Ilatymyza has elýeterli hyzmat 

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amal edilýän bu beýik işler eziz diýarymyzyň raýatlarynyň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň durmuşa geçirilýändigini äşgär edýär.
    Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ulgamlaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak bilen sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.  Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümlerinde, şol sanda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň düzüm birliklerinde täze tehnologiýalary özleşdirmek, harby gullukçylaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde-de, olaryň gulluk we ýaşaýyş şertleri üçin oňyn mümkinçilikleri döretmek bilen baglanyşykly giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi harby gullukçylary mukaddes Watana wepaly, kasama ygrarly bolup, halal zähmet çekmäge, gulluk etmäge höweslendirýär.
    Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde  ýurdumyzyň adalat edaralarynda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň merkezi edarasynyň mejlisler otagynda gullugyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň  ähli ulgamlar babatda üstünliklere beslenýändiginiň   beýanydyr. 
    Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginden, Aşgabat şäher hem-de Ahal welaýat häkimliklerinden wekiller gatnaşdylar. Okuw maslahatyna sanly wideoaragatnaşyk (wideoselektor) arkaly gullugyň ýerli edaralarynyň we welaýatlardaky müdirlikleriniň işgärleri bilen birlikde, welaýatlaryň häkimliklerinden hem-de ýer serişdeler edaralaryndan wekiller hem gatnaşdylar. Onda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň baş döwlet bellige alyjysy Wepamyrat Halydow, ministrligiň Kanunçylyk müdirliginiň ykdysady kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet belligine alyş bölüminiň müdiri Ogulşeker Agamedowa, şol müdirligiň konstitusion kanunçylyk bölüminiň esasy maslahatçysy Şeker Ballyýewa, gullugyň döwlet sanawyny alyp barýan bölüminiň müdiri Şagül Aşyrowa, şol bölümiň döwlet bellige alyjysy Oguljemal Garlyýewa, gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy Wepa Kepbanow, şeýle hem gullugyň baş derňewçisi Eziz Garamanow çykyş etdiler. Çykyşlarda, esasan, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy bilen bagly tejribede ýüze çykýan soraglar, meseleler we olary aradan aýyrmagyň kanuny we guramaçylyk ýollary, gullugyň işinde sazlaşygy gazanmak barada gürrüň edildi. Paýly gurluşygyna gatnaşmagyň şertnamalarynyň we paýly gurluşygyň obýektine bolan paýçynyň eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň aýratynlyklary, şeýle hem ýer gurluşyk işlerine degişli resminamalary hem-de gozgalmaýan emläkleriň hukuk belleýji resminamalaryny resmileşdirmekde bolup biläýjek ýagdaýlara ünsli bolmagyň ýollary barada tejribe alşyldy. 
    Okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza hoşallyklaryny aýtdylar.