«Altyn kölde» tejribelik

    Paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» çäklerinde M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Sport we bedenterbiýe institutynyň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň tejribe geçmekleri we yzygiderli nobatçylygy ýola goýlar. Olar bu ýerde döredilen dynç alyş zolagynda suwa düşmek möwsüminde howpsuzlygyň doly derejesini kesgitlenen talaplara we düzgünlere laýyklykda alyp barmak maksady bilen dörediljek halas ediş gullugynda, şeýle hem tertip-düzgüne gözegçilik etmek boýunça beýleki guramalarda we müdiriýetlerde hünär tejribeligini geçerler. Bu bolsa köle gelýän raýatlaryň wagtlaryny hoş geçirmeklerini we dynç alşyň howpsuzlygyny üpjün eder.