Iýmitleri saýlap iýiň!

    Gök önümleri we miweleri günde 5 paýdan, ýagny 400 gramdan az ulanmaly däl. Olar witaminleriň we minerallaryň, şol sanda demriň we foliý turşusynyň esasy çeşmesi bolup durýar.
    Dogry iýmitlenmek sagdyn ýaşaýyş durmuşymyzyň wajyp talaplary we onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda sagdyn psihiki, fiziki ösüşe mümkinçilik berýän şertleri döretmek, şeýle hem ömrüň dowamynda saglygy goramak üçin çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
    Ýurdumyzda sagdyn iýmitlenmek, sagdyn iýmitlenmegiň endikleri we ýokary medeniýeti barada ilatyň sowatlylyk derejesini artdyrmak boýunça çäreler hem amala aşyrylýar. Adamyň gündelik iýmitinde dürli önümler bolmaly, olary 5 topara bölüp bolýar:
    Çörek we unaş önümlerini, däneli önümleri, tüwi we ýeralma iýmek maslahat berilýär. Bu topardaky iýmit önümleri gündelik iýmitde energiýanyň esasy ojagy bolup durýar we köp mukdarda ýokumly maddalary, witaminleriň B toparyny, demri, sinki, kalsiýni saklaýar.
    Gök önümleri we miweleri günde 5 paýdan, ýagny 400 gramdan az ulanmaly däl. Olar witaminleriň we minerallaryň, şol sanda demriň we foliý turşusynyň esasy çeşmesi bolup durýar. Köp witaminleriň (mysal üçin, C witaminiň) hem zenanlar hem-de çagalar üçin zerurdygyny ýatdan çykarmaly däl, olaryň ätiýaçlyk mukdary bedende uzak saklanyp bilmeýär. Şol sebäpli her gün ýeterlik mukdarda gök önümleri we miweleri, esasan-da, ýerli önümleri ulanmak wajypdyr.
    Süýt we süýt önümleriniň gündelik iýmitiň düzüminde bolmagyny gazanmaly. Süýt önümlerinde kalsiýniň köp mukdary saklanýar. Kalsiý çaganyň süňkleriniň we dişleriniň kadaly ösmegi üçin zerurdyr. Eger ýaş ene düzüminde ýeterlik mukdarda kalsiý saklaýan önümleri ulanmasa, çaga onuň üçin ejir çekmeýär, sebäbi kalsiniň gerekli mukdary enäniň bedeninde saklanýan ätiýaçlyk mukdaryndan alynýar. Emma enäniň öz saglygyny saklamak üçin kalsiý bilen üpjün bolmagy zerurdyr. Süýt önümlerinde belok, witaminler (A, B, Ca) minerallar bar. Mümkin boldugyça, süýt we süýt önümleriniň ýagsyz görnüşlerini ulanmaga çalyşmaly, olarda kalsiniň we belogyň köp mukdary saklanýar, şonuň üçin hem ol has peýdalydyr.
    Balygy, eti, guş etini we kösüklileri günde 2 paý ulanmaly. Bu topara kösükliler, merjimek, guş eti, et we ýumurtga degişlidir, bu önümler beloga baýdyr. Et önümlerindäki demir ösümliklerdäki demre garanda gowy özleşýärler. Mundan başga-da kösükliler, merjimek, hoz beden üçin örän peýdalydyr.
    Mal ýaglaryny, mesgäni, margarini, ösümlik ýaglaryny, süýjüleri we duzy az mukdarda ulanmaly. Şeýle hem bu topara şeker, süýjüler, gazlandyrylan süýjüli içgiler degişlidir, olarda ýaglaryň we şekeriň ýokary mukdary şeýle hem köp mukdarda kaloriýa saklanýar, emma beýleki ýokumly iýmit maddalary bolsa azdyr. Şol sebäpli gündelik iýmitde olary çäklendirmeli. Mümkin boldugyça, mal ýaglarynyň deregine günebakar, zeýtun ýaly ösümlik ýaglaryny ulanmaga çalyşmaly. Duzy az ulanmaly we duzlanan iýmitleri çäklendirmeli. Şeýlelik bilen, arterial basyşynyň ýokarlanmagynyň we onuň bilen bagly ýüze çykýan gaýraüzülmeleriň döremeginiň howpuny azaldyp bola