«TÜRKMENMETBUGAT» INTERNET NEŞIRI: TÄZE HYZMATLAR, GIŇ MÜMKINÇILIKLER

    Islegleriň köplügini gazanmak üçin islendik zatdan täzelik agtarmak hem ony durmuşa geçirmek häzirki zaman jemgyýetiniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri. Täzeçillik hemişe-de uly gyzyklanmalary döredýär, kämillige tarap iterýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli pudaklara täzeçilliklerdir döwrebap innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Danalaryň biri: «Eger islegleriň köplügini gazanaryn diýseň, ýetilmesi aňsat ýa-da ýetilen sepgitler hakynda däl-de, ýetilmesi aňsat bolmadyk närseler hakynda gürrüň et hem ony amal et. Şonda sen beýik sepgitlere ýetmäge bütin düýrmegi bilen taýýar bolan tutuş bir adamlaryň toparyny görersiň» diýýär. Bu sözler ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, döwlet syýasatyny «Döwlet adam üçindir!» diýip kesgitlän hem ony amal edýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli möhüm başlangyçlary bilen gönüden-göni utgaşyp gidýär.
    Mälim bolşy ýaly, irki döwürlerde ata-babalarymyz ýurduň islendik künjeginde bolup geçen wakalary birnäçe günden soň eşider ekenler ýa-da daşlara, mallaryň derilerine gysgajyk habarlary ýerleşdirip, biri-birine habar eder ekenler. Geçen döwür taryh bolup galýar. Adamlaryň aň-düşünjesiniň ösmegi bilen habarlary dessin halk köpçüligine ýetirmek kämilleşdi. Häzir ýurdumyzda 30-a golaý gazetdir žurnal neşir edilýär. Olar arkaly ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalar, täzelikler bilen tanyş bolýarys. Dürli mowzukdaky makalalar milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz barada gyzykly gürrüň berýär.
    Hawa, ähli ugurlaryň ösüş-özgerişlerini, döwlet durmuşynyň möhüm wakalaryny köpçülige ýetirmek, olaryň ähmiýetini düşündirmek, ilkinji nobatda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak ugrunda degerli işler alnyp barylýar. 
    Biziň häzirki ýaşaýan jemgyýetimizi internetsiz göz öňüne getirip bolanok. Şonuň üçin hem ýurdumyzda internet hyzmatlaryny ýokarlandyrmak, şeýle-de ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda 2025-nji ýyla çenli sanly ulgama geçmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde bolsa Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilýän gazet-žurnallary elektron görnüşe geçirmek babatda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary üstünlikli durmuşa geçirilýär. 
    Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşyk düýpgöter tapawutlandy. Gazet-žurnallara abuna ýazylyşyk iki görnüşde — çap edilýän hem-de elektron görnüşli neşirler boýunça geçirildi. 1-nji iýuldan öz işine başlaýan täze elektron neşire abuna ýazylyşyk okyjylarda uly seslenme döretdi. Oňa abuna ýazylan her bir okyjy özüniň öýjükli telefonyna, planşedine ýa-da kompýuterine internet torundan «Türkmenmetbugat» elektron neşiriniň ýörite taýýarlanan programmasyny «Play Market» hem-de «App Store» internet gollanma dükanlaryndan ýükläp alyp, onuň üsti bilen abuna ýazylyp, gündelik wakalary gyzgyny bilen okap biler. Abuna ýazylyşykda okyjynyň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýörite sanly ulgam arkaly telefon belgisiniň ýa-da bank kartynyň üsti bilen elektron neşire nagt däl görnüşde töleg tölap, abuna ýazylyp bilýändigini aýratyn bellemegimiz gerek. 
    Ýadyňyzda bolsa, 2019-njy ýylda «metbugat.gov.tm» internet saýty işläp başlapdy. Saýtda döwürleýin neşirleriň elektron nusgalary (pdf) ýerleşdirilýär. Okyjy her günki çap bolýan gazetlerden özüne gerek neşirini elektron nusgada ýükläp alyp bilýär. «Türkmenmetbugat» internet neşiriniň «metbugat.gov.tm» internet saýtyndan tapawutly tarapy, saýtyň üsti bilen okyjylar gazetdäki makalalary doly okamak üçin hökmany suratda gazetiň elektron nusgasyny (pdf) ýükläp almaly bolýar. Ýöne täze internet neşirinde okyjy gazetlerde neşir edilen makalalary aýry-aýrylykda okap bilýär. Munuň özi okyjylar üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň biridir. Okyjy neşirde ýerleşdirilen her makalanyň ýa-da habaryň sözbaşysynyň üstüne basyp, maglumatlar bilen giňişleýin tanşyp bilýär. Şonuň bilen birlikde abunaçy saýlap alan gazeti ýa-da žurnaly baradaky esasy maglumatlary — redaksiýanyň esaslandyryjysy, salgysy, telefon belgileri, şeýle-de elektron salgysy bilen tanşyp bilýär.
    «Türkmenmetbugat» internet neşiri bilen gysgaça tanyşdyrsak, onda neşire abuna ýazylan okyjy, ilki bilen, gündelik syýasy wakalar bilen tanşyp bilýär. Gazetde ýa-da žurnalda ýerleşdirilen makalalary okamak bilen gyzyklanýanlar üçin programmanyň ýokarky burçunda «Baş sahypa», «Habarlar», «Gazetler», «Žurnallar» ýaly bölümler bar. Şol bölümleriň üsti bilen özümize gerekli habarlary, gazeti ýa-da žurnaly saýlap alyp, ondaky täzeliklerdir makalalary okap bilýäris. 
    Internet neşiriniň aýratynlyklary barada gürrüňimizi dowam etsek, onda neşirde ýerleşdirilen makalalary ýörite rubrikalar boýunça okamak mümkinçiligi hem bar. Häzirki wagtda «Bitaraplyk», «Hyzmatdaşlyk», «Ykdysadyýet», «Jemgyýet», «Medeniýet» we beýleki bölümler hereket edýär. Okyjyny haýsy ugur gyzyklandyrsa, ol özüne gerekli makalany rubrikalaryň kömegi bilen aňsat tapyp bilýär. 
    Üç dilde hereket etjek täze elektron neşiriň aşaky burçunda «Sazlamalar» diýlen ýörite bölüm bar. Onda okyjy baradaky maglumatlar, onuň telefon belgisi, şeýle-de abuna ýazylan möhleti, abuna ýazylyşygynyň näçe gününiň geçendigi ýa galandygy baradaky maglumatlar ýerleşdirilen. Bölümleriň ýene birinde okyjylar tarapyndan iň köp okalýan gazetdir žurnallar, olarda ýerleşdirilen makalalar görkezilýär. Bu bolsa neşiriň okyjylarynyň haýsy gündelik gazeti, haýsy makalany uly gyzyklanma bilen okaýandygyny sanly ulgamyň üsti bilen bilmek mümkinçiligini döredýär. Elektron neşiriň iň amatly taraplarynyň biri hem oňa okyjylaryň abuna ýazylyşygynyň möhletini öz islegine görä saýlap bilmegidir.
    Indi raýatlarymyz ýolda, işde, ekin meýdanlarynda, islendik ýerde gazetdir žurnallardaky makalalary täze elektron neşiriň — «Türkmenmetbugatyň» üsti bilen öýjükli telefonlaryndaky ýa-da kompýuterlerindäki programmanyň üsti bilen okap bilerler. Munuň üçin häzirki wagtda ýurdumyzyň islendik künjeginde internet hyzmatynyň elýeterli bolmagy üçin zerur şertler döredilen. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan ýerlerde ýaşaýjylar üçin internet hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Bu bolsa gije-gündiziň dowamynda internetiň bökdençsiz işlemegine mümkinçilik berer.