PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan indi çärýek asyr bäri tutuş dünýäde özüniň alyp barýan deňhukukly, özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklara daýanýan adalatly daşary syýasaty bilen parahatçylyk dörediji, ynamdar döwlet hökmünde giňden tanalyp gelýär. Amala aşyrýan özgertmeleriniň netijesinde ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna girmäge ýetişen, sebit we halkara gatnaşyklarynda barha işjeňlik görkezýän Türkmenistan häzirki wagtda 149 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen, 50-ä golaý halkara guramanyň hem-de halkara konwensiýalaryň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 150-den gowragynyň agzasydyr.
    «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä ýurtlarynda ençeme çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz 24-nji iýunda medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynyň barşynda hem bu ugurdaky alnyp barylýan işlere ünsi çekdi we degişli görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň, aýratyn-da, halkara maslahatlaryň we beýleki dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň möhümdigi barada aýdyp, olaryň baý mazmunly bolmalydygyny belledi. Şeýle-de «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek üçin meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasynyň öz wagtynda hem-de doly ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady. 
    Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma eýe bolandygynyň subutnamasydyr. «Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar» diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmäge çagyrýan täze Kararnamasynda bellenilýär. 
    BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň barşynda bu mejlisiň resminamasy hökmünde hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen СOVID-19 koronawirus keseliniň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan çäreler baradaky maglumat ýaýradyldy. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamak, ählumumy wehimlere we howplara garşy durmak boýunça umumy tagallalara goşýan goşandynyň nobatdaky subutnamasy, Watanymyzyň dünýä derejesindäki belent abraýynyň tassyknamasy boldy. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty esasynda hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara bileleşige jogapkär gatnaşyjy hökmünde, pandemiýa howpunyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, ozaly bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn gatnaşykda iş alyp barýar.
    Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli urp-adatlaryndan kemala getirilen aýdyň ýörelge bolmak bilen, gündelik durmuşymyza mäkäm ornaşan taglymatymyzdyr, türkmen halkynyň dünýä jemgyýetçiligine peşgeş beren fenomenidir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäniň iň abraýly halkara düzümleriniň biri bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek resmi taýdan ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, oýlanyşykly, adalatly daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşmegi hem ýurdumyza sebit we halkara derejesinde bildirilen ýokary ynamdan nyşandyr. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi bolsa dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berilýändiginiň, daşary syýasatymyzyň dünýäde uly goldaw tapýandygynyň iş ýüzündäki nobatdaky beýany boldy. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan syýasy üstünlikler, ykdysadyýetde ýetilen belent sepgitler, raýatlarymyzyň eşretli durmuşy hemişelik Bitaraplygyň halkymyza we döwletimize beren miwesidir diýip ynamly aýtmak bolar. 
    Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi, sözüň doly manysynda, halkymyzyň buýsanjyny artdyran şanly wakalaryň biri boldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň bu Karary gönüden-göni Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp şöhratlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem munuň özi raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan ýurduna — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek işinde bahasyna ýetip bolmajak ýol görkezijidir. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly şygar hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatymyzyň halkara ähmiýetini we onuň häzirki zaman halkara gatnaşyklaryndaky derwaýyslygyny açyp görkezmekde has-da uly orna eýedir. Şoňa görä-de, bu şygar dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak, daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän başlangyçlarymyzy, «Açyk gapylar» syýasatymyzy mundan beýläk-de giňden dabaralandyrmak bilen bagly wezipeleri amala aşyrmakda biziň her birimizden aýratyn işjeňligi talap edýär.
    Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň başyny başlan bu maslahata ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň we beýleki halkara guramalaryň, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz maslahatda çykyş edip, Bitarap Türkmenistanyň sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek ulgamynda BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülendigini nygtady.
    Türkmenistan BMG-niň doly ygtyýarly agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär we umumy dünýä ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýär. Bu barada milli Liderimiz: «Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Öz üstümize alan halkara borçnamalarymyza berk eýermek bilen, umumy döredijilikli maksatlara ýetmek üçin halkara guramalar bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy belent jogapkärçilik bilen beýan edýäris» diýmek bilen, ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryna geljekde-de ygrarly boljakdygyny aýratyn belledi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen BMG-niň düzümleriniň arasynda jemi 12 sany resminama gol çekilmegi bolsa ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy bolmak bilen, tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde, durnuklylygy we ykdysady ösüşi goldamakda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda aýratyn işjeňlik görkezýändigini alamatlandyrdy.
    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan üstümizdäki ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýurdumyzyň daşary syýasy derejesiniň çärýek asyrlyk şanly senesini dünýä döwletleri bilen bilelikde belläp geçer. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygynyň belleniljek ýylyna parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşigi boýunça öz dostlary hem-de hyzmatdaşlary bilen özara hormat goýmak we düşünişmek ýagdaýynda gadam basýar. Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär.
                                        Meret ORAZOW,
                                        Türkmenistanyň ABŞ-daky 
                                        Adatdan daşary we 
                                        Doly ygtyýarly ilçisi.