Hakyky eýesi

    Her ýyl gawunlaryň bişýän döwürleri golaýlanda oglanlyk ýyllarym ýada düşýär. Kakam daýhançylyga örküni baglan adamdy. Onuň ýetişdiren gawunlary hakda il arasyndaky ýakymly sözleri häli-häzirem eşitmek bolýar. Kakam gawun kesende, pyçagy çigidine degirmezdi. Ony deň üç bölege bölerdi-de, bir bölegini käselärdi. Gawun iýlip, bolanyndan soň, hökman onuň çigidini tohumlyk alyp goýmalydygyny öwran-öwran sargardy. Kakam gawunlaryň gürbek, ak tarlawuk, gara tarlawuk, igde ýaprak, garrygyz ýaly görnüşlerinden ýygnalan şol tohumlary bir ýüpe düzüp, dälizden asyp goýardy.     Her ýyl ekin-dikin möwsümi golaýlanda, gawun tohumyny sorap diňe bir öz obamyzdan däl, goňşy obalardan gelenleriň hem möhümini bitirerdi. Hawa, men hem ýaşkam kakam gawun ekende, oňa kömekleşip, çigit atyşardym.
    Dünýä ýaň salan türkmen gawuny diňe bir tagamy, owadanlygy, özünden önýän önümleri bilen däl, eýsem, görnüşleriniň köplügi bilenem giňden tanalýar. Ýer ýüzüne çawy ýaýran, meşhur Beýik Ýüpek ýoly bilen gatnan uzyn hatarly kerwenleriň türkmen topragyndan gaýry ýurtlara alyp gidýän agyr ýükleriniň, harytlarynyň arasynda ýüpek parçalar, göreniňde gözüň dokunýan, gözelligine, waspyna söz ýetmeýän halylar, owadan gülli gap-gaçlar bilen bir hatarda iýeniňde tagamy agzyňdan gitmeýän türkmen gawunlarynyň hem bolandygy barada taryhçylar, syýahatçylar öz gymmatly ýazgylaryny galdyrypdyrlar.
    Ýakymly ysy bilen işdäňi açyp, ruhy dünýäňe özboluşly duýgulary çaýyp, ýekeje gezek dadyp gören adamyň ýadynda ebedi galýan, ençeme dertlere em bolýan türkmen gawuny diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, has alys ýurtlarda-da meşhurlyga eýe bolupdyr. Ol islendik ýurduň bazarlarynda iň geçginli, iň hyrydarly haryda öwrülipdir, sözüň hakyky manysynda behişdi nygmat hasaplanypdyr.
    Sahawatly türkmen topragynda daýhanyň alyn derinden kemala gelen behişdi nygmat bolan gawunlary gadymy taryhçylar, syýahatçylar, söwdagärler gudrat saýypdyrlar, behişdi nygmat, iň bir gymmatly haryt, sowgat hökmünde ir wagtlar arap ýurtlaryna äkidilipdir. Şol ýurtlaryň söwdagärleri, täjirleri biziň ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen gawunlary ýörite gurşun gaplara ýerleşdirip, olary uzak-uzak ýurtlara eltmegi başarypdyrlar.
    Türkmen gawunynyň waspy, tarypy hakynda gürrüň edilende, halkymyzyň bu nygmatynyň geçmişdäki şan-şöhraty barada barypha, XII asyrda ýaşap geçen meşhur taryhçy al–Makdisi Türkmenistana eden saparyndan soň: «Merwiň kösükli ösümliklerine hem-de gawunlaryna taý geljek zat ýokdur» diýen ýazgyny galdyrypdyr.
    Gawun Ýewropa ýurtlarynda hem arzylanylyp, ony iň şirin nygmat hökmünde alypdyrlar. Türkmen gawunlary Hytaý imperatorlarynyň, hindi şalarynyň, arap halyflarynyň iň höwesli, lezzet bilen iýýän lukmalary hasaplanypdyr. Aýdyşlaryna görä, hanlar hany Baýram hanyň köşgünde-de türkmen gawunlarynyň ýakymly, hoşboý ysy gyşyn-ýazyn bark urup durupdyr.
    Belli bakjaçy, rus alymy S.I.Kobuniw öz ýatlamalarynyň birinde türkmen gawunynyň 255 görnüşini ekip, synag edendigini aýdýar. Bakjaçylyk bilen meşgullanýan alymlaryň başga birnäçesi bolsa, türkmen gawunynyň 1000-den gowrak görnüşiniň bolandygyny tekrarlaýarlar. Diýmek, türkmen gawuny durşy bilen gudrat. Ol hem tagamly hörek, hem derman, hem owadan, hem köpgörnüşli. Öz owadanlygy, süýjüligi bilen waharman, gülaby, garrygyz, gürbek ýaly gawun sortlary dünýäniň beýleki ýurtlarynda duş gelmeýär. Terliginden, süýjüliginden ýaňa darka ýarylýan gawunlarymyz ony bir gezek dadanlaryň ömür ýadyndan çykmaýar.
    Gadymy Daşoguz topragy özüniň uly gyş gawunlary, tagamy agzyňdan gitmeýän gürbek gawunlary bilen bellidir. Taryhçy alym N.I.Wawilow bu barada şeýle ýazýar: «Amyderýanyň aşaky akymynda gawunyň gymmat bahaly görnüşleri, puda ýetýän uly agramly, şol bir wagtda hem ýokary hilli görnüşleri jemlenipdir. Ol gawunlar Bagdatda 15 tylla ýa-da 700 kümüş pula satylypdyr. Güýz aýlarynda ýetişýän owadan, şirin-şeker gyş gawunlary özleriniň çydamlylygy üçin Ýewropa ýurtlaryna-da äkidilip, del nygmat hökmünde korollaryň, şalaryň saçaklaryny bezäpdir».
    Göreniňde gözüňi dokundyrýan ajap halysy, dal bedewi, gazma dutary bilen bütin dünýä özüni tanadan türkmen iýeniňde tagamy agzyňdan gitmeýän gawunyň hem hakyky eýesi.
    Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!