«RÖWŞENIŇ» YNAMLY GADAMLARY

    Mal derilerini eýläp, ondan don taýýarlamak ýeňil-ýelpaý kesp-kär däl. Muny pederlerimiziň: «Her kişiniň işi däldir, deriden don geýmek» diýip, akyl eleginden geçirip, sünnäläp aýdan jaýdar sözleri-de tassyklaýar. Geçmişde possun, içmek, telpek we aýakgap tikýän senetçilere uly hormat goýupdyrlar. Indi döwür üýtgedi, durmuş ösdi. Innowasion, sanly tehnologiýalaryň ösen eýýamyna gadam goýduk. Hormatly Prezidentimiz kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan iş başarjaň, döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekýän işewür telekeçileri goldap, olara päk zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýär. Özleri üçin edilýän aladalardan ruhlanyp, telekeçiler gözlegli we döredijilikli iş alyp barýarlar. Indi olar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürip, ak bazarlarymyzy halkyň isleg bildirýän önümleri bilen baýlaşdyrýarlar. Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ak bugdaýly ekin meýdanyna baranda, häzirki döwürde ýurdumyzyň toplumlaýyn esasda senagatlaşdyrylmagy netijesinde milli ykdysady ösüşiň gazanylýandygyny belledi. 
    Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik yzygiderli ösdürilýär. Aýratyn-da, ýurdumyzyň dokma senagatynda ýakymly, ekologiýa taýdan amatly lybaslaryň köp görnüşleri öndürilýär. Bu babatda Mary şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Röwşen» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 
    «Maksatderi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýanynda «Röwşen» hususy kärhanasy döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynyň ilkinji günlerinde işläp başlan bu hususy kärhananyň işi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamagy esasynda uly rowaçlyklara beslenip başlady. Başarjaň telekeçi Bäşim Nurýagdyýew her bir işi döwrüň talabyna laýyk guramagyň hötdesinden gelýär. Ol ilki hususy kärhananyň işini ýola goýdy. Onda işlejek hünärmenleri, işgärleri saýlap-seçip aldy. Özüniň ýerli we daşary ýurtly kärdeşleri bilen geňeşdi, maslahat etdi. Halkymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bahasy elýeterli aýakgaplar bilen üpjün etmegiň üstünde köp işledi. Ahyrynda hem «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýleni boldy. «Röwşen» hususy kärhanasynyň iri şahly mallaryň, goýun, geçi ýaly maýda mallaryň derilerinden ýokary hilli gön taýýarlap, aýakgap tikmek baradaky maksatlary myrat tapdy. Bu günki gün kärhananyň öndürýän aýakgaplary ýurdumyzda geçginli haryda öwrüldi. Aýakgaplaryň arassa gönden tikilen, göze gelüwli, aýaga ýakymly owadan önümler bolmagy islendik müşderini hem özüne maýyl edýär. Biz «Röwşen» hususy kärhanasynyň önümleri ýerlemek boýunça hünärmeni Maksat Mämmedow bilen kärhananyň alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: 
    — «Röwşen» hususy kärhanamyz 2003-nji ýyldan bäri, uzak ýyllaryň tejribesi bilen täze, döwrebap tehnologiýalary utgaşdyryp, «Röwşen» nyşanly, dürli ölçegdäki arassa deriden, ýokary hilli we elýeterli bahadan öndürilen, berk, ykjam önümleri müşderilere hödürläp gelýär. Kärhanamyz müşderileriň islegini, talaplaryny kanagatlandyrmagy, importy azaldyp, eksporty artdyrmagy özüne maksat edinýär. Öndürilýän önümler arassa gönden taýýarlanylýar. Özümize gerekli bolan gönler «Maksatderi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimizde taýýarlanýar. Gelen çig maly şol ýerde eýläp, reňkläp, aýakgap tikmekde ulanylýan derejä getirýäris. Aýakgaplaryň daşky böleginde iri şahly mallaryň derileri ulanylýar, içki böleginde bolsa goýnuň, geçiniň derileri ulanylýar.  
    Kärhanamyzda 250-den gowrak işçi çalşyk esasynda gije-gündiz zähmet çekýär. Önümçilik bölümlerimiz daşary ýurtlaryň iň kämil, innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen. Olaryň köpüsi Italiýa, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilen enjamlar. Ýurdumyzyň çäginde 30-dan gowrak dükanymyz bar. Raýatlarymyz şol dükanlara baryp, göwün eden reňkindäki, ölçegindäki, görnüşindäki aýakgaplary alyp bilýärler. 
    Kärhanamyzda gündelik 1000 jübütden 1500 jübüde çenli aýakgap öndürilýär. Bazara gowy hilli haryt çykarmak üçin yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Kärhanamyzda erkek adamlara, zenan maşgalalara, çagalara, türgenlere niýetlenilen ýörite aýakgaplar öndürilýär. Şeýle-de buýurmalar esasynda aýakgaplary öndürmäge mümkinçiligimiz bar. Geljekde täze kärhanany gurmagy meýilleşdirýäris. Onda 2000-den gowrak işgäre iş orny dörediler. 
    Aýakgap önümçiligimizi ösdürmek üçin görnüşlerimizi, reňklerimizi, tehnologiýamyzy täzeläp durýarys. Biz häzir aýakgap önümçiliginde Italiýanyň tehnologiýalaryny ulanýarys. Şonuň üçin hem italýan, türk kärdeşlerimiz bilen ysnyşykly işläp, täzelikleri öwrenip, özleşdirip durýarys. Daşary ýurtly kärdeşlerimiz gönlerimiziň ekologiýa taýdan arassadygyny, hiliniň ýokarydygyny belleýärler. Mümkinçilikden peýdalanyp, aýakgap önümlerimizi, gönlerimizi Italiýa, Türkiýe ýaly ýurtlara-da satýarys. 
    Geljekde bil guşaklaryny, zenan maşgalalar üçin torbalary, gapjyklary öndürmek bilen harytlarymyzyň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýäris. Hormatly Prezidentimiz biz — telekeçilere halal we döredijilikli zähmet çekmäge giň ýollary açyp berýär. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işleri rowaç bolsun!