«Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň orny» atly halkara okuw maslahatynyň işiniň netijeleri boýunça Beýannama

    Birleşen Milletler Guramasy Baş Assambleýa
    Ýetmiş dördünji mejlis
    Gün tertibiniň 19-njy bölümi
    Durnukly ösüş
    1. Biz, «Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň orny» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşyjylar, kynçylyklary, hususan-da, koronawirus ýokanjynyň (COVID-19) pandemiýasy zerarly ýüze çykan ykdysady, durmuş we maliýe häsiýetli kynçylyklary ýeňip geçmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, wideoaragatnaşyk arkaly 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda ýygnananlar şu Beýannamany kabul etdik.
    2. 2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ösüşi maliýeleşdirmek ulgamynda soňraky çäreler boýunça Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň bäşinji forumynyň netijelerine, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň, 2019-njy ýylyň 15-nji we 16-njy noýabrynda Almaty şäherinde geçirilen «Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary durmuşa geçirmek üçin maliýe serişdelerini gönükdirmek» mowzugy boýunça Durnukly ösüş ulgamynda maksatlar boýunça birinji sebit sammitiniň, şeýle hem 2018-nji ýylyň 20-nji we 21-nji iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň jemlerine esaslanyp, biz 2002-nji ýylyň Monterreý konsensusyna hem-de 2008-nji ýylyň ösüşi maliýeleşdirmek hakyndaky Doha Jarnamasyna daýanýan hem-de durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji Halkara maslahatyň hereketleriniň Addis-Abebe maksatnamasyny doly we öz wagtynda amala aşyrmak maksady bilen, bilelikdäki tagallalary artdyrmagy dowam etdirmäge meýillidigimizi beýan edýäris.
    3. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda wideoaragatnaşyk arkaly çagyrylan COVID-19 döwründe we soňraky döwürde Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça ýokary derejeli çäräni goldaýarys. Şu halkara okuw maslahatynyň Ösüşi maliýeleşdirmegiň sebit gün tertibine jikme-jik üns berendigini, pandemiýa şertlerinde durnukly ykdysady ösüşi goldamagyň ählumumy, sebit we milli ileri tutulýan ugurlarynyň sinergiýa meselelerine garandygyny belleýäris.
    4. COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan ykdysady çökgünligiň ählumumy derejede, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlarda Durnukly ösüş ulgamyndaky maksatlary durnukly amala aşyrmak we maliýeleşdirmek üçin uly kynçylyklary döredip biljekdigini nygtamak bilen, biz pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini aradan aýyrmak we sebitiň ýurtlarynda ilatyň kömege mätäç hem-de pandemiýanyň ýaramaz täsirlerine duçar bolmak howpy abanýan toparlaryna kömek bermek üçin gaýragoýulmasyz çäreleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belleýäris.
    5. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň arasynda 2030-njy ýyla çenli ösüşiň ählumumy gün tertibini amala aşyrmak boýunça işi yzygiderli utgaşdyrmagyň, şeýle hem Ýörite maksatnama agza ýurtlaryň başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtap, institusionallaşdyrmagyň guraly hökmünde Ýörite maksatnamanyň sekretariatyny döretmek hakyndaky teklibe ýakyn wagtda garamagyň zerurdygyny belleýäris.
    6. Biz pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijeleriniň köp derejede gowşak goralan toparlara, şol sanda aýallara we gyzlara, ýaşlara, çagalara, mümkinçilikleri çäkli adamlara, ýaşuly adamlara, bosgunlara, göçen adamlara we beýleki gowşak goralan toparlara täsir edip biljekdigini ykrar edip, «hiç kimi yzda galdyrmaly däl» diýen ýörelgä laýyklykda, ilatyň ýokarda agzalyp geçilen toparlary üçin durmuş taýdan goramak maksatnamalaryny we beýleki ýardam bermek maksatnamalaryny amala aşyrmaga hem-de giňeltmäge, durmuş hyzmatlaryna, şol sanda häzirki wagtda we geljekde ýurtlaryň durmuş hem-de ykdysady abadançylygy üçin uly ähmiýete eýe bolan saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryna maýa goýumlaryny goldamaga meýillidiris.
    7. COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan ählumumy ykdysady çökgünligiň dünýäniň ähli ýurtlarynda durmuş-ykdysady häsiýetli kemçilikleriň bardygyny äşgär edendigini aýratyn bellemek bilen, biz deňsizligiň ähli görnüşlerini aradan aýyrmaga, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmäge, şeýle hem sanly çözgütleri mundan beýläk-de ilerletmäge we sanly üzňeligi azaltmaga gönükdirilen durnukly ösüş syýasatyny geçirmegi dowam etdirip, durnukly dikeldişe ygrarlydygymyzy nygtaýarys.
    8. Çig mal harytlarynyň pese gaçýan hem-de ykdysady geljegiň näbelliligi ýagdaýynda COVID-19-yň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan maliýe durnuksyzlygyna ynjalyksyzlyk bildirip, biz kärhanalaryň we öý-hojalyklaryň likwidliligini üpjün etmek üçin gaýragoýulmasyz monetar we fiskal çäreleriň amala aşyrylmagyny, karz borçnamalarynyň aşa köp bolmagyna ýol bermezligi, bahalaryň üýtgemegini azaltmagy hem-de söwda we maliýe bazarlarynyň, sebitiň ýurtlarynyň milli pullarynyň durnuklylygyny goldamagy örän wajyp hasaplaýarys.
    9. Durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň aýratyn gowşak goralandygyny, şeýle hem 2020 — 2021-nji ýyllarda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Toparyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde Gazagystanyň Topara agza döwletleriň meseleleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmakda hem-de bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan halkara söwdasynda marginallyk, gowşak ulag-üstaşyr arabaglanyşygy hem-de düzümleýin ösüşiň ýeterlik däldigi ýaly wehimleri ýeňip geçmekde işjeň ornuny nygtamak bilen;
    10. Şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlarda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň hukuk gurallaryny, kadalaryny, standartlaryny we maslahatlaryny peýdalanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda päsgelçilikleri azaltmak boýunça 2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Ýörite maksatnamanyň Ýolbaşçy geňeşi tarapyndan kabul edilen Aşgabat başlangyjyna salgylanyp, biz ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly halkara kommunikasiýalary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekýäris. Munuň özi sebitiň döwletleriniň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda bökdençsiz söwdany üpjün etmek hem-de haryt ibermegiň yzygiderliligini ýola goýmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, şunlukda, milli ykdysadyýetleriň, aýratyn-da, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň çalt dikeldilmegine ýardam berer.
    11. Biz Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde durnukly we ygtybarly halkara ulag gatnawlaryny üpjün etmegiň hukuk gurallaryny döretmek, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmek boýunça başlangyjyny goldaýarys.
    12. Gysga möhletli hereketler orta möhletli netijelere gönüden-göni täsir edýär diýip hasaplamak bilen, çökgünlige seslenmegiň islendik çäreleriniň uzak möhletli netijeleri nazara almalydygynyň hem-de durnukly ösüş ulgamynda ählumumy maksatlara laýyk gelmelidiginiň ähmiýetini nygtaýarys.
    13. Sebitiň ýurtlarynda COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsirini azaltmak, şeýle hem durnukly ösüş ulgamyndaky maksatlary maliýeleşdirmegiň utgaşykly milli gurallaryny döretmekde ýardam bermek boýunça tejribe alyşmagy dowam etdirip, biz Birleşen Milletler Guramasynyň edaralaryny hem-de halkara maliýe edaralaryny 17 maksada (Durnukly ösüşiň bähbitlerine Ählumumy hyzmatdaşlygyň çäklerinde işi amala aşyrmagyň we işjeňleşdirmegiň serişdelerini pugtalandyrmak) tapgyrlaýyn ýetilmegini goldamak maksady bilen, zerur bolan tehniki kömegi bermek we elýeterli maliýeleşdirmek arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy sebitiniň ýurtlaryna giňişleýin goldaw bermegi dowam etdirmäge çagyrýarys.
    14. Addis-Abebe hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ygrarlydygymyzy tassyklap, biz ähli ýurtlary durnukly ösüş ulgamynda maksatlary maliýeleşdirmegiň utgaşykly milli gurallaryny döretmäge çagyrýarys, biz halkara okuw maslahatynyň çäklerindäki maslahatlaşmalaryň maliýeleşdirmegiň ähli mümkin bolan çeşmelerinden serişdeleri gönükdirmäge ýardam edýän çäreler, şol sanda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk, aýratyn hem, häzirki ählumumy ykdysady çökgünlik zerarly maliýe çäklendirmeleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi maliýeleşdirmäge utgaşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmeleriň wajypdygyny nygtandygyny belleýäris.
    15. Biz maliýeleşdirmegiň utgaşykly milli gurallaryny döretmek boýunça tagallalaryň çäklerinde durnukly ösüş ulgamynda maksatlary maliýeleşdirmegiň milli strategiýasynyň wajypdygyny aýratyn nygtaýarys. Munuň özi döwlet maliýe serişdelerini dolandyrmagyň aýdyň we anyk, netijeli hem-de ahyrky netijä gönükdirilen ulgamynyň döredilmegini öz içine alýar. Biz hususy içerki we halkara maliýe serişdeleriniň, innowasion maliýe gurallaryny hem-de sanly maliýe serişdelerini ulanmagyň, birleşdirilen gaznalary döretmegiň, şeýle hem maliýe edaralary hem-de gaznalary tarapyndan berilýän halkara maliýe serişdeleriniň gönükdirilmeginiň möhüm ornuny belleýäris.
    16. Biz durnukly ösüş ulgamynda maksatlary maliýeleşdirmekde hususy ulgamyň möhüm ornuny ykrar edýäris, şoňa görä-de, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ulanylyp bilinjek ýerinde has giň ilerletmelere hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň ýurtlarynda maksatlara ýetmegi çaltlandyrmak üçin hususy ulgamy uzak möhletli maliýeleşdirmegiň gurallaryny giňeltmäge çalyşýandygymyzy ýene-de bir gezek tassyklaýarys.
    17. Biz Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň maliýeleşdirmegiň sebitara guraly hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň maksatlaýyn gaznasyny döretmek meselesi boýunça brifinginiň netijelerini maglumat hökmünde kabul edýäris we şeýle gaznany döretmegiň dürli usullaryna garamak islegimizi beýan edip, halkara maliýe edaralaryny we hususy ulgamy bu mesele boýunça geňeşmeleriň tapgyryna gatnaşmaga çagyrýarys.
    18. Biz şu formatda, şeýle hem dürli halkara meýdançalarda durnukly ösüş ulgamynda maksatlary ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin tejribe alyşmagy we maliýeleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdyk.
    19. Biz Türkmenistanyň Hökümetine şu halkara okuw maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjy üçin hoşallyk bildirýäris. Bu maslahatyň netijeleri ýakyn ýyllarda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça Halkara maslahaty geçirmek üçin oňat esas bolup biler.