Kitap okaň, kämilleşiň!

    Ähli zat kitaplardan başlandy... Gyşky dynç alşa öýe gaýdanymda kitap okamagyň peýdasy barada «Nesil» gazeti üçin nämedir bir zat ýazmagy haýyş edipdiler. Ýazjagymy söz berdim, ýöne sözümde tapylmadym. Ondan bäri başagaýlyk bilen ýyl ýarym çemesi wagt geçipdir. Abraý bilen okuwy tamamlap, aýdylyşy ýaly, ýokary bilimli hünärmen derejesine-de ýetdik. Az-kem dynç alaýyn diýip, paýtagtdan öýe ugradym. Öýe gelsemem geldim welin, otagymda gatbar-gatbar bolup duran kitaplary görüp, şo-ol beren wadam ýene-de aňymda atygsady durdy...
    Kitaplar, kitaply dünýä. Ol hakynda näçe gürrüň etseň-de, söhbetler asla soňlanmaz, megerem! Kitap okamagyň lezzeti, kitaply dünýäniň jadysy barada söz açmak isläp, häzirki daş-töweregimizi gurşap alan «elektron gurşawdan» birneme üzňeleşmegi göwnemakul bildim. Özüm-ä, dogrusyny aýtsam, sanaýmaly ýylyň içinde şeýle bir elektronlaşypdyryn welin, smartfonsyz, planşetdir netbuksyz ýaşaýşy asyl göz öňüme-de getirip bilemok indi. Hakykata göni seretsek, diňe meniň däl, gaty köpimiziň ýagdaýymyz şeýle ahyryn. Bu şeýle-de bolmaly aslynda! Bu döwrüň talaby, döwrüň öňe çykaran zerurlygy. Döwür bilen aýakdaş gadam urmakçy bolsaň, innowasion ösüşiň kanunalaýyklyklaryna boýun bolaýmaly. Ýöne ýene-de bir zat: döwür-dünýä hernäçe üýtgäp-özgerse-de, kitap diýen gymmatlyk baky ýaşaýar! Adamzat döräli bäri onuň Alyhezretleri sözüň, kitabyň gymmaty barha artmasa, arzysy gaçmaýar. Bu-da döwrüň, heňňamlaryň hakykaty. 
    «Ähli zat unudylsa-da, asla unudylmaýan gymmatlyk bar — ol medeniýet» diýen ýapon akyldarynyň pikirini has çuňlaşdyryp, medeniýetiňem özen-örkünde kitapdyr kitaply gatnaşyklar bar diýsek, öte geçdigimiz bolaýarmyka?! Ýöne adamyň dünýä akyl ýetirmeginde, medeniýetleşip, elita ýa-da intelligent derejä çykmagynda kitabyň ornunyň uludygyny-ha hiç him inkär etmese gerek. Bu barada Maksim Gorkiý: «Medeniýetli adamy terbiýelemek üçin iki güýç has oňat täsir edýär: sungat hem ylym. Bu güýçleriň ikisem kitaplarda jemlenýär» diýip belleýär. Üstünlige eliň jübiňde ýetilmeýşi ýaly, kitapsyz hem ösüş-özgerişe, kämillige ymtylmak asla mümkin däl. Kitaplar — jadyly dünýä. Onuň sahaplarynda dünýäniň ähli syry jemlenen. «A» harpdan başlap, Aýa çenli ýeten adamzadyň ähli gazanan üstünlikleriniňdir açyşlarynyň aňyrsynda, gürrüňsiz, kitaplar durandyr. Kitap, ozaly bilen, ynsanyň göz öňüne getirme ukybyny ösdürýär. Kitaply dünýä aralaşan okyjy sahypalaryň aňyrsynda beýan edilen wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolup, gahrymanynyň duýgulary bilen ýaşaýar, şatlygyna begenip, gynanjyna gamlanýar. Kitap — bilesigelijiligi artdyrýar, hyýalbentligi ösdürýär. Şeýdibem, ynsanda daşarky dünýä hakynda, onuň täsinlikleri hakynda bilimlerdir özbaşdak garaýyşlar kemala gelýär.
    Kitaby köp okaýanlar gyzykly söhbetdeşlerdir hem. Çünki kitap söz baýlygymyzy artdyryp, sözlük gorumyzyň üstüni doldurýar. Kitapdan ýüki ýetik ynsan pikirini doly we dogry beýan etmäge ukyply bolýar. Dünýä belli oratorlaryň, türkmençeleşdirip aýtsak, dilewarlaryň ýa-da suhangöýleriň hem kitaphon adamlar bolandygyny bilýäris. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamaly: kitaby köp okamak hemmeler üçinem peýdalydyr welin, žurnalistler üçin ol has zerur. Halkaraçy hünärmen hökmünde daşary ýurtly žurnalistler bilen ençe ýola işleşip, gürrüňdeş bolýaryn. Bir gezek Türkmenistany özüniň ikinji Watany hasaplaýan hindi žurnalistleriniň biri türkmenler barada, milli däp-dessurlarymyz, geçmiş taryhymyz hemem nusgawy şahyrlarymyz barada örän beletlik bilen gürrüň berdi. Özüň hakda özgelerden eşitmek ýakymly duýgy. Ýöne söhbetdeşligimiziň birtaraplaýyn gutarmagyny islemän, menem başaryşymça, hindi medeniýetinden bilýänlerimi aýdyp berdim, iki halkyň taryhynda uly yz galdyran Baýram handyr Abdyrahym han-hanan, Gandidir Neru baradaky gürrüňlerimi üns bilen diňlän hindi žurnalisti: «Sen örän oňat söhbetdeş, kitapdan ýüküň ýetik eken» diýip, aşa ýokary baha berdi. Şol öwgüli pursat üçin, ilki bilen, özümiň iň gadyrdan dostlaryma — kitaplara sagbolsun aýdanym häzirki ýaly ýadymda...
    Kitap — beýniniň işjeňligini artdyrýar. Munuň şeýledigini alymlar ylmy taýdan subut etdi: her gün 30 sahypa kitap okaýanlaryň beýnisiniň sözleýşe jogap berýän bölegi has işjeň ýagdaýda bolýar. Kitaby köp okamak sowatlylygy ösdürýär. Biz sahypalardaky sözleri wizual kabul ediş arkaly ýatda saklap, olaryň dogry ýazylyşyny öwrenýäris. Bu bolsa, öz gezeginde, ýazuwda az ýalňyşlyk goýbermegimize täsirini ýetirýär. Alymlaryň birtopary kitap okamagyň adamyň dartgynlyk ýagdaýyny aradan aýyrmakda iň netijeli usullaryň biridigini aýdýarlar. Barlaglaryň netijelerine görä, dartgynlygy ýeňip geçmek üçin bary-ýogy 5-6 minut kitap okamak ýeterlik. Aýdym diňlemek, gezelenç etmek ýa-da gyzgynjak çaý içmek bilen deňeşdirilende, bu ýagdaýda kitabyň täsiri has ýokarydyr. Kitap okalanda dartgynlyk ýagdaýyna düşen adamyň bedenindäki myşsalaryň hereketi kadalaşýar, ýürek urşy rahatlanýar. Adamyň ýadyny ösdürmekde, ýat bilen bagly keselleriň döremek howpunyň öňüni almakda-da kitaba taý geljek bejergi ýokdur.
    Kitap — ýürekdeş dost. Ol hiç haçan ýeke goýmaýar, islendik meseläniň çözgüdini sorap ýüz tutanyňda, seniň gullugyňda häzirdir. Ol seniň bilen tejribesini paýlaşýar, çykgynsyz ýagdaýda özüňi ele almaga, öz-özüňi tanamaga, ukyp-başarnygyňy bir ugra gönükdirmäge ýardam edýär. Okaýan kitabyna, gürrüňini edýän gahrymanlaryna seredip, ynsanyň içki dünýäsine aralaşyp bolýar. «Okan kitaplaryňy aýt, kimdigiňi aýdaýyn» diýilmeginiň özi-de, megerem, hut şunuň bilen baglydyr. Kitap hemişe ýolumyza şöhle saçýan sönmez çyragdyr. Hernäçe ýagtylyk eçilse-de, Günüň nurunyň egsilmeýşi ýaly, kitaplar hem bilimiň soňlanmaýan çeşmesidir. Bilim — serhetsiz umman. Şol ummana atarýan gäminiň küregi bolsa kitaplarda. Geliň, bilim ummanyny kürekläp ýüzüp, ýene bir täsin dünýä — kämillige tarap syýahata ugralyň!