Ýiti respirator keselinden goranalyň!

    Ilkinji nobatda, kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Öýlerde arassalaýyş işlerini ýygy-ýygydan geçirip durmaly. Köçä, köpçülik ýerlerine çykylanda, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Otaglarda, penjireleriň öňünde sogan kesişdirip goýmagy hem unutmaly däldir. 
    Ir säher bilen agşamara arassa howada, iň bolmanda, ýarym sagat gezelenç etmeli. Iş ýerleriňizde we öýüňizde otaglaryň howasyny ýygy-ýygydan çalşyp durmaly, wagtal-wagtal penjiräni açyp, otagy ýelejiretmeli. Pasla görä geýinmeli. Askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli. Bally, limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma, pyrtykal miwe şirelerini köpräk içmeli, hepdede bir gezek keseliň öňüni almak üçin gyzyl burç goşulan unaşy içmek örän peýdalydyr. Gyzyl burçuň düzümindäki peýdaly maddalar, fitosidler bedeniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. 
    Ýiti respirator keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan halatynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Asgyrylanda, üsgürilende elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly. Elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly. Müň bir derdiň dermany üzärligi öý şertlerinde ýygy-ýygydan tütedip durmaly.