Suwuň saglyga peýdasy

    Adamyň ýaşaýşy we sagdynlygy üçin suwuň örän uly peýdasy bardyr. Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem suwy ýaşaýşyň çeşmesine deňeýärler. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam berýär. Şeýle hem suw aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar. Şonuň ýaly-da, bedeniň gyzgynyna hem täsir edýär.
    Ylymda suw bilen baglanyşykly ençeme işler edildi, onuň düzümi we peýdasy, durmuşdaky orny barada alymlaryň işlerinde duş gelýär. Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr. Iň esasy bolsa, käte biz ajygan mahalymyzda hem suw içmegi ýola goýmaly. Bu agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär. Sebäbi suw adamyny dok halda saklamaga hem ukyplydyr. 
    Suw adamynyň derisini hem çyglandyrýar. Şeýle hem bedeniň tebigy süzüjisi bolan böwrekleriň has netijeli we sazlaşykly işlemegi üçin zerurdyr. Suwy kadaly ýa-da oýlanyşykly içilende, onda bedenden gerekmejek galyndylary ýa-da zäherli maddalary çykarmak bolýar. 
    Suw bogunlaryň tebigy çalgysydyr, çünki ol bolmasa, bedende damarlaryň çekmegine, agyrynyň peýda bolmagyna mümkinçilik döreýär. Suwuň düzümine adama gerekli maddalaryň köpüsiniň girýändigini hem bellemek gerek. Ýagny, bulara kalsiý, magniý, natriý, kaliý ýaly maddalar degişlidir. Şonuň üçin hem suw ýürek myşsalaryň işjeňligini, nerw geçirijiligini artdyrýar. Kalsiý süňkleri we dişleri berkidýär, magniý bolsa myşsalaryň we nerw dartgynlygynyň gowşamagyna ýardam edýär. Elbetde, bu maddalara mineral suw örän baýdyr. 
    Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, adam günüň dowamynda iki ýa-da üç litr suw içmeli. Özi hem häzirki yssy howaly günlerde gaýnadylyp sowadylan suw içmek maslahat berilýär. Sebäbi gaýnag suw bedende madda alyş--çalşygy güýçlendirýär. Bularyň hemmesi adam saglygyna suwuň örän peýdalydygyny aýdyň görkezýän delillerdir. 
    Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýöretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu asylly ýörelgeleri ýöretmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şonuň üçin hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmagy, kadaly iýmitlenmegi, gaýnadylyp sowan suwy içmegi endik edinmelidiris.