«turkmenmetbugat.gov.tm»:  gör, oka, tanyş!    

    elektron neşirler siziň hyzmatyňyzda
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 1-nji iýulyndan «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşiri öz işine başlady. Siz elektron neşiriň ýörite taýýarlanan programmasyny «Play Market» hem-de «App Store» internet gollanma dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz. Elektron neşiriň üsti bilen siz ýurdumyzda bolup geçýän wakalar barada gyzgyny bilen tanşyp bilersiňiz. 
    Üç dilde hereket edýän elektron neşirine biziň her birimiz öýjükli el telefonlarymyzyň, planşetlerimiziň, şeýle-de kompýuterlerimiziň üsti bilen abuna ýazylyp bileris. Ýazylyşygy «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan nagt däl görnüşinde, ýagny telefon belgileriňiziň hem-de bank kartlaryňyzyň üsti bilen töleg töläp, ýerine ýetirip bilýärsiňiz. 
    Täze «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynyň «Baş sahypa», «Habarlar», «Gazetler», «Žurnallar» ýaly bölümleriniň üsti bilen siz gündelik jemgyýetçilik-syýasy wakalar bilen birlikde dürli ugurlardaky publisistik makalalary, goşgulary, hekaýalary okap bilersiňiz. Şeýle hem siz özüňiziň okamak üçin saýlap alan gazetiňiziň salgysy, telefon belgileri, elektron salgylary baradaky maglumatlaryny neşiri yzarlamak bilen alyp bilersiňiz.
    Bu elektron neşiriň abunaçy üçin amatly taraplarynyň biri hem siziň her biriňiz abuna ýazylyşyk wagtyny öz islegiňize görä saýlap bilmegiňizdir. Her aýyň tölegi 10,00 manat möçberinde kesgitlenen. 
    Mähriban ildeşler! Indi siz öýde, işde, ýolda, tapawudy ýok. Islendik wagt ýurdumyzyň islendik künjeginde bolup, «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşiri arkaly ýurdumyzda bolup geçýän wakalar, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly işleri hakda gyzgyny bilen tanşyp bilersiňiz! Siziň ähliňizi «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyna abuna ýazylmaga çagyrýarys. Çünki «turkmenmetbugat.gov.tm» siziň iň ynamdar we ygtybarly maglumat çeşmäňizdir!