçin bedeniň metabolizminiň işjeňligini artdyrmaly. Munuň üçin bolsa şu aşakdaky ýönekeýje hereketleri ýerine ýetirmek ýeterlikdir.
    Limonly suw içmek. Irden oýanan wagtyň içine bir dilim limon atylan ýa-da şiresi sykylan bir bulgur suw içmek aşgazany arassalaýar, madda alyş-çalşygyny çaltlandyrýar. Islege görä, onuň içine bir çemçe ary balyny hem goşmak bolar. Bu içgi ukuda hereketi gowşan beden agzalaryny täzeden işjeň hala getirýär. Şeýlelikde, beden oýanýar, şonuň bilen birlikde, adam ukudan açylýar. Limonly suwy agşam ýatmazdan ozal taýýarlap, ýanyňyzda goýup bilersiňiz.
    30 minut ir oýanmak. Ir bilen oýanmak kyn hem bolsa, özüňe erk etmek zerurdyr. Oýanmaly wagtyňyzdan ýarym sagat ir turmaga synanyşyň, jaňly sagadyňyzy 30 minut ir guruň. Bedeniňizi mümkin boldugyça, ir herekete getirmäge çalşyň, muny endik ediniň! Säher bilen hereketde bolmak bedeniň madda alyş-çalşygyny hem işjeňleşdirýär. Görnüşi ýaly, adam bedeniniň her bir hereketi beýleki ýagdaýlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, şonuň üçin hem bedeniň bir ulgamyna zyýan ýetirmek tutuş bedene zyýan ýetirmek diýmekdir.
    Maşk etmek. Oýanan wagtyňyz bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek beden agzalarynyň hereketde bolmagyny üpjün eder we metabolizmiň işini ýeňilleşdirer. Muny düşegiň üstünde-de başlap bilersiňiz, ýagny gerinmek we süýnmek. Iki eliňizi giňden açmak, myşsalary süýndürmek, göwräňi saga-çepe öwürmek hem ýeterlik bolar. Bu maşklar köp güýji we wagty talap etmeýär. Soňra turup bökmek maslahat berilýär. Isle duran ýeriňde, isle ýüp bilen. Bökmek ganyň çalt aýlanmagyna, ukuda bir ýere toplanan toksinleriň bedene ýaýramagyna we olaryň aňsat dargamagyna kömek edýär.
    Ertirlikde ýumurtga iýiň. Ertirlikde 2 sany gaýnan ýumurtga iýmek bedeniň işjeňligi üçin peýdalydyr. Ýumurtga witaminlere, esasan hem, myşsalaryň «kerpiji» bolan beloklara baý, ýokumlylygy ýokary iýmitdir. Ýagly we agyr naharlar madda alyş-çalşygynyň işine agram salýar. Şonuň üçin ýumurtganyň gapdaly bilen süle ýarmasy, dorog ýa-da gök önümleri iýmek maslahat berilýär.
    Bir käse gök çaý. Çaý antioksidantlara we metabolizmi işjeňleşdirýän maddalara baýdyr. Şeýle hem ol bedeniň işine agram salmaýar we kofe ýaly gan aýlanyşygyny çaltlandyrmaýar. Şonuň üçin çaýy günüň dowamynda hem içmeklik maslahat berilýär.
    Aşgazan boş durmasyn. Iýmit kabul etmegiň arasy uzak wagta çekýän bolsa, bu madda alyş-çalşygyna ters täsir edýär. Günüň dowamynda 2 gezek iýip-içýän adamlaryň aglabasy agyr we köp mukdarda iýmit kabul edýärler. Şeýle etmek bilen olar az iýýändirin diýip pikir edýärler. Emma muňa endik etmek az däl-de, köp iýmäge getirýär. Birbada dolan aşgazan ony indiki nahara çenli siňdirmeli bolýar. Ol işini doly ýerine ýetirmänkä aşgazan ýene dolýar we ol dynç alyp ýetişmeýär. Şonda bedendäki ganyň belli bir bölegi aşgazana kömek etmeli bolýar. Şeýlelikde, adam özünde ysgynsyzlyk duýýar. Bu endik wagt geçdigiçe, agramyň artmagyna getirýär. Emma ýygy-ýygydan ýeňiljek iýmitlenmek metabolizmiň hemişe hereketde bolmagyny üpjün edýär we aşgazanyň işini ýeňilleşdirýär. Her nahardan 1-2 sagat öň we soň azajyk hoz, alma, köke iýip bilersiňiz.
    Esasy zat suw. Suw islendik janly organizmiň sazlaşykly işlemeginiň esasy çeşmesidir. Suwsan wagty beden ysgynsyz bolýar, şonuň üçin mümkin boldugyça, ýanyňdan suwy aýyrmaly däl. Lukmanlaryň berýän maslahatyna görä, her gün adam çaýy we kofäni hasaba almazdan, 2 litr arassa suw içmeli. Şeýle hem suw bedeni arassalaýar, ondaky duzlaryň daşyna çykmagyny, deriniň sagdynlygyny üpjün edýär.
    Belläp geçişimiz ýaly, bedeniň bir ulgamyndaky näsazlyk ähli ulgamlara zyýan ýetirýär. Şonuň üçin şu ýönekeýje hereketleri endik edinmek bedeniň madda alyş-çalşygyny çaltlandyrar. Ony ýerine ýetirýänlerde artykmaç agram bilen baglanyşykly kynçylyklar döremez. Şeýle hem irden ýeňillik bilen oýanarlar, ukulary rahat bolar.