Türkmenistanyň Prezidenti “Altyn köl” dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

    15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady.
    Ilatyň ýokary derejeli dynç alşyna gönükdirilen nobatdaky desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ösen şypahana ulgamyny, sport we sagaldyş-dynç alyş merkezlerini döretmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüldi.
    Gysga wagtyň içinde Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän ajaýyp kölüň keşbi tanalmaz derejede özgerdi we täze görnüşe eýe boldy. Bu ýerde paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmäge niýetlenen oňyn mümkinçilikler emele geldi.
    Şanly waka mynasybetli ir bilen bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi, köp sanly ýaşlar we çagalar ýygnandylar.
    Hemmeler uly şatlyk bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz täze dynç alyş zolagynyň çägine barýar, bu zolak özboluşly abadanlaşdyrylan şäherçäni ýadyňa salýar. Bu ýerde boş wagtyňy amatly hem-de netijeli geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi.
    Bu gün bu ýerde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Hemme ýerde dürli lybasdaky çagalaryň gülküleri ýaňlanýar. Türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Ýaşajyk suratkeşler dürli reňkleriň üsti bilen bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny we dabaranyň ajaýyp pursatlaryny surata geçirdiler. Kenarda birnäçe suw welosipedleri we gaýyklar hatara goýlupdyr.
    Kölüň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlap, hormatly Prezidentimiz ýörite taýýarlanan münbere geçdi. Bu ýere hökümet agzalary we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri ýygnandylar. Şeýle hem bu ýerde täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanan taslamalar goýuldy.
    Taslamalarda kottejler toplumyndan, durmuş maksatly desgalardan ybarat bolan iri toplumyň geljekki hemmetaraplaýyn ösüşi, kölüň kenarynda işjeň dynç almak üçin özboluşly ýakymly gurşawy döretmegiň toplumlaýyn ugurlary, suw güýmenjeleri, şeýle hem bu ýerleriň ekologiýa derejesini saklamak bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapdy.
    Aşgabat şäher häkimligi, senagat-gurluşyk toplumy we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan hödürlenen meýilnamalaýyn çözgütleriň, binagärlik teklipleriniň birnäçesi hödürlenýär.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri täze dynç alyş zolagynyň açylmagy bilen gutlady we bu köli «Altyn köl» diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi mälim etdi.
    Garaşsyz ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýar. Şoňa görä-de, raýatlarymyzyň saglygyny berkidip, dynç alyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda yzygiderli alada edýäris. Täze-täze şypahanalary, sagaldyş-dynç alyş merkezlerini gurup, ulanmaga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
    Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmak boýunça hem köp işler amala aşyrylýar. Giden zolaklar bagy-bossanlyga öwrülip, tebigatymyz ýyl-ýyldan gözelleşýär. Munuň özi tutuş ýurdumyzda ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagynyň baş şertini emele getirýär diýip, milli Liderimiz belledi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň ýakasyny bezäp oturan bu kölüň kenarynda hem döwrebap dynç alyş zolagyny döretmegiň göz öňünde tutulandygyny we gysga wagtyň içinde bu ýerde köp işleriň amala aşyrylandygyny belläp, häzirki ýerine ýetirilen çäreleriň giň gerimli hem-de tutumly işleriň diňe başlangyjydygyny aýtdy. Bu ýer aşgabatlylaryň hem-de onuň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli, söýgüli mekanyna öwrüler.
    Kölüň kenarynda şäher ilatynyň, myhmanlaryň, şeýle hem çagalaryň talabalaýyk dynç almagy üçin ähli şertler döredilmelidir. Jemgyýetçilik ulaglarynyň yzygiderli gatnawlary ýola goýulmalydyr. Söwda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, saglyk nokatlarynyň we sport meýdançalarynyň işi talabalaýyk guralmalydyr. Arassaçylyk-sanitariýa talaplary berk berjaý edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
    Döwlet Baştutanymyz täze dynç alyş toplumynyň işgärlerine halkymyzyň saglygyny berkitmek, dynç alşyny talabalaýyk guramak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu köli «Altyn köl» diýip atlandyrmak hakyndaky Karara gol çekdi.
    Bu çözgüt dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berdi.
    Wise-premýer milli Liderimize kölüň ýakasynda Aşgabat şäher häkimligine, senagat-gurluşyk toplumyna, nebitgaz toplumyna hem-de hukuk goraýjy edaralara desgalary gurmak üçin ýer bölekleriniň berlendigi barada hasabat berdi.
    Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri ýaýbaňlandyryldy, suwa düşülýän zolak abadanlaşdyrylýar, dynç alyş zolagyna barýan ýollar tertibe salynýar, ýanaşyk çäklerde arassaçylyk işleri geçirilýär.
    Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan taslamalaryň hatarynda dolandyryş binalarynyň, kottejleriň, çaýhanalaryň, söwda merkezleriniň, ýaht klubunyň, myhmanhanalaryň, fitnes zallarynyň we ýapyk görnüşli howuzlaryň, restoranlaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň, sport meýdançalarynyň, açyk awtoduralgalaryň, akwaparklaryň, medeni çäre geçirilýän ýerleriň, welosipedleriň kärendesine berilýän nokadynyň we ulag sürülýän ýodanyň, seýilgähleriň, saglyk öýüniň, kenarýaka gaýyk duralgasynyň, söwda nokatlarynyň birnäçe görnüşleri bar.
    Şäheriň ýaşaýjylarynyň dynç almagy hem-de çagalaryň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin niýetlenen desgalaryň birinji tapgyrynyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz 28-nji maýda bu ýere amala aşyran iş saparynyň barşynda badalga berdi, milli Liderimiz saparyň barşynda kölüň çäklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri hem-de desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
    Häzirki wagtda çagalar üçin sport meýdançalarynyň, dynç alyş otaglarynyň saglyk we gözegçilik nokatlarynyň, azyk hem-de beýleki dükanlaryň, işgärler üçin ýaşaýyş otaglarynyň, «Tiz lukmançylyk kömegi» ulagy hem-de dürli görnüşli awtoulaglar üçin awtoduralganyň we kömekçi desgalaryň ýene birnäçesiniň gurluşyk işleri doly tamamlandy.
    Bu ýerde döredilen toplumyň ýakyn wagtda şäher ilatynyň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň, aýratyn-da, çagalaryň söýgüli künjegine öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Bu ýerde adamlar tebigatyň ýakymly gurşawyndan ruhlanyp, saglyklaryny berkiderler we beden taýdan taplanarlar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze dynç alyş zolagynyň açylmagy we onuň hereket etmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleri metbugatda beýan etmek babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşygy geçirmegi tabşyrdy.
    Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe şu günki taýýarlanan taslamalaryň esasynda kenarýakanyň ähli gurluşyklarynyň hem-de onuň desgalarynyň şekilini taýýarlamagy tabşyrdy. Olara sentýabr aýynda seretmek göz öňünde tutulýar we taslamalar tassyklanan ýagdaýynda, dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de giňeltmek hakyndaky degişli çözgüt kabul ediler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
    Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow çykyş etdi. Ol türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen bir hatarda ýurdumyzda raýatlarymyzyň oňat dynç alyp bilýän hem-de saglyklaryny berkidip bilýän şypahanalaryň we saglyk merkezleriniň bina edilýändigini belledi.
    Kölüň ekologiýa ýagdaýy we onuň suwunyň arassalyk derejesi ýokary görkezijilere eýedir hem-de kesgitlenen kada gabat gelýär diýip, ministr belledi. Kölüň kenarynda dynç alýan we saglygyny berkidýän kiçi ýaşly çagalarymyz we uly adamlar üçin zerurlyk ýüze çykanda lukmançylyk hyzmatlary ýola goýuldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döredilen lukmançylyk nokady zerur derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly üpjün edildi, «Tiz lukmançylyk kömegi» awtoulaglarynyň hem-de tejribeli saglygy goraýyş işgärleriniň nobatçylygy guraldy.
    Kölüň kenarynda dynç almak isleýän raýatlarymyz Talyplar saglyk öýünde, daşary ýurtly raýatlar bolsa paýtagtymyzdaky Halkara kelle we boýun keselleri bejeriş merkezinde lukmançylyk gözegçiliginden geçip bilerler hem-de 14 günüň dowamynda güýji bolan degişli kepilnamany alyp bilerler. Şeýle hem ministr dynç alyş zolagynyň ähli çäginde zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilendigini hem-de şeýle çäreleriň bu ýerde yzygiderli geçiriljekdigini aýtdy.
    Dynç alýanlar dynç alyş zolagynyň girelgeleriniň ikisinde Içeri işler ministrligi tarapyndan gurnalan beketlerde saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany görkezmeli bolar. Kölde suwa düşmek düzgüni ir sagat 9-dan 19-a çenli aralykda kesgitlenildi.
    Döwlet Baştutanymyz bu baradaky ähli maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, aýratyn-da, gazet-žurnallarda giňden beýan edilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
    Adamlaryň saglygyny berkitmek, çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlerde häzirki zaman usullarynyň we täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny belledi. Milli Liderimiz «Altyn kölüň» kenarynda dynç alyş zolagynyň işini saglygyny berkitmäge gelen adamlary degişli lukmançylyk gözegçiliginden geçirmek bilen utgaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
    Ýurdumyzyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow bu ýerde guralmagy meýilleşdirilýän söwda hyzmatlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmak, şunuň ýaly ýerlerde isleg bildirilýän zerur bolan azyk harytlarynyň we beýleki önümleriň giň görnüşlerini üpjün etmek boýunça taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
    Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, kölüň kenarynda dynç alýanlar üçin ýola goýulýan söwda hyzmatlarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini aýdyp, bu ugurda häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň işjeň peýdalanylmalydygyny belledi we bu babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.
    Soňra «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysy O.Suhanow haýsy belgili jemgyýetçilik ulaglarynyň «Altyn köle» yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirjekdigini habar berdi. Olar 11, 7 we 82 belgili ýolagçy awtobuslarynyň gatnaw ugurlarydyr.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza, aýratyn-da, tomus möwsüminde dynç alýanlara ýolagçy ulaglarynyň hyzmatyny ýokary derejede ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, bu işlere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
    Awtobuslaryň we taksileriň hereketleri dynç alyş zolagynyň talaplaryna we kesgitlenen tertibe laýyk ýola goýulmalydyr. Raýatlarymyzyň habarly bolmagy üçin ýolagçy awtoulaglarynyň gatnaw ugurlary bilen baglanyşykly maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidir.
    Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew bu ýerde hususy kärhanalaryň alyp barýan gurluşyk işleri, dynç alýanlara kiçi we orta işewürligiň hödürlejek hyzmatlarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekeçileriniň milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda işjeňlik görkezýändiklerini belledi. Dynç alyş zolagynda zerur durmuş maksatly binalaryň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de bellenen möhletde ulanmaga tabşyrylmagy, dynç alyş üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi möhüm talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we birnäçe görkezmeleri berdi.
    Soňra bilim ministri M.Geldinyýazow bu ýerde dynç almaga isleg bildirýän çagalara olaryň ata-eneleriniň Aşgabat şäheriniň bilim müdirliginden degişli resminamalary alyp biljekdiklerini aýtdy. Munuň özi dynç alýanlaryň sanawyny kesgitlemekde, olaryň dynç alyş zolagynda bolýan wagtlaryny anyklamakda möhüm hasaplanylýar.
    Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň dynç alyş zolagynyň umumy düzgünnamasyna we halkara işde toplanylan döwrebap tejribä laýyk ýagdaýda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi kölüň kenarynda dynç alyş möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetli bolar.
    Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew kölüň çäginde we onuň kenarýakalarynda halas ediş gullugynyň işini ýola goýmak, ýangyn howpsuzlygyny we degişli tertip-düzgüni üpjün etmek, gaýyk we beýleki suwda ýüzüş serişdelerini almak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suwa düşmek möwsüminde howpsuzlygyň doly derejesini kesgitlenen talaplara we düzgünlere laýyklykda üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady hem-de dynç alyş zolagynda halas ediş gullugynyň işini, şeýle hem tertip-düzgüne gözegçilik etmek boýunça beýleki çäreleri guramaga örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Degişli ministrlikler tarapyndan bu işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik amala aşyrylmalydyr.
    Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Sport we bedenterbiýe institutynyň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň bu ýerde tejribe geçmekleriniň, olaryň yzygiderli nobatçylygynyň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Şeýle hem milli Liderimiz «Altyn kölüň» kenarynda döredilen dynç alyş zolagynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde degişli müdiriýeti döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu düzümiň ýolbaşçy wezipesine B.Süleýmanow bellenildi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kölüň suwuny yzygiderli barlap durmagyň wajypdygyny, munuň üçin barlaghana seljermesinden geçirmek maksady bilen, her gün irden suwuň barlag nusgasyny alyp durmagyň zerurdygyny we diňe kesgitlenen ölçeglere laýyklyk derejesi tassyklanandan soňra, dynç alyş zolagyň hyzmatyndan peýdalanyp boljakdygyny nygtady.
    Şu we beýleki meselelere täze dynç alyş zolagynda döredilen gulluklaryň we bölümleriň ählisiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky iş maslahatynda garamak gerek.
    Geljekde işgärleriň sany artar, çünki bu iri taslama sebiti ösdürmäge itergi berer hem-de uly toplum az wagtdan paýtagtymyzyň özbaşdak dolandyryş – çäk bölegine öwrülip, ol Altyn etrap diýlip atlandyrylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de täze ýolbaşça öňünde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Häzirlikçe bolsa bu ýerde Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň şahamçasyny döretmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
    Toplumyň açylyş dabarasynyň resmi bölegi ýaş artistleriň gatnaşmagyndaky aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdirildi. Bagtyýar çagalaryň çykyşlary hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmäge döredilýän mümkinçilikler hem-de boş wagtlaryny şadyýan geçirmäge şertler üçin ösüp gelýän nesilleriň milli Liderimize hoşallygynyň senasy bolup ýaňlandy.
    Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş zolagynyň açylyş dabarasy mynasybetli gurnalan girelgäniň ýanyna baryp, toý bagyny kesdi. Milli Liderimiz dynç alyş zolagynyň çägine girip, onuň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşýar.
    Bu ýerde dynç almak üçin amatly bassyrmalar, göwnejaý enjamlaşdyrylan çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, futbol, woleýbol we basketbol oýnamak üçin meýdançalar ýerleşdirilipdir. Çagalaryň dynç almagy üçin otaglaryň 10-sy, hyzmat edýän işgärler üçin ýaşaýyş otaglary, saglyk nokady we «Tiz lukmançylyk kömegi» üçin bassyrmalar göz öňünde tutulypdyr.
    Suwa düşmek üçin niýetlenen zolagyň golaýynda egin-eşik çalşylýan bina gurnalypdyr. Tomusky suwa düşülýän möwsümde halas ediş nokady we howpsuzlyk gözegçiligi üçin iki sany gözegçilik diňi, söwda nokady, 160 ulag üçin awtoduralga bar.
    Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde ýerleşdirilen tomusky çaýhanalary, azyk harytlary dükanyny, kölüň kenaryndaky toplumyň 1-nji bölegindäki oýun we sport meýdançalaryny synlady. Suwda dynç alşy guramaga niýetlenen mümkinçilikler bilen tanşyp, körpeleriň suwa düşüşlerine syn etdi.
    Täze dynç alyş zolagynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan körpeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şadyýanlyk bilen mübäreklediler.
    Çagalar, olaryň abadançylygy, saglygy we sazlaşykly ösüşi hakyndaky alada milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri iň döwrebap bilimleri we tehnologiýalary ele almak, daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen özleri üçin uly dünýäni açmak, öz döredijilik zehinlerini hem-de aň-paýhas ukyplaryny amala aşyrmak, arzuw eden hünärlerini saýlamak üçin hemme mümkinçiliklere eýedir.
    Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilýän medeni-dynç alyş merkezlerinde, sport we sagaldyş toplumlarynda ösüp barýan ýaş nesilleriň öz ukyplaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikler üpjün edilýär. «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş zolagy hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegine ýardam berer.
    Ýakymly howa gurşawy, suwuň arassalygy, suwa düşülýän ýerleriň abadanlaşdyrylyşy we suwda dürli oýunlara meşgul bolmak dynç alşyň esasy şertleri bolup durýar. Şeýle hem ol şäherden uzak bolmadyk ýerde tebigatyň ajaýyplyklaryna syn etmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde hemmeler, şol sanda toparlaýyn we maşgala bolup dynç alýanlar üçin ähli zerur şertler, amatlyklar döredildi. Suwda gezelenç etmegi halaýanlar üçin motorly gaýyklar we suw welosipedleri hödürlenilýär. Olarda kölüň giňişliginde gezelenç etmek has-da ýakymly.
    Milli Liderimiz kenarýaka çäkleri gözden geçirýän wagty sport meýdançalarynyň birinde çagalaryň sportuň kenarda oýnalýan görnüşleri bilen meşgullanyşyny synlady. Çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde kölüň ýakasynda dynç alşyň abadanlaşdyrylan zolagy kimin şunuň ýaly ajaýyp sowgat üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu ýerde suwa girip çykmak hem-de kenarda pökgi oýnamak bolýar.
    Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň wagtlaryny işjeň geçirmekleri üçin döredilen şertler bilen gyzyklanyp, sportuň suwuň kenarynda oýnalýan görnüşlerini artdyrmagyň, bu ýerde sport bilen meşgullanmak bilen bir hatarda, kölde gezelenç etmek üçin döredilýän şertleriň gerimini giňeltmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş zolagynyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan 3-nji bölegine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýaşajyk artistler şadyýan aýdym-sazlar we joşgunly tanslar bilen garşyladylar. Dynç alyş zolagynyň bu böleginde ýerleşýän bassyrmalaryň, desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, bezeg aýratynlyklary hem-de dynç alşy üçin döredilen şertler bilen tanşyp, milli Liderimiz gök zolaklaryň döredilmegine we onuň ekologiýa derejesiniň saklanmagyna aýratyn ünsi çekdi.
    Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz suwuň kenarynda dynç alşy guramak, syýahatçylygy ösdürmek, şypahana işini kämilleşdirmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň we ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmekde iň kämil usullary peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.
    Bu ýerde dynç alýan çagalar döwlet Baştutanymyza goşgularyny okap berdiler hem-de dynç alyş zolagynyň özlerine ýarandygyny uly şatlyk bilen gürrüň berip, döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
    Çagalaryň şadyýan gülküleri hem-de bagtyýarlykdan uçganaklaýan gözleri ajaýyp geljegi döredýän kuwwatly döwletiň iň oňat alamatydyr. Ösüp gelýän nesilleriň saglygy, olaryň ýokary hil derejeli bilimi we mynasyp terbiýesi bolsa ertirki günümize iň netijeli maýa goýumdyr.
    Gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelerde nesil terbiýesine, ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Olar hemme beýik başlangyçlary we şöhratly işlerimizi dowam etdirip, Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmalydyrlar.
    Şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde milli Liderimiz çagalara sowgatlary gowşurdy. Olar.tüýs ýürekden çykýan alkyşlary bilen hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem bu ýerde ýaş artistleriň, akkordeonçylaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş merkezi bilen tanyşlygy tamamlap, dabara gatnaşyjylary täze ajaýyp desgalaryň açylmagy bilen gutlady we bu ýerden ugrady.
    Şeýlelikde, şäheriň dynç alyş düzüminiň üsti täze toplum — şahyrana “Altyn köl” adyna eýe bolan ajaýyp dynç alyş zolagy bilen ýetirildi. “Altyn kölüň” kenarynda oňaýly dynç alyş binýadynyň döredilmegine şeýle hem ýurdumyzyň Içeri işler ministrligi, ýangyç-energetika toplumy gatnaşýar.
    Geljekde wagtyň geçmegi bilen etrabyň we hatda şäheriň möçberine çenli giňän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kemala getirilmeginde bolşy ýaly, bu uly göwrümli durmuş ugurly taslama beýleki edaralar hem goşular. Munuň özi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, geçirilýän özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr.
    Aşgabat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň baş nyşany, halkymyzyň buýsanjy bolup durýar. Bu ýerde halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostanalyk we myhmansöýerlik ýaly gadymy milli däpleriniň beýany jemlenendir.
    Şu gün «Altyn kölde» geçirilen täze dynç alyş zolagynyň ilkinji gezek gapylaryny giňden açmak dabarasy mähriban paýtagtymyzyň ýylýazgysyna ýene bir nurana sahypany ýazdy.