Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maslahatlary:

    1. Beden taýdan işjeňligi ýokarlandyrmaly we sport bilen meşgullanmaly; 
    2. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly; 
    3. Pasyllara görä geýinmeli; 
    4. С witamine baý önümler bilen iýmitlenmeli; 
    5. Iş ýerinde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli; 
    6. Hökman lukman bilen maslahatlaşyp, gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmeli. Sarymsak bilen burç bedeniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologik işjeň maddalara baýdyr; 
    7. Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly; 
    8. Asgyrylanda we üsgürilende, elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmaly; 
    9. Elleri elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we naharlanylanyndan soň, hajathanadan soň, daşardan geleniňizden soň elleriňizi sabyn bilen gowy ýuwmaly; 
    10. Derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Esasan hem bu antibakterial serişdelere degişlidir;
    11. Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny içmeli; 
    12. Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda etdirmeli.