Altyn etrap dörediler

    Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän kölüň keşbi tanalmaz derejede özgerdi we täze görnüşe eýe boldy. Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň çäklerinde kottejler toplumy, durmuş maksatly desgalar we suw güýmenjeleri bar. Şeýle hem bu ýerde çagalar üçin sport meýdançalary, dynç alyş otaglary, saglyk we gözegçilik nokatlary, azyk hem-de beýleki dükanlar, işgärler üçin ýaşaýyş otaglary, «Tiz lukmançylyk kömegi» ulagy hem-de dürli görnüşli awtoulaglar üçin awtoduralga we kömekçi desgalaryň ýene birnäçesi ýerleşýär.
    Hormatly Prezidentimiz toplumyň açylyş dabarasynda bu köli «Altyn köl» diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi mälim etdi hem-de bu ýerde täze etraby döredip, ony Altyn etrap diýip atlandyrmagy teklip etdi. Geljekde bu ýerdäki işgärleriň sany artar, çünki bu iri taslama sebiti ösdürmäge itergi berer hem-de uly toplum az wagtdan paýtagtymyzyň özbaşdak dolandyryş-çäk bölegine öwrüler. Bu etrapda geljekde gaýnap-joşjak ýaşaýyş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň subutnamasyna öwrüler. Häzirlikçe bolsa bu ýerde Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň şahamçasy dörediler.