«Altyn köle» barmakçy bolsaňyz...

    Paýtagtymyzyň demirgazyk künjegindäki «Altyn kölüň» kenarynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça döredilen lukmançylyk nokady zerur derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly üpjün edildi, «Tiz lukmançylyk kömegi» awtoulaglarynyň hem-de tejribeli saglygy goraýyş işgärleriniň nobatçylygy guraldy. Aýratyn bellemeli zat, bu ýerde dynç almak isleýän raýatlarymyz Talyplar saglyk öýünde, daşary ýurtly raýatlar bolsa paýtagtymyzdaky Halkara kelle we boýun keselleri bejeriş merkezinde lukmançylyk gözegçiliginden geçip bilerler hem-de 14 günüň dowamynda güýji bolan degişli kepilnamany alyp bilerler. Dynç alýanlar dynç alyş zolagynyň girelgeleriniň ikisinde Içeri işler ministrligi tarapyndan gurnalan beketlerde saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany görkezmeli bolar. Kölde suwa düşmek düzgüni ir sagat 9:00-dan 19:00-a çenli aralykda kesgitlenildi. Şeýle hem dynç alyş zolagynyň ähli çäginde zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli geçirilip durlar.