Ylym älemindäki ilkinji ýeňişleri

    12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalar we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary, ýagny noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Bellemeli zat, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hem dürli ylmy-barlag edaralarynda, ýokary, orta hünär we orta okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň, talyplaryň, mekdep okuwçylarynyň ençemesi öz ýazan ylmy işleri bilen bu bäsleşige gatnaşdylar. Ylmy işlerde ýaşlarymyzyň geljekki uly ylmy gadamlary görünýär. Sebäbi ýaşlaryň ilkinji ylmy gözlegleri olaryň geljekki uly maksatlaryna ýetmekdäki başlangyç ädimleridir.