Geliň, dynç alyň!

    Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli ugurlary bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, şypahana ulgamynda hem beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Şypahanalaryň durky täzelendi we olarda täze binalar gurlup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle şypahanalaryň biri hem diňe ýurdumyzda däl, dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan Mollagara şypahanasydyr. Häzirki wagtda bir asyra golaý taryhy bolan bu melhemler mesgeniniň kerem-keramaty boýunça, şol sanda bejeriş-sagaldyş aýratynlygy babatda dünýä ähmiýetli merkezleriň biri hasaplanýandygy bellidir.
    Mollagaranyň şypahana hökmünde meşhur bolmagynda onuň kölüniň uly orny, bimöçber ähmiýeti bar. Onsoňam köl diýlende, ozaly bilen, ýaýraw suw giňişligi göz öňüňde janlanýar. Emma bu ýerde suwuň mukdarynyň göze görünýän gorlary onçakly giň däl. Geň ýeri-de, kölüň suwy azalyp-köpelenok, oňa keseden gelip guýýan akaba-da ýok. Dogrusy, tomsuň jöwzaly, ýanyp duran yssysynda kölüň şor suwy bugaryp, öz-özünden gutaraýjak ýaly. Ýöne kölüň şol bir bolşy.  Bu bolsa täsin kölüň özboluşlylygyny, onuň düzüminiň üýtgeşikligini, ýokary derejeli bejerijilik häsiýetiniň bardygyny aňladýar.
    Häzirki wagtda ol ýerde ýylyň bütin dowamynda,  esasan-da, nerw we daýanç  hereket ulgamynyň keselleri, bogun-damar keselleri, poliartritleri, osteortrozy, infeksion rewmoartritleri, guragyry, distrofiki artritleri, brusellýoz artritleri, bilagyry, newritleri, polinewritleri, poliomiýelitleri, osteohondrozy, oňurga keselini, beýni süňküniň zeper ýetmesini, aýal keselleri, önelgesizlik,  dyza we bogunlara duz ýygnananda, bil süňkleriniň sowuklamagy ýaly keseller bejerilýär. Şypahanada laý, duzly suw wannasy, elektrikleşdirilen palçyk we yşyk bilen bejeriş gezekleşdirme usulynda yzygiderli ulanylýar. Palçyk belli bir derejede gyzdyrylyp, kada laýyk ulanylanda, kentlewügiň sowuklamagynyň öňüni almak, ýüze düşýän ýakallary, örgünleri aýyrmak, tene näziklik bermek, sowuklama ýaly ençeme keselleri bejermekde özboluşly melhemdir. Näsag bejerginiň bir tapgyrynyň dowamynda palçyk bilen bejerişiň 9—10 prosedurasyny we 9—10 gezek duzly suwly wannany alýar. Eger-de, näsag palçyk we duzly suw bilen birlikde dermanlary hem kabul etse, onda bejeriş has hem netijeli bolýar. 
    Mollagara şypahanasynda dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş bölümleri we otaglary bolup, öz işine ussat lukmanlara halkymyza ýokary derejeli hyzmat etmek üçin has oňaýly mümkinçilikler döredilendir. Şypahanada oňurgasyna zeper ýeten näsaglary bejermäge niýetlenilen ýörite bölüm hereket edýär. Ol ýerde basseýnler, palçyk we duz bilen bejeriş otaglary, suwasty owkalamak arkaly bejergi, bedenterbiýe, rentgen, ultrases barlagy, kliniki we biohimiki otaglar näsaglara hyzmat edýär. Şypahanada em wannalary, bejeriş wannalary, dermanlyk ösümlikler bilen bejergi hem bardyr. Şypahananyň bil-oňurga bölümi ilki 1998-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berilýär. Bu bölüm Merkezi Aziýada ýeke-täk bölüm bolup, agyr bil-oňurga şikesli näsaglara bejergi almak üçin giň mümkinçilikler bar. 
    Häzirki döwürde Mollagara şypahanasy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen tanalmaz derejede özgerdilip, birnäçe täze binalar bilen üsti ýetirildi. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, bu ýerde öz saglyklaryny dikeltmäge gelýänlere ýylyň ähli paslynda ýokary derejede dünýä ülňülerine laýyk hyzmat edilýär. Jemi 815 adama niýetlenen bu şypahanada keselleri anyklaýyş, şeýle hem bejeriş merkezinden, çagalar bölüminden başga-da, suwasty owkalama, duzly suwly wannalar we duşlar, sowuk howa akymy, duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş bölümleri bar. Bu ýerde näsaglary gyzdyrylan daşlar, Garagumuň gyzgyn çägesi we ozon gazy, ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan erginler bilen bejermegiň täze we netijeli usullary hem giňden ulanylýar. Bu ýerdäki duzly kölüň kenarynda Gün şöhlesi bilen saglygy berkitmek we dynç almak üçin niýetlenen 300 orunlyk bölüm hem işleýär. 
    Şypahanada öz saglyklaryny berkitmäge gelýän adamlaryň oňat dynç almaklary üçin  ähli zerur şertler döredilendir. Bu ýerdäki täze açylan kitaphanada, internet-kafede, restoranda we dükanlarda, amfiteatrda, gözellik salonynda we beýleki medeni-durmuş maksatly otaglarda adamlara medeniýetli hyzmat edilýär.