3, 7, 11 we 82: ugur «Altyn köle»

    «Türkmenawtoulaglary» agentligi «Altyn köle» jemgyýetçilik ulaglarynyň yzygiderli gatnawlaryny ýola goýdy. Olar 3, 7, 11 we 82 belgili ýolagçy awtobuslarynyň gatnaw ugurlarydyr. Halkymyza, aýratyn-da, tomus möwsüminde dynç alýanlara ýolagçy ulaglarynyň hyzmatyny ýokary derejede ýola goýmak maksady bilen döredilen bu hyzmat raýatlaryň wagtlaryny medeniýetli we hoş geçirmeklerini üpjün eder. Awtobuslaryň we taksileriň hereketleri dynç alyş zolagynyň talaplaryna we kesgitlenen tertibe laýyk ýola goýuldy.