DÖWREBAP TEHNIKALAR YGTYÝARYMYZDA

    Ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň  taýsyz  tagallasy bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli, ýangyn söndürmäge niýetlenen kuwwatly awtoulaglar gelip gowuşdy. Biziň howa şertlerimize laýyk gelýän «KAMAZ» kysymly bu awtoulaglar suw sygymynyň ululygy bilen aýratyn  tapawutlanýarlar. 
    Ýeri gelende belläp geçsek, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň sahawat saýasynda soňky gysga döwürde  biziň gullugymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady kemsiz berkidildi.  Degişli desgalaryň birnäçesi gurlup, olar häzirki zaman tehnikalarydyr serişdeleri bilen üpjün edildi.  Şol täze desgalarda gullugyň işgärlerine öz hünärlerini kämilleşdirmek, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen yzygiderli türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen okuw minara meýdançasy göz öňünde tutulan. Şeýle hem gulluga degişli Finlýandiýa döwletinde öndürilen «BRONTO SKAÝLIFT» kysymly, ýörite tirsekli teleskopiki, ýokary göterijilikli, ýöriteleşdirilen ýangyn söndüriji awtoulagy bar.  Ol bellibir derejede gullugyň işini göwnejaý guramagyň şertlerini üpjün edýär. Onuň binalaryň ýokary gatynda dörän ýangyny söndürmäge mümkinçiligi bar. Bu ulag ýokary gatly binalardan adamlary tiz wagtda howply çäkden halas etmäge niýetlenen enjam bilen üpjün edilendir. Şeýle-de suw geçirijileriniň üsti bilen suwy dürli belentliklere çykarmaga ukyplydyr. Köp gatly binalarda ýangyn dörän halatynda, ýangyn söndüriji söweşjeň toparlary tiz wagtda ýangynyň dörän ýerine galdyrmakda, ýokary gatly jaýlardan adamlary halas etmekde-de örän ähmiýeti uludyr.  Hormatly Prezidentimiziň  «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» kitabyndaky bu ulagyň mysalynda: «Elbetde, gullugyň işine şol ulagy köp ulanandygy bilen däl-de, öňüni alyş çärelerini köpräk geçirip, ony ulanmandygy bilen baha berilse, dogry bolar. Ýöne söweşjeň toparlar mydama garaşylmadyk ýagdaýlara taýýar bolmalydyrlar» diýen sözleri biziň üçin kesgitli goýlan anyk wezipedir. Agzalan şadiwandaky: «Ata-babalarymyz: «Ot belasyndan, suw belasyndan Taňry gorasyn!» diýipdirler. Şeýle hem tebigy betbagtçylykly hadysalar ýüze çykmaz ýaly, hatyrjem bolmagy ündäpdirler» diýlen setirler  bolsa,  bize ýörelgelik  öwüt-ündewdir.   
    Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň özlerine şeýle ajaýyp, döwrebap desgalar toplumyny gurup berýän  hem-de ýangyn söndüriji awtoulaglary, ýangyn-tehniki enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrýan hormatly Prezidentimize hoşallyklary ebedidir.