HAS BAŞARJAŇLAR

    «Mähriban çagalarymyz berkarar we kuwwatly döwletimiz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleridir» diýýän döwlet Baştutanymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary döwrebap şertlerdir mümkinçiliklere beslenen ajaýyp durmuşyň goýnunda erkana ösýärler, ulalýarlar. 
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri terbiýelemek, olaryň döwrebap bilim almagyny, şeýle hem kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. «Ýaş nesliň zehinli, başarjaň, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy, bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagy biziň esasy maksadymyzdyr» diýýän milli Liderimiziň döwlet syýasatynda çaganyň hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegine hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine aýratyn orun berilýär. Olaryň berk bedenli, ýokary ahlakly, döwrebap bilimli, hünärli, durmuşa taýýar ýaşlar bolup ýetişmekleri birjik-de ünsden düşürilmeýär. Aýratyn-da Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň ukyp-başarnykly, hünärli, ugurtapyjy, yhlasly, erjel, tutanýerli, zähmetsöýer bolmaklaryny  hemişe öwüt-ündew edýär. Hormatly Prezidentimiz 17-nji iýunda   Balkan welaýatyna iş sapary wagtynda ata-babalarymyzyň: «Gyza iňňe ber, oglanjyga bolsa — pil» diýen sözlerini getirip, ýagşy dessurlaryň mundan beýläk hem dowam etdirilmelidigini bellemegi hem ýaşlaryň eli hünärli bolmagyny gazanmak isleginden gözbaş alýandyr.  
    Mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň ýangyn howpuna garşy raýatlyk borçlary dogrusynda düşünjesini artdyrmak, hünär başarnyklaryny ele almaklaryny gazanmak bilen bagly hem uly aladalar edilýär.  Bu babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyşdaky mekdep okuwçylaryndan düzülen ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda ýangyn howpsuzlygyny wagyz-nesihat ediji ýangyn-amaly sporty boýunça geçirilýän bäsleşikleriň hem terbiýeçilik we estetiki taýdan ähmiýeti örän uludyr.
    Ýakynda şeýle bäsleşikleriň biri Gökdere jülgesindäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirildi. Bu bäsleşikde şol merkeziň ýaş ýangyn söndüriji toparlary öz aralarynda güýç synanyşdylar. 
    Mekdep okuwçylarynyň edermenligini, emläk eýeçiligine aýawly garamagyny, dostluga wepalylygyny, döredijilik ukybyny, beden taýdan taplanmagyny terbiýelemek hem-de olara ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanylyş ýagdaýlaryny öwretmek, ýangyn-tehniki bilimlerini, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik 5 tapgyrdan ybarat boldy. Oňa gatnaşan ýaş ýangyn söndüriji toparlaryň ýaş agzalary päsgelçilikli ýodalaryň ençemesinden ezberlik, çakganlyk bilen geçmegi başardylar. Bu bolsa merkezdäki çagalaryň ýangyn söndürijileriň işine bolan höwesini has-da artdyrdy. Örän dartgynly we çekeleşikli geçen bäsleşikde 1minut 19 sekunt wagt görkezip, «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň 1-nji ýygyndy topary birinji, 1minut 24 sekunt wagt görkezip, 4-nji ýygyndy topary  ikinji, 1minut 26 sekunt wagt görkezip, 3-nji ýygyndy topary üçünji baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňiji toparlara, şeýle-de şahsy görkezijileri ýokary bolan ýetginjeklere guramaçylar tarapyndan göçme kubok, şeýle-de diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 
    Mekdep okuwçylaryna ýangynyň öňüni almak boýunça endikleriňdir bilimleriň berilmegi möhüm döwlet ähmiýetli wezipedir. Şol wezipäni ýerine ýetirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr.