«Durnalar» aýdym barada ýatlama

    1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunda Ýeňşiň 75 ýyllygyna
    uruşdan gaýdyp gelmedik esgerleriň ýadygärligine

    Käte şu aýdymy göwnüme, göýä,
    Bernesiň adyndan aýdýan ýaly men,
    Bu aýdym asmana-zemine sena,
    Bererdim ugrunda şirin jany men.

    Söýýäris bu gözel, täsin dünýäni,
    Hukugymyz bardyr ýaşamak ýaly!
    Näbelli hem atsyz-şeýle owaldan
    Munda ölmez-ýitmezleriň ykbaly.

    Bagtly hem arzyly menzile ýetmek
    Bu durmuşda bagly bolýar akyla.
    Biziň halkymyzda ýaşalýar asyl
    Güneşli hem rahat günleň hakyna.

    Durnalary tüýs ýürekden söýýärin,
    Olar oýa batyp uçanda des-deň.
    Günlerem ötüp dur nobatma-nobat,
    Biz saňa henizem garaşýas, esger! 

    Hatyra günleri gelen mahaly
    Eşdiler asmandan aýdymly bir ses.
    Nyzama düzüler esgerler ýaly
    Hem Frenkel, hem Gamzatow, hem Bernes.
                                        Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
                                        10.05.20.