Täze dynç alyş zolagynyň mümkinçilikleri

    «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş zolagy sagdyn durmuş ýörelgeleriniňkemala gelmegine ýardam berer.Şoňa görä, geliň, täze dynç alyş zolagynyň mümkinçilikleri bilen tanşalyň:
    — dynç almak üçin amatly bassyrmalar;
    — göwnejaý enjamlaşdyrylan çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, şeýle hem futbol, woleýbol, basketbol oýnamak üçin meýdançalar;
    — çagalaryň dynç almagy üçin niýetlenen 10 sany otag;
    — hyzmat edýän işgärler üçin ýaşaýyş otaglary;
    — saglyk nokady we «Tiz lukmançylyk kömegi» üçin bassyrmalar;
    — suwa düşmek üçin niýetlenen zolagyňgolaýynda egin-eşik çalşylýan bina;
    — tomusky suwa düşülýän möwsümde halas ediş nokady we howpsuzlyk gözegçiligi üçin iki sany gözegçilik diňi;
    — söwda nokatlary;
    — 160 ulaga niýetlenen awtoduralga;
    — tomusky çaýhanalar;
    — bag-bakjaly seýilgäh zolaklary;
    — ýörite awtobus we taksi gatnawlary.
    Bular siziň hyzmatyňyzda, mähriban watandaşlar!