Sagdyn iýmitlenmek — sagdyn durmuş

    Howanyň üýtgäp ugramagy adam bedenine hem öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin zerur maddalaryň, witaminleriň ýetmezçiligi duýlup ugraýar. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutup, her bir adam saglyk ýagdaýyny üns merkezinde saklamalydyr.
    Datly miweleriň, gök önümleriň ynsan saglygyna peýdasy çäksizdir. Olaryň düzümindäki biologiki işjeň maddalar adamy sepgit döwründäki ýüze çykýan keselleriň öňüni almakda, goramakda örän ähmiýetlidir. Alma, armyt, şetdaly, garaly, injir, üzüm we başga-da birnäçe miweleriň düzüminde organiki turşular, şeker, pektin, A, B, C witaminler bar. Şonuň üçinem her günki kabul edilýän iýmitleriň gapdalyndan gök önümleriň şerbetlerini köpräk içmek maslahat berilýär.