Abiwerdiň kerwensaraýy

    Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Abiwerd galasyny öwrenmek boýunça döreden ýörite arheologik topary 2020-nji ýylyň meýdan işleriniň ýazky möwsüminde şäheriň kerwensaraýynda hem barlaglary dowam etdirdi. Abiwerd şäheriniň galyndylary Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň demir ýol menzilinden 8 kilometr demirgazyk-günbatarda, Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň ýakasynda ýerleşýär. Ýerli ilat bu ýadygärligi Peşdag diýip atlandyrýar. Abiwerdiň ýerinde ilkinji gala entek Sasaniler döwründe peýda bolupdyr. Türkmenleriň Beýik Seljuklar imperiýasy döwründe Abiwerd Günorta Türkmenistanyň iri şäherleriniň birine  öwrülipdir. Onuň  eýeleýän meýdany 200 gektara çenli giňelipdir. Şu çäkde Abiwerdiň içki galasy, şäher ilatynyň jaýlary, bazar meýdançalary, dürli senetkärleriň ussahanalary,  ätiýaçlyk suw saklanýan howuzlar,  kerwensaraý   ýerleşipdir. 
    Abiwerdiň kerwensaraýy şäheriň çäginde,  içki galadan 500 metr çemesi günortada ýerleşipdir. Onuň galyndylary ýeriň ýüzünden mazaly ýokary saýlanyp duran, meýdany bir gektardan gowrak, dörtburç belentlik görnüşinde saklanypdyr. Öz wagtynda kerwensaraýyň daşy pahsadan dikeldilen galyň we beýik gorag diwarlary bilen mäkäm berkidilipdir. Adatça, şäheriň içinde ýerleşen kerwensaraýlaryň daşyna gala gurulman, howly aýlanylypdyr. Abiwerdiň kerwensaraýynyň daşynyň gala diwary bilen mäkäm berkidilmegini şäheriň umumy gorag diwarynyň bolmanlygy bilen düşündirip bolar. Üstünden köp wagtyň geçmegi, ýeliň, ýagnyň täsiri bilen birmahalky haýbatly  diwarlara zeper ýetip, belentligiň daşky çägi boýunça uzalyp gidýän, beýikligi 3 — 4 metre ýetýän gum seňňerine öwrülipdir. Kerwensaraýyň derwezesi günorta-gündogar tarapynda, günortadaky burça golaý ýerleşipdir. Onuň içindäki jaýlar demirgazyk-gündogar we günorta-gündogar tarapyndaky gorag diwarlaryna ýanaşdyrylyp, uzyn hatar görnüşinde gurlupdyr. Onuň galan ýerlerini giň, tekiz howly eýeläpdir.  
    Ýokarda bellenilişi ýaly, Abiwerdiň kerwensaraýynyň esasy bölegini giň howly tutýar.  Howluda kerweniň ulag mallary saklanan agyllardan başga-da, ýükleri düşürmek, wagtlaýyn saklamak, harytlaryň lomaý söwdasyny  guramak üçin çadyr, telär ýaly ýeňil desgalaryň bolandygyny  çaklamak bolar. Bularyň ählisi Abiwerdiň kerwensaraýynda düşläp geçýän söwdagärleriň, düýekeşleriň, jahankeşdeleriň rahat dynç almaklary üçin amatly şertleri döredipdir. 
    Ýazuw çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Abiwerde  gündogardan günbatara uzalýan, esasy kerwen ýolundan başga-da, demirgazyk tarapdan hem söwda ýoly gelipdir. Ol ýol Abiwerdiň üstünden geçip, günorta — Kelat galasyna barypdyr we ondan aňyrlygyna — Nişapura gönügipdir. 
    Orta asyrda Abiwerdiň söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi şäheriň diňe bir ykdysady babatda ýokary derejelere ýetmegine oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ylmyň,  bilimiň, medeniýetiň ojagyna öwrülmegine hem uly täsir edipdir.  Çünki kerwen ýollarynyň üsti bilen diňe bir harytlar daşalman, bilermenler, alymlar, şahyrlar hem jahankeşdelik edipdir. Olar öz döwrüniň öňdebaryjy ylmy bilimlerini, medeni gazananlaryny  we ussatlaryň baý önümçilik tejribelerini ýaýradypdyrlar.
    Abiwerdde geçirilen gazuw-barlag işleriniň  netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar degişli ylmy seljerme we rejeleýiş işleri geçirilenden soň, ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyrylar we olaryň orta asyr medeniýeti we sungaty bölümleriniň  gaznalaryny täze gymmatlyklar bilen baýlaşdyrar.