«Nejep oglan» dessanynyň saz dünýäsi

    «Nejep oglan» dessany saz mirasymyzda bagşy durmuşy bilen baglanyşykly dessan bolup, halypa-şägirtlik däpleri dessanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Dessan, esasan, Daşoguz welaýatynda ýerine ýetirilip, türkmen bagşylarynyň repertuaryna berk ornaşandyr. Şeýle bagşylaryň biri Daşoguz welaýatynyň öňki Tagta häzirki Görogly etrabyndan belli dessançy bagşy Hojamyrat Öräýewdir. Onuň kakasy hem ady belli dessançy Öre Käbedir. 
    «Nejep oglanda» sözüň sazdan agdyklyk edýänligi dessanyň möhüm aýratynlygy bolup durýar. Dessanda wakalaryň esasy bölegi kyssada beýan edilýän hem bolsa, wakalaryň ösüşi aýdymlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Aýdymlar dessanda, bir tarapdan, bolup geçýän wakalara gahrymanyň gatnaşygyny beýan etmek üçin, beýleki tarapdan, gürrüňi täsirli etmek üçin ulanylýar. Keşpleriň mazmun-çeperçiligi taýdan aýdyňlygy «Nejep oglanyň» saz dünýäsini iki uly bölüme bölýär: özünde 10 aýdymy jemleýän birinji bölümiň saz dramaturgiýasy hem öz içinde 2 topara bölünýär. Toparlaryň birinjisine ilkinji 4 aýdym degişli bolup, olar ýarynyň gözlegine çykan Elbendiň ady bilen berilýär. Aýdymlaryň üçüsi dessandaky Sonanyň keşbi bilen baglanyşykly bolup, olar: «Ýadymdan çykmaýar ady Sonanyň», «Töwriziň begleri, Sonam geldimi?», «Sona gelin» ýaly aýdymlar bolup, «Ynjytmasyn» atly dördünji aýdym Elbendiň adyndan aýdylýar, ol şol bir wagtda baglaýjy häsiýete eýedir. Sona hakdaky aýdymlaryň heň öwrümi, sazlaşygy bitewi toplumy emele getirýär. 
    Ikinji topara 6 aýdym degişli bolup, olar Nejep bilen bagly wakalary öz içine alýar. Ikinji topary şertli ýagdaýda uly bolmadyk üç görnüşe bölmek bolar. Olarda baş gahrymanyň häsiýetiniň dürli pursatlarda açylmagynyň üsti bilen Nejebiň keşbiniň sazanda hökmünde kämilleşişini görmek bolýar. Birinji görnüş dessanyň bäşinji aýdymy bolan «Eýleme» aýdymy bilen açylýar. Aýdym aýdyşyk görnüşinde bolup, Aşyk Aýdyňyň Nejebe pata bermek üçin synagdan geçirýän pursadyny beýan edýär. Halypa şägirdine aýdymyň üsti bilen çylşyrymly tapmaçalary berýär.
    Ikinji görnüşde Nejep «Kimiň ýary sen?», «Görkez maňa çynar boýuň», «Näzli gelin» ýaly aýdymlaryň üsti bilen oýun edip, özüne aşyk bolan Abadan atly gyza ýüzlenýär.
    Şahyranalygy bilen tapawutlanýan üçünji görnüşe «Salyňda», «Alyşaly» ýaly aýdymlar degişlidir. Olar birinji uly bölümi jemlemek bilen, dessanyň wakalarynyň dartgynly pursadyny — garry Elbendiň we Nejebiň aýdyşyk görnüşde geçirýän ýaryşyny beýan edýär. Dessany ýerine ýetirýän bagşynyň äheňi adaty beýan edijilikden tolgundyryjy ýagdaýa geçýär. Nejebiň keşbi has dartgynlaşýar. Ýerine ýetirijilik ussatlygyny dutaryň baý tehniki mümkinçilikleriniň çäginde açyp görkezýän bu görnüş dessanyň saz dünýäsini keşp-mazmun taýdan ýokary derejä göterýär. Şonuň üçin bu görnüşi dessanyň saz sahnalarynyň iň gowularynyň biri hökmünde häsiýetlendirmek bolar. 
    «Nejep oglan» dessanynyň ikinji ýarymynda wakalaryň çözülişinde has dartgynlylyk hem yzygiderlilik duýulýar. Ol içki gurluşy boýunça iki bölümden ybaratdyr.
    Birinji bölüme «Mylaýym han gelsin diýdi», «Kemal ýarym», «Özüň üçin al gaç meni», «Ýar meniňki», ikinji bölüme «Toýa geldiňmi?», «Gurban bolaýyn», «Gurbana geldim» ýaly aýdymlar degişlidir. Häsiýeti boýunça bu bölümiň aýdymlaryny hem iki topara —– baş gahrymanlaryň aýdym–keşplerine hem-de pursatlyk häsiýetli aýdymlara bölmek bolar. Dessanyň ikinji ýarymynyň aýratynlyklarynyň biri Mylaýymyň keşbiniň esere girizilmegidir. 
    Dessanyň ikinji ýarymynyň birinji bölüminiň saz dünýäsi diňe Mylaýymyň keşbiniň daşynda aýlanmak bilen, epiki häsiýete eýedir. Ikinji bölümde, birinji bölümden düýpli tapawutlylykda, wakalaryň ösüşine baglylykda, saz dili hemmetaraplaýyn dartgynlylaşdyrylmaga gönükdirilýär. Saz täze duýgular bilen baýlaşdyrylan aýdymlaryň mazmunyny çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Mylaýymyň ýerine ýetirýän «Gurbana geldim» aýdymy Nejebiň «Gurban bolaýyn» aýdymyna heň taýdan hem ýakyndyr. Bu görnüş aýratyn dartgynlylygy bilen tapawutlanyp, dessanyň esasy özenini emele getirýär. Mylaýym «Ýary üçin özüni gurban etmäge taýýardygyny» aýdyp, patyşanyň ýüzüne durýar. Bu aýdymlaryň heňleriniň golaýlygy dessanyň saz dünýäsini berkidýän bolsa, beýleki tarapdan, aşyk-magşuklaryň duýgularynyň, pikir dünýäsiniň birdigine güwä geçýär. 
    Dessanyň esasy häsiýetli aýratynlygy — onuň saz dünýäsiniň köptaraplylygyndadyr. Ol özünde epiki, liriki we gahrymançylyk ýaly häsiýetleri jemleýär.
    «Nejep oglan» dessanyndaky keşpler gowy we ýaramaz häsiýetli gahrymanlar diýen iki topara bölünýär. Olaryň birinjisine, esasan, Nejep, Mylaýym han, Ahmet serdar, Sona, ikinjisine patyşa, Soltan Esen, onuň golaýyndakylar hem köşk bagşysy Elbent degişlidir. 
    Şahyranalygy bilen tapawutlanýan bu ajaýyp söýgüli dessanymyz, ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli düýn Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda opera eserine öwrülip, ilkinji gezek halkymyza ýetirildi. Operanyň sazyny ýazan Türkmenistanyň halk artisti Nurygandym Hojamuhammedow, sahnada goýan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, režissýor Aýnazar Batyrowdyr. Baş keşplerde Nejebiň keşbini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Şatlyk Gurbannazarow, Mylaýym hanyň keşbini şu ýokary okuw mekdebiniň talyby Suraý Kubyýewa, Elbent bagşynyň keşbini konserwatoriýanyň mugallymy Begenç Moşyýew, Aşyk Aýdyň piriň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ýerine ýetirdiler. 
    Täze opera «Arkadag saýasynda» atly aýdym bilen jemlendi. Bu aýdym Gahryman Arkadagymyzyň milli opera sungatyny ösdürmekde hem-de opera aýdymçylarynyň täze neslini ýetişdirmekde alyp barýan işlerine alkyşnama bolup ýaňlandy.