Hormatly ýolagçylar!

    «Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 3-nji «Awtokombinat — Täze zaman», 7-nji «Teke bazar — Awtomenzil», 11-nji «Parahat 7 — Awtomenzil» ugurlary boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini hem-de 82-nji «Gurtly — 3-nji dynç alyş zolagy» täze awtobus ugrunyň açylýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär.
    — 3-nji «Awtokombinat — 3-nji dynç alyş zolagy — «Täze zaman» ugry boýunça awtobus «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow — Magtymguly şaýollary — A.Annaýew köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — Ruhabat — Bitaraplyk — G.Kuliýew köçeleri bilen hereket edip, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, 3-nji dynç alyş zolagyna barýar we G.Kuliýew köçesi bilen hereket edip, «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyna barýar hem-de yzyna, G.Kuliýew — Bitaraplyk — Ruhabat köçeleri — Gurbansoltan eje şaýoly — A.Annaýew köçesi — Magtymguly — A.Nyýazow şaýollary — G.Kuliýew — B.Annanow köçeleri — A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna gelýär.
    — 7-nji «Teke bazar — 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklary» ugry boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Mahmyt Kaşgary — M.Kösäýew — A.Gowşudow köçeleri — Magtymguly — A.Nyýazow şaýollary — A.Berdiýew köçesi — Bitarap Türkmenistan — A.Nyýazow şaýollary — Ýeňiş — 2216-njy — Zynhary köçeleri bilen hereket edip, 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklaryna barýar hem-de yzyna, Zynhary — 2216-njy — Ýeňiş köçeleri — A.Nyýazow — Bitarap Türkmenistan şaýollary — A.Berdiýew köçesi — A.Nyýazow — Magtymguly şaýollary — A.Gowşudow köçesi bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.
    — 11-nji «Parahat — 7 — 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklary» ugry boýunça awtobus «Parahat — 7» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Garlyýew — Oguz han — B.Annanow köçeleri — Magtymguly şaýoly — Nurmuhammet Andalyp — G.Kuliýew köçeleri — A.Nyýazow şaýoly — Zynhary köçesi bilen hereket edip, 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklaryna barýar hem-de yzyna, Zynhary köçesi — A.Nyýazow şaýoly — G.Kuliýew — Nurmuhammet Andalyp köçeleri — Magtymguly şaýoly — B.Annanow — 10 ýyl Abadançylyk — A.Garlyýew köçeleri bilen hereket edip, «Parahat — 7» belleniş nokadyna gelýär. 
    — 82-nji «Gurtly — 3-nji dynç alyş zolagy» ugry boýunça awtobus «Gurtly» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Ruhabat — Bitaraplyk — G.Kuliýew köçeleri bilen hereket edip, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, 3-nji dynç alyş zolagyna barýar hem-de yzyna, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, G.Kuliýew — Bitaraplyk — Ruhabat köçeleri bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna gelýär. 
                                        Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 
                                        28-60-30, 28-60-80.