«TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY» ŞYGARY BILEN GEÇIRILÝÄN «TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

    Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini bütin dünýäde dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde döredijilik toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini beýan edýän filmleri we wideorolikleri döretmek boýunça «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. 
    Bäsleşik 2020-nji ýylyň iýun — noýabr aýlarynda bäsleşige niýetläp filmleri we wideorolikleri taýýarlajak döredijilik toparlarynyň arasynda geçirilýär.
    Bäsleşige hödürlenýän filmler we wideorolikler bir awtor tarapyndan ýa-da döredijilik toparynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenilip bilner. 
    Filmlerde we roliklerde hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, halklaryň arasynda dostlugy we ylalaşygy berkitmek, raýat jemgyýetini pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri beýan edilmelidir. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykdysady ähmiýeti hakyndaky seljermeler we maglumatlar bolmalydyr, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan we halkara guramalar: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetini, çuňňur many-mazmunyny açyp görkezmäge üns berilmelidir, hormatly Prezidentimiziň ekologiýa, energetika, üstaşyr ulag geçelgeleri baradaky syýasaty öz beýanyny tapmalydyr. 
    Taýýarlanylýan filmlerde we wideoroliklerde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň waspy ýetirilip, olar göwnejaý sazlar we tekstler bilen bezelmelidir.
    Bäsleşigiň ýeňijileriniň döreden filmleriniň hem-de wideorolikleriniň türkmen we daşary ýurt teleýaýlymlarynda, şeýle hem tanymal media ulgamlarynda görkezilmegi üpjün ediler. 
    Bäsleşige gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň 5-nji noýabryna çenli öz taýýarlan filmlerini we wideoroliklerini Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasyna ibermeli. 
    Hödürlenen işlere döredijilik özboluşlylygy, ýokary çeperçilik derejesi, reňk we yşyklandyryş aýratynlygy, many-mazmuny boýunça baha berler. Ol işler ýörite düzülen döredijilik topary tarapyndan 2020-nji ýylyň noýabr aýynda seljeriler we ýeňijiler kesgitleniler.
    «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik bäsleşigine işeňňir gatnaşmaga çagyrýarys.
                                                Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 
                                                44-20-13, 44-22-12.