Yssy howada nähili geýinmeli?

    Egin-eşik adamyň daşky görnüşini bezeýän zatlaryň biridir. Şol sebäpli adamlar özüne gelişýän, göze gelüwli görkezýän egin-eşikleri saýlap alýarlar. Egin-eşikler saýlananda, diňe owadanlygy däl, eýsem howanyň ýagdaýyny hem göz öňünde tutmaly bolýar. Şonuň üçin adamlar eşikleri möwsüme görä saýlaýarlar. Gyşyna içi sütükli, galyň, ýüňden tikilen eşikler geýilýän bolsa, ýazyna has ýeňilräkleri geýilýär. Bahar paslynda ygalyň köp ýagýandygy üçin suw geçirmeýän eşik geýilýär. Bu döwürde adamlar ýanyna saýawan almagy hem kem görenoklar. Möwsüme laýyk geýinmek, saglyk taýdan hem, jemgyýet bilen aýakdaş gitmek nukdaýnazaryndan hem gereklidir. Eýsem, yssy günlerde nähili geýinmeli?
    Aşa yssy howada daşarda gezmek maslahat berilmeýär. Süýr günortan wagty göni düşýän şöhle adamyň tenine zeper ýetirip bilýär. Şol sebäpli ýuka, ýeňli we giň eşikleriň geýilmegi maslahat berilýär. Mälim bolşy ýaly, islendik zadyň reňki onuň yza serpikdirýän şöhlesiniň reňkidir. Ýagny, ak reňk özüne düşýän hemme reňkdäki şöhleleri yzyna serpikdirýän bolsa, gara reňk ähli şöhläni özüne çekýär. Gök reňkli zat diňe gök reňkli şöhläni yzyna serpikdirip, beýleki reňkdäki şöhleleri özüne çekýär. Şonuň üçin adamlar güneşli günlerde ak we açyk reňkli eşikleri geýýärler. Bu reňkler şöhläni yzyna serpikdirýändigi üçin yssy howada geýmäge has amatly. Gyşyna gara we goýy reňkli eşikleriň saýlanmagy hem şonuň ýaly. Bu reňkler şöhläni özüne siňdirýändigi sebäpli sowuk ýa-da salkyn pasyllarda geýmek maslahat berilýär. Eger günüň yssy wagty daşarda gezmeýän bolsaňyz, islendik pasylda hem islän reňkli eşigiňizi geýip bilersiňiz. Elbetde eşigiň tikilen matasynyň görnüşiniň hem onuň gyzmagyna täsiri bar. Hünärmenler yssyda ýumşak, gyzmaýan we çygy özüne siňdirýän matalardan tikilen eşikler geýmegi maslahat berýärler. Munuň üçin pagtadan edilen egin-eşikler has amatly hasaplanýar. Emeli süýümlerden öndürilen howa geçirmeýän matalardan tikilen eşikler bolsa adam bedeni üçin ýaramsyz bolýar. Beýle eşikler howa geçirmeýänligi sebäpli has köp derledýär. Uzak aralyga ýöreýän bolsaňyz aýakgabyňyzy hem şoňa görä saýlamaly. Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goranmak üçin ýuka we ýeňil baş gap geýilmegi maslahat berilýär.