Tejen derýasynda täze awtomobil köprüsi

    Ýakynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Sarahs — Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadyndan Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Serhetdäki derýanyň iki tarapynda hem baýramçylyk ýagdaýy dabaralanyp, aýdym-sazlar ýaňlandy, döredijilik toparlary çykyş etdiler. Täze köpriniň umumy uzynlygy 96 metre, ini 15,1 metre barabardyr. Desga inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça halkara ülňülere kybap gelýär we agram, ýük göterijilik, awtoulaglaryň hereketiniň tizligi göz öňünde tutulyp bina edildi. Gurluşykda seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki tehniki häsiýetnamalary üpjün edýän ýokary berkligi bolan gurnamalar peýdalanyldy. Mundan başga-da, bu logistiki taslamanyň çäklerinde Tejen — Sarahs, şol sanda Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden geçip, daşary ýurtlardan gelýän uly ýük göteriji iri ulaglar üçin awtomobil ýoly gurnaldy.