Wekilbazar toý sazyny çalýar

    Çagalar — biziň geljegimiz. Olaryň geljegi baradaky alada diňe bir ene-atanyň, maşgalanyň ykbaly däl, eýsem, jemgyýetiň ösüşi bilen bagly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak hem-de olaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak boýunça ygtybarly hukuk we durmuş şertleri döredilýär. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar baradaky beýik işleriniň beýanydyr.
    Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan ata Watanymyzda tomusky dynç alyş möwsüminde körpeleriň wagtlaryny gyzykly, manyly geçirmegi üçin gurlup, ulanylmaga berlen Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň we beýleki iri merkezleriň ähmiýeti örän uludyr. Ýeri gelende aýtsak, welaýatymyzda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» hem-de «Gunça» sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň alty tapgyrda hem dynç almaklary üçin ähli şertler bar. 
    Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzyň Wekilbazar etraby 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherçeleriň arasynda durmuş ykdysady we medeni ulgamlarda hemme görnüşler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, «2017-nji ýylyň iň gowy etraby» diýen belent ada eýe boldy. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň 
    Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwaryndaky degişli buýrugy esasynda Wekilbazar etrap häkimligine 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragynyň berilmegi bilen, onuň hasabyna etrap merkezinde bölünip berlen 2 gektar ýer böleginde çagalar üçin dynç alyş seýilgähini gurmak makul bilindi. Ýakynda Wekilbazar etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş seýilgähi hem körpeleriň çaga kalbyny heýjana getirdi. Ol ýerde ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlardyr tanslary, durmuşyň gül-gunçasy bolan körpeleriň belentden ýaňlanýan şat owazlary, mylaýym gülküleri, ata Watanymyzyň beýik işleriniň üstünlikli rowaçlanýandygynyň, çaga durmuşynyň ýaza dönendiginiň dabaralanmasy boldy. 
    Goý, ata Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!