SÄHRAÝY ADAMLAR BILEN GIŇ SÄHRAMYZYŇ KEREM-KERAMATY BARADA SÖHBET

    Isle daýhan, isle demir ussasy, isle-de çopan... Diňe bir kärden çörek iýen adamlaryň gören-eşidenleriniň agramsyzy ýok. Bu gezegem şol düşünjäme gol ýapdym. Babadaýhanyň Ýusup Gurban adyndaky obasyna geldim. Çary Mergeniň dogduk mekanyna. Meni bu oba getiren, şol atly çopan baradaky eşiden ikagyz gürrüňim boldy. 
    Akmyrat Durdymyrat diýýärler. Asyl käri zootehnik. Men gürrüňdeşligi: «Siz Çary Mergeni gören bolmaly?» diýen sowal bilen başladym. Ol meniň sowalyma gönümel jogap bermän, başgarak hörpden gopdy: «Bilýäňmi näme? Ilki men saňa bir zat aýdaýyn. Sagdyn pikiriň başy maşgaladan başlanýandyr. Maşgaladaky sagdyn gürrüňlerdenem sagdyn pikirli adamlar döreýär. Çary Mergenem sagdyn ýerden çykan adam. Kakasyna Mergen aga diýerdik. Olaryň asly hem çarwa adamlar. Çarwalar tebigatyň sazlaşygyna diň salýan adamlardyr. Hany onsoň, şu gürrüňleri baglanyşdyr? Çary Mergeniň, beýlekisiniň hakyky çopançylygynyň düýbüniň nireden başlanýanyna düşünersiň. Soňam näme, ýiti synçylygam, üşükliligem, gaýratlylygam, arassalygam, hallalygam zerur». 
    Dogrusy, men gürrüňdeşimden Çary Mergeniň çopan döwri başyndan geçiren dürli-dürli wakalaryny eşitmekçidim. Ýöne çopanlaryň dünýäsini bäş-üç sözlemde açyp beren adama minnetdar bolup yzyma gaýdyberdim. «Çopan diýiläýýär welin... Gör, muny? Asyl, nireden getirip çykardy? Akmyrat aganyň çopançylyk barasyndaky aýdan pikirleri ýöntem däl. Ýogsa-da, meniňem gören çopanlarymda diýilýän zatlar ýok däl ahyryn» diýip, ýolugra öz ýanymdan öwren pikirimi Eýeberdi Sapardurdynyň, Muhammetmyrat aganyň, Bäşim Pürsiniň edip beren gürrüňleri böläýdi. 
    Ýaýylyp ýatan çöl... Goşdaky erkek düýe ilkagşam burnuna ýel salyp, paz-paz eder. Ertesi ýalançy ýagtylyp-ýagtylmanka ören goýunlaryň gezimi ýeňildir. Ot tutmaz. Şu hasaplardan soň, gaty daşa gitmän gaý-harasat turar. Onsoň goýunlaryňy ýelede bakybergin. Ýeleden yga sürüp gelmek aňsat bolar. Turjak gaý-harasady Aý-Günüň daşyna aýlanýan bulutlaram aýdar. «Aý agyllasa gaý bolar, Gün gulaklasa maý...» diýlen söz ýöne ýerden döränok. Çala üşügiň bolsa, gaý-harasada ahmal galaýaňda-da süriniň öňünde ot ýakyp ýetişersiň. Ody söndürmän, egniňe oýlugyňy at-da, taýagyňy kak-da durubergin. Ýöne bir şert bilen. Sürini bir ädimem eýläk-beýläk üýtgetmän. Şonda süriniň gitjek ýeri bolmaz. Uzaga gitmän howanyň bulaşyklygam tükener. Mallaryňam başbitindir. 
    Garynjalaryň hininiň agzyna çykarýan gumlary ýaýrawrak bolsa, gyşyň çykdygydyr. Hininiň agzyndaky gumlary çüreldip ugrasa gyşa girdigiňdir. Muny guş-gumry hem aňdyrýandyr. 
    Çöl-sähranyň ähli ýeri birmeňzeş ýalydyr. Azaşmak gaty aňsat. Ýöne üýtgewsiz ýyldyz bardyr. Demirgazyk ýyldyzy. Şony sag egniňe alyp durarsyň welin, öňüň-ä ileri bolar, arka tarapyňam gaýra. Galan ugurlaram şolardan çen alyber. Bardy-geldi asman garalsa, diýlen ýyldyz bolmasa, ýylaşan gara çüýrükleriň (ýylaşan ýandaklar) seredip oturan ugry demirgazygadyr. 
    Çopan boljak bolsaň gezýän ýerleriňe öte belet bolmaly. Öňüňdäki goýunlar bäş-on sany däl-dä. Onsoň giden sürini bir ýere sürüp alyp gitseň, o ýerde hem öri bolmasa?! Bolmaz. Sen şol barjak ýeriňe öň haçan baryp gaýtdyň, ýene barsaň näçeräk oňarsyň, o zatlaryňam hasaby bolmaly. 
    Möjek goýun sürüsine urar. Goşdaky çaga güjük namys edip, şol möjegiň giden ugruna uzakly gije üýrer. Daňa golaýam şol güjüjegiň yňk-yňky eşidiler durar. Çaga güjügiň bu yhlasy birnäçe aýdan soň meýdanyň möjek-gurduna garaw görkezjegidir. Möjegiň süreni bolup çagalan ýerinde goýun-guzyňdan arkaýyn bolaýmalydyr. Degjek gümany bolmaz. Sähranyň täsin sazlaşygynyň bolşy ýaly, gapma-garşylygam bardyr. Goýun goraýan itleriň hersiniň öz işi bardyr. Biri süriniň öňüni arassalap gider, biri gapdalyndan. Itlere ürküm, hüşt-hüşti güjükliginden öwredilmeli. Goýunlar kirpi ýa zemzen görüp ürkende hem köne endik gaýtalanmaly. Möjegem ederini bilýän haýwan. Goşdaky itlerem gören ýerinde ýatýan däldir. Öz çäkleri bardyr. Bu çäk pozulsa, goşdaky uly itiň gazabyna garaşaýgyn. 
    Süriniň öňüni çekýän erkejiňem häsiýetli bolmaly. Köne çopanlar erkeç boljagy owlaklykdan synlap ugrarlar. Jaňly erkeji goltuklap gezýän owlaklar onuň ähli hereketini öwrenýändir. Sebäbi ol süriniň serdary. Süri örüden gelende, ýatjak bolanda hersinde erkejiň jaňynyň sesi üýtgeşik çykar. Süri örende birhili, süri örüp ugrajak bolanda-da başga tüýsli ses eder. Sen onsoň ýatan ýeriňden erkejiň jaňyna diň salyber. Eger erkejiň boýnundaky jaňynyň bermeli sesini bermän, çopana duýdurman gidiberse oňa «ogry erkeç» diýilýändir.
    Goç-guzy döwri... Köpelýän wagtlary. Agralan goýunlaryňam gezimi üýtgedilýär. Daşa gitmän töweregräkde bolunýar. Parahat otladylýar. Ol indi ýene bir jan göterýär. Oňarsaň şo döwür çopan-çolugynam ýerinden üýtgetme. Goýnam bolsa duýgur bolýar. Çopanyny çalyşdygyň garaşan guzularyňdan el ýuwaýmalydyr. Bulam arly ýyl azabyň dälmi?! Asla-da, oňarsa çopan känbir egin-eşiginem üýtgedip durýan däldir. Goýunlar del ys alsa, öňküligi bolmaz. 
    Göräýmäge, sähranyň otunyň-çöpüniň zyýany ýok ýalydyr. Ýöne çöldäki guýularyň birine ýekeje ojar bölegi gaçsa, şol guýudaky suw derege ýaramaz. Bu ýagdaýa kän gabadam gelnip durlanok. 
    Bakýan goýun süriňdäki goýunlardan birini-ikisini her golda galdyryp ýörseň bolmaz ahyryn. Ýogsamam, bary hem birmeňzeş goýunlar. Ýöne olaryňam häsiýetleri dürli-dürli bolýandyr. Öňräkde gezip meýdanyň sonaryny çirtip iýýänlere «sonarçyl» diýilse, gapdalda gezýänlere «çetçiller» Yzrakda süýrenip gezýänlere-de «bagrawlar». Şeýdip sonarçyllarynam, çetçillerinem, bagrawlarynam bellärsiň. Şolara görä-de tükelleseň, galan-gaçanyň bolmaz. 
    Guýy, kak suwy... Bilmeýäne ikisem şol bir suw ýalydyr. Ýöne guýunyň suwy gyşyna ýyly bolsa, tomsuna-da sowukdyr. Onsoňam guýy suwuny içen goýunlar aňsat gurtlap-beýleki etmez. Kakyň suwunda, akar suwda gezseň gurtdan saplanman geçersiň. Gurt diýlende? Ýara-beýleki düşse, derman gözläp ýörmeli däl. Öňräkden najadyňy garap bilseň, garaýagyň bolaýmalydyr. Goýunlaryň çöründen alynýan ýag... 
    Çöl-sähranyň mör-möjegi özüňe belli. Ýylanmydyr içýan... Ana, onsoň mydama goşa gelip bolaýýarmy?! Gözüň awusyny alaýyn diýseň, ýatjak ýeriňden goýun sürüsini geçiräýgin. Ýa bolmasa, goýnuň ýüňünden işilen ýüpi ýatjak ýeriň töweregine aýla-da goýaý, ýylan-içýan gelmänjik geçer. Käte näme, şeýle-de bolýar. Goýun birden gölerip pyçaga gelse, «ýylan çakdymyka?» diýlen güman gitse, birje ýerini dilip goýberäýgin. Sary suw akyp dursa şol goýny ýylanyň çakdygydyr. «Düýäni gotur tükeder, goýny titir». Şu aýdylan sözdäki titire kän gabat gelersiň. Göreňde ürküzilen kirpini ýadyňa salar. Şonda goýun kän gezdirilenok. Şor bolansoň, ony iýen goýunlar köpräk suw içip heläk bolaýýar... 
    Çopanlardan eşidenlerim ýadyma agram salmaýanam bolsa, ýüregimi, dünýämi azajyk agraldyp geçmişe göterdi. Olaryň bir gün däl, iki gün däl, ýyllaryň dowamynda başyndan geçirenlerini gözümiň öňünden geçirmäge çalyşdym. Başartmady. Megerem, sähranyň syrly dünýäsine düşünmek üçin, çopanlaryňky ýaly sähraýy gursak, sähraýy parasat gerek bolsa gerek. Ýene bir zat aýdaýynmy?! Size aýdyp beren gürrüňlerim sähraýy adamlaryň adaty günleriniň bir bölejiginden....