HEM SAPALY, HEM ŞYPALY

    Düýn paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» çäginde döredilen dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen ajaýyp künjekde durmuşymyzyň geljegi bolan çagalaryň hem-de uly ýaşly raýatlarymyzyň dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Biz hem bu ýerde bolup, «Altyn kölüň» açylyş dabarasyna gatnaşanlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.

    Ogulsapar BEGMYRADOWA, Aşgabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler köşgüniň medeni guramaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri:
    — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda buýsançly wakalara, şanly senelere beslenýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň sapaly tomus pasly hem kalbymyza gyzgyn mährini çaýdy. Bu gün Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň demirgazygynda «Altyn kölüň» çäginde dynç alyş maksatly binalary açyp, ulanmaga berdi. Raýatlarymyzyň abadançylygyny, adamlaryň dynç almagy üçin iň gowy şertleriň döredilmegini ugur edinýän döwlet syýasatynyň aýdyň miwesi bolan bu ajaýyp köl Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz baradaky edilýän aladanyň barha dabaralanýandygyny görkezýär.
    Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatdaky syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ilatymyzyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde «Altyn kölüň» ýanaşyk ýerleriniň abadançylygyna uly üns berlipdir. Sapaly künjekde seýilgäh zolagynyň döredilmegine uly ähmiýet berlipdir. Bu ýerdäki döredilen mümkinçilikler bilen tanşanyňda, öz halkynyň bagtyýar durmuşy, zähmet çekmegi, dynç almagy üçin uly alada edýän Arkadagly ýurtda ýaşaýandygyňa bolan buýsanjyň artýar.

    Gülälek BAÝRAMALYÝEWA, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:
    — Bu gün säher bilen hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» açylyş dabarasyna gatnaşyp, bu ýerde dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň, aýratyn hem çagalaryň dynç almaklary üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. 
    Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan tutumly işleri rowaçlyklara beslenýär. Paýtagtymyzyň golaýynda döredilen «Altyn köl» dynç alyş zolagynda dynç aljak çagalar hem-de uly ýaşly watandaşlarymyzyň sportuň woleýbol, basketbol, futbol, tennis ýaly görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ýörite sport meýdançalary hem bar. Bu bolsa sagdyn nesli kemala getirmekde döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçilikleriň biridir.
    Diňe bir çagalar däl, eýsem, ulular üçin hem ýörite meýdançalaryň, naharhanadyr dükanlaryň hereket etmegi bu ýere maşgala bolup geljekler üçin döredilen oňaýlyklaryň biri bolup durýar. 

    Perhat MERDANOW, Aşgabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň okuwçysy:
    — Her ýyl tomusky dynç alşymda hem deň-duşlarym bilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bolýaryn. Mähriban Prezidentimiz paýtagtymyza ýanaşyk ýerleşen «Altyn kölde» çagalar hem uly ýaşlylar üçin dynç almak mümkinçiligini döredip berdi. Ilkinjileriň hatarynda deň-duşlarym bilen şu ýere dynç almaga gelenime örän begenýärin. Biz bärde wagtymyzy gyzykly hem manyly geçireris. Biz, çagalara aýratyn mähir bilen garaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri ugruna bolsun!

    Allaýar BATYROW, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy:
    — Men surat dersini örän gowy görýärin. Her gün okuwa gidip-gelenimde ýolda gözüme kaklyşýan owadan görnüşleriň suratlaryny çekmekden lezzet alýaryn. Aýratynam owadan baglar, asman, pasyllaryň gözelliklerini surata geçirmegi halaýaryn. Bu ýylky tomusky dynç alşymda meniň surat depderime has üýtgeşik suratlaryň çekiljegini bilýärin. Sebäbimi? Ine, bu gün Gahryman Arkadagymyz «Altyn köli» açyp berdi. Bu ýerde çagalara hem-de uly ýaşlylara dynç almak üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýeriň tebigaty örän täsin eken. Meni aýratyn hem kölüň keşbi geň galdyrdy. Gün dogup gelýän wagty onuň şöhlesi suwuň üstüne düşüp, örän täsin gözellik döreýär. Tebigatyň şeýle täsinliklerini surat depderime geçirjekdigime örän begenýärin. 
    Biziň ýurdumyzda çagalaryň saglygy, göreldeli okamagy üçin mähriban Prezidentimiz tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär. 
    Eziz Arkadagymyzyň atalyk aladalaryna, döredýän şertlerine jogap edip, okuwymyzda üstünlikli okarys.