Iň peýdaly iýmitler

    Dogry iýmitlenmek adamyň saglygy üçin örän ähmiýetlidir. Iýýän zatlarymyzyň görnüşi, olaryň bişirilişi we mukdary adamyň saglygyna gönüden-göni täsir edýär. Eýsem, adam bedeni üçin iň peýdaly iýmitler haýsylarka? Hünärmenler müňden gowrak iýmitiň düzümini, onuň adam saglygyna täsirini öwrenipdirler. Şeýlelikde, bu iýmitleriň bedene näderejede zerurdygyna görä, olara baha beripdirler. Bu iýmitleriň arasynda balyklar, dürli ir-iýmişler, miwedir gök önümler bar. Iýmitiň bişirilmedik görnüşine baha beren hünärmenler olaryň ilkinji ýüzlügini mälim etdi. Bu barada Angliýanyň BBC neşiri habar berýär.
    Hünärmenler sanawyň birinji ornunda badamy goýmagy makul bilipdirler. Bu miwe peýdaly ýag turşulyklaryny özünde jemläp, ýürek-damar saglygy üçin örän ýaramly hasaplanýar. 100 gramynda 579 kaloriýa bolan iýmişiň dürli keselleriň öňüni almakda peýdalydygy bellenilýär. Sanawa deňizlerde we süýji suwlarda ýaşaýan balyklaryň dürli görnüşi girizilipdir. Şeýle hem, sanawda ir-iýmişler, miwedir gök önümler bar. Sanawda deňiz okuny, ýasy kambala, rif balygy, treska, skumbriýa, takgaz, tunes ýaly ummanlarda ýaşaýan balyklar bilen bir hatarda derýadyr köllerde ýaşaýan sazan, derýa okuny, ýylanbalyk, çortan we forel ýaly balyklar bar. Şeýle hem sanawda hoz, kädiniň çigidi, injir, zenjebil, garalynyň kişdesi ýaly ir-iýmişler iň peýdaly iýmit önümleriniň sanawyna girizilipdir. Mundan başga-da, nar, erik, mandarin, pyrtykal, ülje, banan ýaly miweler bar. Noýba, nohut, fasol ýaly kösükli ekinleriň hasyly hem saglyk üçin ýaramly hasap edilipdir. Ýaş sogan, kelem, gyzyl kelem, ysmanak, reýhan, işdäaçar ýapragy, kädi, çig pomidor, bişen pomidor, süýji gyzyl burç, käşir we batat ýaly gök otlar hem-de bakja ekinleri sanawa girizilipdir.