HAKYKATYŇ DIŇE BIR ÝOLY BAR

    Munuň özi milletiň Lideriniň synmaz syýasatyna öwrülen parasatdyr
    Hormatly Prezidentimiz: «Biziň ýolumyz döretmek ýoludyr» diýýär. Döretmek bilen ynsan kalby gözelleşýär, ynsan ylymlaryň umman ýaly çuň, asman ýaly belent giňişliklerine aralaşýar, ýaşaýşyň hakyky eşretlerine ýetýär. Bu gün hut şeýle ýol bilen täze döwür, täze döwran gurulýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy düýpli täzelenýär. Erkinlik, adalatlylyk, her kişiniň öz zehinine, zähmetine görä ýaşamak hukugy berkeýär. Şeýle ajaýyp döwrüň, ajaýyp durmuşyň kemal tapmagynda, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliginiň giňelmeginde Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän işleriniň bahasyna ýetme ýok.
    Hormatly Prezidentimiziň her sözi gymmatly. Milli medeniýetimiz bilen baglanyşykly aýdýanlaryna hem biz döredijilik adamlary hökmünde mydama dykgat bilen seredýäris. Milli Liderimiz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýär. «Medeniýet halkyň ahlak we ruhy ýörelgesidir» diýýär. Gahryman Arkadagymyz Watany beýgeltmegi, ynsanlyk mertebesini ýokary tutmagy, parahatçylygy hem dostlugy wasp etmegi, ynsanperwerligi hem hoşniýetliligi dabaralandyrmagy adamyň kämillige ýetmeginiň ýoly hasaplaýar. 
    Milli Liderimiz halkymyzyň ruhy-medeni mirasynyň gymmatyna örän çuňňur düşünýär, bu ugurda iş bitiren şahsyýetlerimize aýratyn sarpa goýýar. Ýurdumyzyň ösüşlerini, halkymyzyň eşretli durmuşyny gazanmakda bu günki taryhy özgertmeleri amala aşyrmagyň nähili zerurdygy, hökmanydygy düşnüklidir. Hormatly Prezidentimiziň juda dogry belleýşi ýaly, özgertmeler täze eýýamyň, täze jemgyýetiň keşbini emele getirýär. Medeniýetiň halkyň kalbydygyny, ahlak we ruhy ýörelgesidigini nygtaýan Gahryman Arkadagymyz özgertmeleri amala aşyrmaga badalga berende, olary amala aşyranda, ine, şu belent paýhasy ileri tutýar. Diýmek, ruhy-medeni gymmatlyklarymyz, beýik şahsyýetlerimiziň köp asyrlaryň dowamynda döredip gelen, milletiň aňyna hem ýüregine ornan eserlerindäki iň nurana jümleler, parasatly pikirler döwlet syýasatynyň özenini düzýär, döwlet binasynyň berkemeginiň esasynda durýar. Munuň özi döwlet bilen halkyň jebisligi, bitewüligi diýmekdir. Döwlet bilen halkyň jebisligi, bitewüligi bolsa, milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligidir, rowaçlyklarymyzyň gözbaşydyr. Ine, iň esasy zat, biziň hemmämizi buýsançly edýän, dünýäde deňli-derejeli edýän zat şudur — öz döwletimiz bilen bitewüligimizdir, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saýasyndaky erkana durmuşymyzyň gadyryny bilmegimizdir!
    Döwlet Baştutanynyň wezipesini amala aşyryp başlan pursatlarynda Garaşsyzlygymyzy berkitmekde, ýurdumyzy ösdürmekde öz halkyna bil baglaýandygyny aýdan Gahryman Arkadagymyzyň bu ynanjy öz miwelerini berip geldi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ösdürmegiň, taryhy maksatnamalary amala aşyrmagyň ýolunda birleşen tagallalaryň zerurdygyny nygtaýar. Hemişe: «Halkym!» diýip ýaşaýan Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň güýç-gaýratyna ynanyp hem daýanyp, ýurdumyzda bagtly durmuşy döretmek üçin mümkin bolan ähli işleri bitirip gelýär. Taryhy özgertmeler halkymyzyň, ýurdumyzyň, berkarar döwletimiziň mertebesine mertebe goşup, at-abraýyny dünýä ýaýyp gelýär. 
    Gahryman Arkadagymyz halk, ýurt üçin zerur zatlary hemişe ýitilik bilen görýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasady halkyň durmuşyny nurlandyryp, diňe şu günlere däl, geljege-de hyzmat edýär. 
    Hawa, milli Liderimiz öz halkyna guwanjyny, ynanjyny mälim edýär. Halkyň ägirt uly döredijilik güýjüniň bardygyny, şol güýji doly galkyndyrmak bilen ähli beýik maksatlara üstünlikli ýetmegiň mümkindigini aýdýar. Täze döwri döretmekde hem ösdürmekde, täze maksatlara ýetmekde, täze ruhy, ykdysady özgerişleri amala aşyrmakda, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmakda, ýurdy gülläp ösýän senagatyň, dünýä bazarlarynda geçginli önümleri öndürmegiň, innowasiýalaryň ýurduna öwürmekde, sanly bilimi, sanly ykdysadyýeti ýola goýmakda, milletiň hem döwletiň dünýädäki mertebesini, at-abraýyny belende götermekde Gahryman Arkadagymyzyň bitiren we bitirýän işleriniň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz.
    Beýik Magtymguly türkmeniň göterilen ykbaly hakynda aýdypdyr. Munuň özi döwletlilik hakyndaky gürrüňdir. Türkmeniň telim asyrlyk arzuwydyr, maksat-myradydyr. Gahryman Arkadagymyz bu arzuwy durmuş hakykatyna öwürdi, şeýdip türkmeniň ykbalyny belende göterdi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz döwletliligimiziň hiç mahal synmazlygy, berkarar döwletiň saýasynda bagtly durmuşyň çuňňur kök urmagy üçin taryhy hyzmatlary bitirip gelýär.
    Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesi bilen baglanyşykly, köpasyrlyk taryhymyzy şöhratlandyryp gelýän gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly anyk hereketlerinde hem, ylymda, döredijiligiň dürli ugurlarynda bitirýän işlerinde hem hemmelere görelde. Bu beýik görelde her bir ata-enäniň öz nesillerini dogry ýola gönükdirmegi, olaryň zehinini açmagy üçin hem zerurdyr. Biziň göwnümizi hem ömrümizi doldurýan nesilleriň kämil adamlar, bu günki taryhy işleri mynasyp dowam etdirijiler, Döwlet senamyzyň hemişe belent ýaňlanmagy, Döwlet baýdagymyzyň hemişe erkana pasyrdap durmagy ugrunda tagalla edip, öz durmuşlarynyň manysyny hut şunda görjek adamlar bolmagy üçin hem zerurdyr. 
    Gahryman Arkadagymyzyň her bir hereketi, mysal üçin, öz agtyklary bilen dabaralara barşy, gezelençlere çykyşy, agtygy Kerim bilen döredýän eserleri, ol eserleri halkymyza ýetirişi bilen tanşyp, her sapar şu ajaýyplyk, şu görelde hakynda oýlanýaryn. Şeýle pursatlarda milli Liderimiziň bu açyk, aýdyň göreldesiniň köpasyrlyk taryhymyzdaky beýik göreldäniň şu günki mynasyp dowam etdirilmesidigi hakynda hem oýlanýaryn. Ata-babalarymyz nesillerini şeýdip ýetişdiripdirler: olar bilen bile bolupdyrlar, olara ýagşy hereketlerini görkezipdirler, päk niýetlerini aýan edipdirler, däp-dessurlary, ýörelgeleri, hünärleri öwredipdirler, olaryň ýüreklerini halka, ýurda söýgüden doldurypdyrlar. Ata-babalarymyz şeýdip öz geljekleriniň abat bolmagyny, nesilleriniň dowamat-dowam bolmagyny, milletiň ýaşamagyny, döwletiň şöhratlanmagyny gazanypdyrlar. 
    «Görogludan» mysal alalyň! Jygalybeg öz agtygyna at seýislemäni, at münmäni, atlaryň aýratynlyklaryny, dürli häsiýetlerini, mertligi, gaýratlylygy, myhmansöýerligi, ýurduňy söýmegi, il-halkyňa ynanmagy, her bir döwletli işde halkyň geňeşini almagy, başga-da köp gowy zatlary öwredýär. Şeýle göreldeler asyrlardan gelýän belent owazlardyr, ata-babalarymyzdan bize sargytlardyr, hökman dowam etdirilmeli gymmatyna ýetilmez göreldedir. 
    Haýsy asyr, haýsy döwür — parhy ýok, geçen müňlerçe ýyllyk menzilinden geljege uzaýan ýolunda halkymyzyň ruhunda birlik, pikir-garaýşynda üznüksiz baglanyşyk, ýakynlyk, bitewülik bar. Munuň özi durmuşyň islendik meselesi babatda şeýledir. Maşgala, nesil terbiýesi ýaly meselelerden başlap, iliňi-ýurduňy söýmek, milli mertebäňi goramak, öz döwletiňe hyzmat etmek ýaly meselelere çenli, bularyň ählisi adam bolup ýaşamagyň mizemez düzgünlerini, milli ýol-ýörelgäni düzüpdir.
    Hormatly Prezidentimiz şeýle milli kadalary döwlet syýasatynyň esasynda goýýar. Şol berk hem kämil kadalar dünýäde diňlenýär, dünýäde oňlanýar. Şol kadalaryň dünýäsinden syzylyp çykýan gymmatly başlangyçlary bilen Gahryman Arkadagymyz dünýäniň halklaryny we döwletlerini dost-doganlyga, hyzmatdaşlyga çagyrýar. 
    Il-ýurduňy janyňdan eziz görmek, çuňňur watançylyk, belent ynsanperwerlik... Bular köpasyrlyk taryhymyzda beýik söz ussatlarymyz, akyldarlarymyz tarapyndan şeýle bir ýokary derejä ýetirilipdir welin, halkymyz üçin ynam-imana, ömrüň manysyna öwrülipdir, päkize arzuwlaryna, belent maksatlaryna, bagtyna barýan ýolunda ony ýalňyşdyrmandyr.
    Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşlarynda nygtaýşy ýaly, dana atalarymyzyň parasady ynsan kalplaryny birleşdirip, aýdyma, ganatly sözlere, nakyla öwrülip gidipdir. Ol pikirler biziň günlerimizde hem bitewüligi, watançylygy, agzybirligi döredip, döwletimiziň, milletimiziň sarsmazlygyny kepillendirýär, ýeňişlerimiziň güýjüne, üstünliklerimiziň çeşmesine öwrülýär. Bu barada döwlet Baştutanynyň aýtmagy juda gymmatlydyr, aýratyn mana eýedir! Gahryman Arkadagymyz — ýurtda agzybirligi, parahatçylygy, özgerişi, ösüşi üpjün etmek baradaky ähli beýik, taryhy tutumlaryň gözbaşynda duran Ynsan! Öz işleri bilen Ýer ýüzüne abadançylyk, ylalaşyk, hyzmatdaşlyk, rahatlyk, dost-doganlyk nuruny çaýyp ýören beýik Şahsyýet! Her aýdan sözi döwlet syýasatyna, adamzat üçin erkana hem bagtyýar ýaşaýşyň şuglasyna öwrülýän türkmen Lideri! Görnüşi ýaly, şeýle belent derejäni, belent parasady bize köküni müňýyllyklaryň jümmüşlerine dirän, asyrlardan-asyrlara geçip, hiç könelmän, diňe kämilleşip, üsti doldurylyp gelinýän ruhy gymmatlyklarymyz berýär. Ol gymmatlyklar diňe bir halka hyzmat edýän gymmatlyklar bolman, bütin adamzada hyzmat edýän gymmatlyklardyr.
    Olar dürli asyrlara, dürli döwürlere degişli. Eýsem-de bolsa, olardaky gylyçdan ýiti, güneşden ýagty sözler, duýgy-düşünjeler aý-günlere, ýyllara, asyrlara, ähli döwürlere hyzmat edýär. Olar biziň şu günki watansöýüjilik, parahatçylygy goramak, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetlerimiziň, milli ýörelgämiziň esasynda durýar. Ýurdumyzda, sebitde, dünýäde abadançylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalarymyzyň berk sütünleriniň biri bolan, bütin dünýäde doly ykrar edilýän, goldanylýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugrunyň — Bitaraplygymyzyň özeninde durýar.
    Hormatly Prezidentimiziň il-halkyň öňünde uly hyzmatlary bitiren görnükli şahsyýetlerimize garaýyşlarynyň aýratyn ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyz şol şahsyýetleriň ýadygärligini ebedileşdirip, olaryň işlerini dowam etdirmäge, mähriban Diýarymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmaga çalyşýandygymyz barada aýdýar. Bu sözüň manysynyň juda çuňdugyna düşünmek zerur. Ýurdumyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmagyň örän möhüm ugry, birinjiden, öz işleri bilen öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimize buýsanjymyzy hemişe belende götermekden, ikinjiden, olaryň işlerini mynasyp dowam etdirmekden ybarat. Gör, nähili belent parasat! Asyrlaryň içinden geçip, doly ykrar gazanan, bu gün milletiň Lideriniň beýik syýasatyna öwrülen parasat! «Hakykatyň diňe bir ýoly bar» diýlen sözüň manysyna şundan hem düşünmek mümkin. Hak işi jäht tutup, dogry ýoldan barýan, öz bagtyny, mukaddesliklerini goraýan halka we onuň perzentlerine hemişe rowaçlyklar ýardyr.