Medeniýet hepdeligi — 2020: üçünji gün

    24-nji iýunda Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy.
    Welaýat kitaphanasynyň binasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Kitaphananyň eýwanynda kitap we neşir önümleriniň sergisi guraldy, olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň eserleri, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda neşir edilen «Türkmen alabaýy» atly kitaby görnükli orun eýeleýär.
    Bu ýerde täze çap edilen kitaplar, türkmen nusgawy edebiýatynyň eserleri, döwürleýin žurnallar hem-de beýleki neşir önümleri-de görkezilýär, ýokary çaphana usulynda neşir edilmegi sergi gymmatlyklarynyň tapawutly aýratynlygydyr.
    Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň işine Aşgabat şäheriniň we beýleki welaýatlaryň kitaphana işgärleri hem goşuldy. Onuň barşynda Türkmenistanda kitaphana işini ösdürmegiň ýollary, ugurdaş edaralaryň ilata hödürleýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, kitaphana gorlaryny täzelemek barada pikir alşyldy.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kitaphanalaryň işlerine ýurdumyzyň medeni-bilim derejesiniň hem-de jemgyýetiň aň-paýhas ösüşinde ýeten sepgidi hökmünde baha berilýär. Biziň halkymyz kitabyň ähmiýetine hemişe belent sarpa goýupdyr.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde hem ata-babalarymyzyň göçme kitaphanalar bilen bir wagtda, Nusaýda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda, Gadymy Merwde iri kitaphana merkezlerini döredendiklerini belleýär. Şol döwürde altyndan we kümüşden has gymmat hasaplanan kitaplar kerwenler arkaly ýetirilipdir, olar bilen täze bilimler we öňdebaryjy taglymlar tutuş dünýä boýunça tiz ýaýradylypdyr.
    Bu gün ýurdumyzda kitaphanalaryň onlarçasy hereket edýär. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmegiň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň sebitlerinde täze döwrebap binalar guruldy, bu kitaphanalar öz okyjylaryna hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.
    Açylan kitap görnüşinde bina edilen Daşoguz welaýat kitaphanasy sekiz okalga zalynda birbada adamlaryň 600-sini kabul edip bilýär, bu ýerde kitap saklanylýan jaýlaryň dördüsinde bir milliondan gowrak kitaplary we beýleki neşir önümlerini saklamaga mümkinçilik bar. Okyjylar bu ýerde ýörite enjamlaşdyrylan otaga baryp, Internetden hem peýdalanyp bilýärler.
    Serişdeleri gözlemek, hyzmat etmek, hasaba almak, saklamak we gözegçilik etmek bilen birlikde, kitaphananyň ähli işi häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa işleri ep-esli tizleşdirmäge hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, kitaphana kitaplaryň däp boýunça saklanylýan ýeri we medeniýet ojagy bolmagynda galyp, innowasion işlere has işjeň gatnaşmalydyr, döwrüň talabyna laýyklykda okyjylaryň isleglerine kybap gelmelidir, olar bilen, şol sanda wirtual gurşawda işjeň gatnaşykda bolmalydyr.
    Şunuň bilen baglylykda, merkezi kitaphanalarda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň iň oňat tejribesine esaslanan ýeke-täk elektron tory döredildi. Yzygiderli guralýan usulyýet okuwlary, okuw maslahatlary, bäsleşikler ugurdaş edaralaryň işgärlerine häzirki zaman sanly tehnologiýalary netijeli peýdalanmak babatda öz bilim derejelerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
    Wideoduşuşyklary geçirmek, elektron kitaplary wagyz etmek baradaky meseleler, şeýle hem oba ilatyna hyzmat etmek boýunça kitaphanalaryň şahamçalarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler maslahata gatnaşyjylaryň esasy ara alyp maslahatlaşan meseleleriniň hatarynda boldy.
    Günüň ikinji ýarymynda şäheriň täze «Derek» bagynda uly dabara geçirildi — folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşy boldy. Olar häzirki zaman ýerine ýetirijileriniň halkymyzyň däp-dessurlaryny, ruhy we medeni gymmatlyklaryny çuňňur bilýändigini hem-de nesilden-nesle geçirilýändigini beýan etdiler. Şol gymmatlyklaryň biri bolsa, mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilen gadymy türkmen küştdepdi tansydyr.
    Hepdeligiň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň «Goly sazly, tili sözli Görogly» diýen sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Teatryň artistleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ençeme gezek ýeňijileri bolupdylar.
    Teatr her ýyl birnäçe täze sahna oýunlaryny görkezýär. Ine, onuň tomaşaçylaryň ykrarnamasyna eýe bolan işleriniň arasynda — ýurdumyzyň teatr sungaty festiwallarynda görkezilen, drama esasyny milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň rowaýatlary düzen «Gürgenç kyssalary» sahna oýny hem-de belli «Şasenem we Garyp» türkmen dessanynyň äheňi esasynda döredilen «Aşyklar kyssasy» diýen sahna eseri bar.
    Teatr toparynyň görkezen täze işi, halk gahrymany Görogly baradaky ähli sahna eserleri ýaly çuňňur watançylyga ýugrulandyr, gaýtalanmajak milli öwüşginlerine, sahna keşpleriniň aýdyňlygyna baýdyr, sahna bezegleri köpdürlüdir.
    Sahna oýnunyň wakalarynyň mazmuny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň şygaryna kybap gelýär. Şonda sahna sungaty arkaly türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgeler — açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, dostanalyk, onuň mizemez ahlak gymmatlyklary şöhlelendirilýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasynda durýar.
    Gadymy «Görogly» şadessany Diýarymyzda teatr sungatynyň işgärlerini ençeme gezek döredijilik işlerini döretmäge ruhlandyrdy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň topary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygynyň öňýanynda şadessanyň äheňleri esasynda «Göroglynyň öýlenişi» diýen ajaýyp sazly sahna eserini görkezipdi.
    Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi — 2020-niň üçünji gününiň ahyrynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Mähriban topragymyzy, halkymyzy, ony belent maksatlara ruhlandyryjy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy wasp edýän çykyşlara joşgunly elçarpyşmalar bilen garşylan tomaşaçylar tarapyndan ýokary baha berildi.