Kadaly iýmitlenmegiň düzgünleri

    Ynsan saglygyny goramakda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti uludyr. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda kadaly gün tertibiniň ähmiýeti örän uludyr. Kadaly gün tertibi her ýaş üçin we ýerine ýetirilýän işe baglylykda aýry-aýry düzülmeli. Şunda kadaly iýmitlenmäge uly üns bermeli. 
    Kadaly iýmitlenmek diýip günüň dowamynda bedeniň kadaly işjeňligi üçin gerek bolan maddalaryň öwezini dolmaga ukyply bolan iýmit önümleriniň toplumyna aýdylýar. Yssy howa şertlerinde kadaly gün tertibine laýyklykda, hökmany suratda mineral maddalara we witaminlere baý bolan gök önümleri ulanmaklyk we şonuň bilen bir hatarda hem bedeni gerek bolan suw bilen üpjün etmek derwaýysdyr. Yssy howa şertlerinde bedenden derlemek arkaly suw we mikroelementler bölünip çykýar. Şonuň üçin hem howanyň yssy wagty mineral bilen baýlaşdyrylan dürli içgileri, miwe şirelerini, gök çaýy, süýt önümlerini içmeklik peýdalydyr. Yssyda gezim edilenden soňra mineral bilen baýlaşdyrylan suwuň içine bir bölek limon atylyp içilse, bedeniň işjeňligi üçin gerek bolan С witamininiň we mikroelementleriň öwezini dolmaga ýardam berýär. Şu ýerde ynsan bedeni üçin peýdaly içgiler dogrusynda durup geçeliň:
    Halkymyzyň gündelik durmuşyny gök çaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Gök çaý beden işjeňliginde emele gelen, beden üçin zyýanly bolan aram birleşmeleri aradan aýyrýar, antioksidant häsiýete eýe bolup durýar. Şeýle hem teşneligiňi gandyrmakda örän ähmiýetli. 
    Üzüm şiresi beden berkidiji häsiýete eýe bolup, öz düzüminde köp mukdarda glýukoza we kaliý saklaýar. Esasan hem, gara üzümiň düzüminde kaliý köp saklanýar. Üzüm şiresi bedenini berkitmek isleýän adamlara maslahat berilýär, şeýle hem sport bilen meşgullanýan adamlar üçin peýdasy uludyr. 
    Sitrus şireleri — ähli sitrus miweleri (limon, mandarin, greýpfrut, pyrtykal) С witaminine baý bolup, bedene güýç-kuwwat berýär. Şonuň bilen bir hatarda, P, B1 witaminlerine we foliý turşusyna hem baýdyr. 
    Tomus paslynda uly höwes bilen iýilýän datly bakja önümleriniň biri hem garpyzdyr. Garpyz karotine, С, B1, B12, B6 witaminlerine we kaliý, kalsiý, fosfor ýaly mikroelementlere baý bolup, teşneligi gandyrmakda örän ähmiýetli önümleriň biridir. 
    Şeýle içgileriň hataryna süýt önümlerinden taýýarlanan içgiler hem girýär. Süýt önümlerinden taýýarlanan içgilere: çal, agaran, aýran, gatyk ýaly içgiler degişlidir. Bu içgiler bedene gerek bolan witaminleri, mikroelementleri, suwuklygy bermek bilen çäklenmän, eýsem, belli bir mukdarda belogyň we ýagyň hem çeşmesi bolup durýar. Şol sebäpli bu önümler ähli ýaşdaky adamlar, şeýle-de berhiz saklaýanlar üçin hem örän ähmiýetlidir. 
    Umuman aýdylanda, sagdyn iýmitlenmek, kadaly düzülen gün tertibi, sport bilen meşgullanmak, bedeni taplamak ähli ýaşdaky adamlar üçin peýdaly bolup durýar. 
    Mähriban ildeşler! Öz saglygyňyzy goramak siziň eliňizde, şonuň üçin hem bereketli saçagyňyzda hemişe gök önümleriň, miweleriň, bakja önümleriniň bolmagyna üns beriň!