«DAÝHANDAN HEREKET — ÝERDEN BEREKET»

    Eziz Diýarymyz bagtyýarlygyň, toýdur dabaralaryň ýurdudyr. Şeýle bagtyýarlygy, eşretli günleri peşgeş eden hormatly Prezidentimiz beýik işleri durmuşa geçirýär. Ynha, Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary hem muny aýdyň tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragynyň bu bereketli ýerinde bolup, daýhanlaryň alyp barýan işi bilen ýakyndan tanyşdy, gallaçylaryň yhlasly zähmetine ýokary baha berdi. Bu ajaýyp pursatlar türkmen daýhany üçin hem ýatdan çykmajak waka bolup kalplara doldy. Biz muňa Bereket etrabynyň kärendeçisi Tagandurdy Baýramgulyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda hem göz ýetirdik. Milli Liderimiz bilen ekin üstündäki duşuşygy dogrusynda kärendeçi daýhan tolguna-tolguna gürrüň berdi. Elbetde, döredijilik işgäri hökmünde şu taryhy wakalary görmek, şaýat bolmak, bu barada okyjylara ýetirmek juda buýsançly. Munuň özi döwrüň ösüşlerini, ildeşlerimiziň bagtyýarlygyny ýakyndan duýup, oňa kalbyň bilen buýsanmakdyr. 
    Köp ýyllaryň dowamynda daýhançylygy ýol-ýörelge edinen Tagandurdy aga şu ýyl 17 gektar ýere bugdaý ekip, gözüňi dokundyryp duran giň meýdanda bugdaý ýetişdiripdir. Daýhanyň gürrüň berşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl almak bolýar. Dökün, suw bilen doly üpjün edilmegi daýhançylyk işini ýokary derejede alyp barmaga giň mümkinçilik berýär. Tagandurdy Baýramgulyýew şu ýylky bugdaý hasylyna buýsanýar, şatlykly pursady ildeşleri bilen paýlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň ekin ýerine gelmegini, bugdaý oragyna ak pata bermegini durmuşynyň iň bagtly pursady hasaplaýar. 
    Ekin ekmek, bol hasyl almak daýhan üçin uly many-mazmuna eýedir. Durmuşyň manysyny ol halal zähmetde, bitiren işinde görýär. Tagandurdy Baýramgulyýew hem şeýle daýhanlaryň biri. Ol daýhançylyk kärinden myrat tapan, bagtyýarlyk döwrümizde eşretli durmuşyň hözirini görýän, bol hasyl ýetişdirip, ösüşlerimize goşandyny goşýan daýhan. 
    Türkmen topragy ekleýjidir. Toprakdan, daýhanyň halal zähmetinden saçaklaryň mele-myssyk çörekleri döreýär. Aslynda bugdaý, çörek sözleri uly many-mazmuna eýe. Munuň düýp özeninde ýaşaýşyň manysy, durmuşyň gözbaşy ýaly düşünjeler ýatyr. Şonuň üçin hem bugdaý, çörek bilen bagly söz düzümleri, paýhasly pikirler döredilip gelnipdir. Hormatly Prezidentimiz Bereket etrabynda bolanda, daýhançylyga, bugdaýa, topraga degişli ençeme atalar sözüni mysal getirdi: «Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür», «Ýeriň köpi hor eder — malyň köpi baý eder», «Suw zerdir, suwçy bolsa zergär», «Suw hasylyň enesidir», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer ýelli», «Hasyly bitirýänem suw, ýitirýänem suw», «Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är», «Baýlygyň enesi — ýer, atasy — zähmet», «Daýhandan hereket — ýerden bereket», «Ir eken harman alar, giç eken — arman», «Ýeriň görki — galla, adam görki — elde», «Suw — hasylyň enesi», «Düýe maly — dünýe maly», «Ekseňem doýraryn, sökseňem doýraryn», «Oty köpüň — maly dok»... Bu paýhasly sözler türkmen halkynda daýhançylygyň milli ýörelge bolup gelendigine şaýatlyk edýär. 
    Ata-babalarymyzyň durmuş tejribesi, ýol-ýörelgesi şeýle paýhasly sözlerde beýan edilip, milliligiň waspy bolup ýaňlanýar. Pähimdar pederlerimiz bugdaý ekmegi mukaddeslik, bugdaý oragyny toý-baýram hasaplapdyr. Şonuň üçin häzirki bagtyýarlyk döwrümizde bu ýörelgeler giňden ýöredilýär, toýlarymyz toýlara ulaşýar. 
    Bugdaýyň bar ýerinde toý bolýar, çöregiň bar ýerinde baýram bolýar. Çünki saçaklarymyzyň bolçulygy, öý-ojagyň abadançylygy bugdaý nanyň berekedi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem bugdaý ýetişdiren daýhana, bugdaý oragyna girişen gallaça «Çäjiňe bereket!» diýilýär. Daýhan şeýle hoş arzuwlara «Ömrüňe bereket!» diýip, jogap berýär. Şeýle ajaýyp sözlerde adam kalbyna barýan ýollar bar, ynsanyň bagtyýarlygy bar. Şeýle sözlerden ruhlanýan daýhanlar, gallaçylar arman-ýadaman zähmet çekýärler, bugdaýyň bol hasylyny ýygnaýarlar. Bereket etrabynda hem şeýle ajaýyp pursatlary görmek, ýakymly sözleri eşitmek miýesser etdi. Elbetde, bu şanly wakalaryň içinde bolmak, nurana sözleri eşitmek diýseň buýsançly. Ümmülmez sährada türkmen bugdaýynyň ygşyldap oturanyny göreniňde bolsa, gözüň dokunýar. Bularyň hemmesi il-günümiziň bagtyýarlygyny, rysgallylygyny aňladýar. 
    Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde oba hojalygy, türkmen daýhanlary iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Muňa mysal edip, «CLAAS», «John Deere» kombaýnlaryny aýratyn bellemek bolar. Hormatly Prezidentimiziň «John Deere» kombaýnyna erk edip, türkmeniň bereketli bugdaýyny orup bermegi görelde mekdebi boldy. Şeýle pursatlaryň özi taryhy wakalardyr.
    Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde, ýerden bol hasyl almakda, suwy tygşytly ulanyp, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygyna hem baryp gördi. Bu daýhan hojalygy ýerden bol hasyl almakda, dürli ekinleri ýetişdirmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Esasan hem, bu daýhan hojalygynda ekin ekmegiň, bol hasyl ýetişdirmegiň iň täze usuly durmuşa geçirilýär. Dünýäniň iň täze tehnologiýalary ulanylýar. Bu ýerde ýyladyşhanalarda güller ýetişdirilse, ekin meýdanlarynda mekgejöwen, soýa, ýorunja ekilýär. 
    Şu ýerde suwaryş ulgamynda gözümiz bilen gören bir pursadymyza ünsi çekesim gelýär. Bilşimiz ýaly, döwrebap tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy bilen, ýerden bol hasyl alynýar. Diňe bir hasyl almak däl, eýsem, suwaryşyň tygşytly ýerine ýetirilmegi, damjalaýyn ýa-da ýagyş usulynyň ulanylmagy ýeriň hem taplanmagyna oňat ýardam edýär. Bu usul suwy tygşytlamaga hem giň mümkinçilikleri döredýär. Şol sebäpli, bu ýerde şorlaşan ýerleri görjek gümanyň ýok. Asla bu daýhan hojalygynyň ýerleriniň bereketlidigini, hasyllydygyny görüp, guwanýarsyň. Zähmet bilen ylmy taýdan işlenen usullaryň durmuşa geçirilmegi şeýle ýokary netijeleri berýär. 
    Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysynyň bu günki gün buýsanjyna buýsanç goşulýar. Täçmyrat Tuwakow daýhançylyk hojalygynda maldarçylygyň hem ösdürilýändigini buýsanç bilen belledi. Häzirki wagtda hojalykda guşçulygyň ösdürilýändigini, şeýle hem müňe golaý dowar, ýüze golaý iri şahly mallaryň saklanylýandygyny bellemek gerek. Bularyň hemmesi daýhançylyk hojalygynyň işiniň sazlaşykly alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. Ekin ýerlerinde bitýän ýorunjanyň, bu ýerdäki iri we ownuk şahly mallara berilmegi hem-de et-süýt önümleriniň köpeldilmegi işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. 
    Hormatly Prezidentimiziň Şa gadamy düşen toprak bu gün bereket eçilýär. Türkmen gallaçylary, daýhanlary hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän aladasyna buýsanýarlar. Köňülleri buýsançly daýhanlar «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere besläp, Watan harmanyny has-da beýgelderler. Şeýle ajaýyp pursatlary görmek, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini ýakyndan duýmak bagtyýarlykdyr. Şeýle ajaýyp pursatlary bagyş edýän, bagtyýarlygy peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!