ADAM WE AHLAK

    Jemgyýet adamlardan ybarat. Adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar, esasan, ahlagyň, hukugyň, diniň we adatyň kadalary bilen düzgünleşdirilýär. Asyrlaryň dowamynda adatyň we diniň kadalarynyň eriş-argaç kimin sepleşip gidendikleri sebäpli, olary tapawutlandyrmak juda kyn. Häzirki döwürde jemgyýetçilik düzgünleşdirijileri hökmünde ahlagyň we hukugyň kadalary öňe çykdy. Ahlak kadalarynyň düzgünleşdirýän gatnaşyklary hukuk kadalarynyňka seredeniňde has giň. 
    Şu wajyp jemgyýetçilik ähmiýetli mesele bilen bagly ataly-ogluň arasynda bolup geçen gürrüňdeşligi ýaşlarymyzyň aňyny we dünýägaraýşyny ösdürmek maksady bilen olara ýetirmekçi bolýarys.
    SOWAL: — Ata, synpdaşlarymyzyň arasynda ahlak-hukuk edebi barada çekişme boldy, dürli pikirler aýdyldy, ýöne garaýyşlarymyzy çugdamlap bilmedik. Ýaşuly nesil bilen maslahatlaşmaly diýen netijä geldik. Siziň pikiriňizçe, ahlak-hukuk edebini biri-birinden nähili tapawutlandyrmaly?
    JOGAP: — Oglum, kanunlarda raýatlaryň hukuklary we borçlary berkidilýär. Her bir raýat kanunlarda bellenilen kadalara laýyklykda özüni alyp barmaly. Şoňa hukuk edebi diýilýär. Kanunyň talaplaryny berjaý edýän adam hukuk edebine eýedir. Bilşimiz ýaly, ahlak kadalarynda adamyň ynsan gatnaşyklarynda we şahsy durmuşynda özüni alyp barşy kesgitlenilýär. Agzalan talaplary berjaý edişiňe baglylykda hem seniň ahlak edebiň ýüze çykýar.
    SOWAL: — Ata, onda adamyň medeniýeti-de ahlak-hukuk edebine görä kesgitlenýärmi?
    JOGAP: — Hawa, köşegim, hut şeýle. Şahsyýetiň ahlak medeniýetinden onuň ahlak sowadyny, şoňa laýyklykda döreýän ahlak aňyýetini, şondan gözbaşyny alyp gaýdýan ahlak edebini görmek bolýar. Bularyň hemmesiniň aňyrsynda halkyň ahlak garaýyşlary we ýörelgeleri saklanyp, onuň binýadynda döwletiň kanunlary bar. Kanunlaryň hili pes ýa-da döwrüň talaplaryndan yza galýan bolsa, onda adamlaryň hukuk medeniýetem kämil derejede bolup bilmez. 
    SOWAL: — Ata, aýdanlaryňyzdan ugur alnanda, ahlak kadalaryna düşünmegiň öz jogapkärçiligi hem bar ýaly. 
    JOGAP: — Oglum, edil hukuk kadalary bozulandaky ýaly jogapkärçilik ahlak kadalarynyň talaplary bozulanda hem döreýär. Dogry, bu ýerde hiç hili mejbury çäreler ulanylmaýar, sebäbi ahlak kadalarynyň ýerine ýetirilmegi meýletinlige esaslanýar. Ýöne jemgyýetiň ýazgarmagy we ahlaksyz adamy özünden çetleşdirmeginiň täsiri hem uludyr. Tejribede ahlak temmileriniň başga görnüşleri-de ulanylýar (utandyrmak, duýduryş bermek, düzelmek üçin möhlet bellemek, tertibe çagyrmak, terbiýeçilik işlerini geçirmek üçin maşgalasyny, okaýan ýa-da işleýän ýerini habarly etmek we beýlekiler). Bu çäreler aýry-aýrylykda ýa-da toplumlaýyn hem ulanylyp bilner. 
    SOWAL: — Ata, ahlak temmisi nähili tertipde berilýär?
    JOGAP: — Köşegim, men kähalatlar agtyklaryma edepsiz hereketleri üçin käýinýän-ä, anha, şol ahlak temmisini bermek-dä. Ýaşulular toýda-märekede, ýolda-yzda, beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde edepsizlik görkezen ýaşlara bellik edýändirler, şol hem ahlak temmisini bermegiň bir görnüşi-dä. Düýplüräk ahlaksyz hereketlere günäliniň işleýän, okaýan ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça ýygnaklarda garalýar we oňa gatnaşýanlaryň sesleriniň köplügi esasynda çäre görülýär. Maksadam diňe bir etmişlini ýazgarmak däl-de, eýsem, ony dogry ýola salmak, ahlak bozulmanyň gaýtalanmagynyň öňüni almak, şeýle hem ýygnaga gatnaşýan adamlara çäräniň terbiýeçilik täsirini ýetirmek bolup durýar. 
    SOWAL: — Ata, onda diýmek, her bir jemgyýetde päk ahlakly adamlar hukuk edebiniň ösmegine-de oňyn täsirini ýetirýän bolmaly?
    JOGAP: — Hawa, köşegim, gaty dogry bellediň. Arassa ahlakly ynsanlar elmydama ýol görkeziji şamçyrag ýaly bolup, döwlet kanunyna-da, hukuk edebine-de diýseň ygrarly adamlardyr. Şeýle göreldeli raýatlar uly güýje öwrülip, jemgyýetiň sagdyn, durnukly bolmagyna ýardam edýärler. 
    SOWAL: — Ata, ahlaksyz hereketleriň öňüni almak barada öň gürrüň edipdiňiz. Bu işleri alyp barýan adamlara we olary diňleýjilere nähili talaplar bildirilýär?
    JOGAP: — Hawa, oglum, bu köpugurly iş. Olaryň hemmesi diýen ýaly wagyz-ündewe syrygýar. Bu işleri geçirýän adamlaryň kämil ahlakly, at-abraýly bolmaklary gerek. Onsoňam wagyz-ündew işleriniň netijeliligi olary guraýanlaryň bilim-sowadyna, ukypdyr başarnyklaryna-da bagly bolýar. Ýöne diňleýjiniň ýeterlik yhlasy bolmasa, wagyz-ündew işiniň miwesi zaýa bolýandyr. Şahyr K.Gurbannepesow juda jaýdar belläp geçendir: «Öwretmek beýle bir agyr iş däldir, öwrenmek — şol juda uly wezipe» diýip. Şonuň üçinem atalar pähiminde: «Okadym diýme, bildim diý» diýilýändir. Adam her bir işde özüne berkden-berk talap bildirmäni başarmaly, şu häsiýeti endigine öwürjek bolmaly. Maksadyňa 
ýetmek üçin kyn-da bolsa dogry ýoly, ýagny ahlagyň we kanunyň talaplaryna doly gabat gelýän ýoly saýlap almaly.
    Eziz ýaşlar, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň bize miras galdyran ruhy-ahlak medeniýetine berk eýermek arkaly okanymyzda, işlänimizde we ýaşanymyzda türkmen jemgyýetinde kämil ahlagyň höküm sürjekdigi, kanunyň we adalatyň dabaralanjakdygy, düýpli we ygtybarly ösüşleriň dowam etjekdigi şübhesizdir.